“❤️ Saýt ýene-de öz işine başlady ❤️”

Içeri gir Agza bol
M.Yurekdesh.Ru/ çatsöýerler üçin - biz bärde:)
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Garyplyk iň gorkunç ölüm ýalydyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

JESET OGRUSY. 7-nji bölüm
Premium
 афганка [off]
 16.06.2026 / 23:22
 Всё, что хочешь от жизни бери и беги

Bar umydymy úzdim dem almam barha gynlaşýar,
ömrümdäki soñky demleri alýan, ýekeje neresse çagamy görip bilmejegime haýpym gelyar, Ýakynlamy maşgalamy dostlamy hemmesine size juda soyyan diyip aydasym gelyar, göz öñimde diñe šolar.. bogulyp demi almam doly kesildi.....
Endamym titräp janym çykjak bolup urunýar... Şol pursat bir güpürti boldy. Aşakdaky agaçyñ üstine gaçyp, gapdala ýykyldym, soñra yene yzly yzyna güpürdiñ sesini eşitýän, yone toweregimde nämeler bolýany bilemok. Hydyr Ata ýaly biri gelip boýnumdaky ýüpi aýyryp kellämi aýagynyñ üstûnde goýdy. Ýuwaš ýuwaš dem alyp başladym, gözlerim täzeden açylyp başlady. Ykbal ikinji bir ömüri peşgeş berdi öýtýän. Özimi barha gowy duýup başladym. Ýene gürpüldi boldy. Soñ yene boldy. Özimi çala bilip bašlamda baş ujymda Nazar otyran eken. Elinde sapanjasy dyz cöküp meni goraýar. Ok atanda Lal oglan ýüpi taşlap gaçan bolmaly. Meniñ goltygyma girip meni bir ýanymdan meni sûýräp bašlady
"Ýör gaçaly gaçaly.. öziñ duýšyñ nahilli.. gayrat et agamjan gayrat et... " soñra yene ok atyar.. yagdayym gowlashyp ysgyna gelip bashladym. Töwerekdäki zatlara aklym aylanyardy. Nazar meni alyp gacyp baryar. Olar bolsa yene biz kowalayar.. Ýöne men Nazara ýûk bolyan arany acyp gidip bolanok, olar bizi sypdyranoklar. Ahyry mazarystanyñ gyrasyna gelip arkamyzy diwara berip otyrdyk. Demimi dürsedim.. ölen jesetler göni ûstimize gelýär Nazar olara ok atyaram welin kär edenok iclerinden gecip gityan yaly. Nazar yene gacaly gacaly diyip meni diwardan dasyna oklady özi bolsa bokjek bolanda yzyndakylar cekip aldylar oytuan arkan yykyldy.. yene mazarystanyñ icine dusdi.
Bu yerde indi gorkara zat yokdy hemme zady gozim bilen gordim bašymdan gecdi pikirlenmani diwara çyrmašdym. Seretsem jesetler Nazaryñ daşynda úýšip dur. Yone oña hic zat edenoklar hatda ellerini hem degirenoklar. Megerem olar Nazar diri gömenlerinde ölendir diyip pikir etyan bolmaly. Mãmmet aga hem shon ucin aydan bolsa gerek mazarystanda saña hic zat kar etmez diyip. 4-5 adim añyrrakdan Lal oglan eli pilli gelip pikirlenmäni Nazary urup bashlady. Aljyrap duršyma sapancamy cykaryp Lal oglana tarap atdym okym sowa gecdi. ol gacmak bilen boldy. Jesetler mana tarap gaytylar olara tarap atyan welin ok iclerinden gecip gityar. Her name bolsada laly sypdyrmayyn diyip. Jesetlerden aylanyp gacyp lalyñ yzyndan ylgap bashladym gahar gazabym çogup dur, hazir elime dûśse ony uryp hem öldirjegimi bilyan, her nace dayaw hem bolsa ýan bermezdim edil shu wagt. Iki sapar yzynda atdym, ikinjimde gorkup yere yykyldy. Golaylashyp bardym yerde yatyr. Has yakyn baramda ustume topulyp gaytdy sapancany bir gysdym ok degmeli yerine degdi. Ikinji sapar yene atdym. Arka tarapdan jesetleñ ikisi maña tarap gelyar. Olara tarap atdym olar hem gizlenmek bilen boldular hersi bir tarapa gidip gozden yitirip boldylar. Nazaryn yanyna gelsem neresse yerde ýanynda bolsa Meret agañ jesedi dur. Jeset maña tarap topulyp gaytdy ok atdym welim gozden gayyp boldy. Bular jeset dalde ruh bolmaly sebabi 3-nji sapar atan okym iclerinden gecip gityar. Nazaryñ yeke ozi galypdy. Golaýlašyp barsam Neresse agzynda gan gelip yatyr endamy bolsa sowašyp ugrapdyr, bir zatlar gurlejek bolyar yone bolanok. Eli bilen ýagyrnysyny tutyar, elini ayryp seretsem ok degen bolsa natjek. Ruhlara atan okum olardan bosh gecip Nazara degipdir. Gan akyar name bilen saklajagyny bilemok. Ol bolsa meñ elimi goyberesi gelenok. Nazar maña serede serede jan berdi, omrimde ilkinji sapar öli adam goryardim, oz elimde jan beren adam. Elimde hic zat gelenokdy Nazar gozlerini acyp gitdi.
Bu waka šunyñ bilen gutardy. Nazar shol wagt nireden geldi bu zatlar belli dal. Yone men shol gun Mahymyñ yogalan gun gunduz oba yatmana gidemde, Nazar Mazarystanda galypdy. Šonda kimdir biri Nazara bir giden suratlar beripdir. Ol suratlary ertesi gun nazaryñ jubsunde cykdy. Men nazary halas edip çukurdan cykaryp duranym, cukur gazyp duranym, we mašynyñ icinde ozimi bilmani yatyrkam çekilen suratlar... Jesetleñ we Ruhlaryñ hereket etýänini men bilen Nazardan basga goren adam yok. Bu zatlary hic kime subut edip bolmady, Meni Adam öldirmekde aýyplap tûrma basdylar. Garagulyñ we Nazaryñ ölimi meniñ boynuma galdy. Ikisi hem meniñ sapançamda jan beripdi..
Hazir ol wakadan bãri 2ýyl geçdi bu wakany ýazmagyyñ sebabi bolsa shu gun Nazaryñ 24-nji ýaš gûnidi.. Neresse õýlenip hem ýetišmedi, Meni bolsa il gözünde ganhor bolup galdym,


SOÑY

Awtor:Nowça Alyýewa


93

11

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 MG8 [off]
 20.06.2026 / 22:40

+0

Ay nahili bolday

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Meniň şansym nola deň


Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:08)

Meniň şansym nola deň


Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Meniň şansym nola deň
masterdollar (Düýn, 09:05)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...

Bagyt.


Bagyt my ýa, bagt?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Mizan (30.07.2026 / 10:39)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...

Bagyt.


Awtory Aşyr Hanow....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bagyt.
Belki (28.07.2026 / 16:55)

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...

Hudaýsyzlar 9-njy bölüm


yzyny yazarsynda...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hudaýsyzlar 9-njy bölüm
SerdarG (26.07.2026 / 13:40)

Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.


Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...

2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar


Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By We-Pro -->