Ýürekdeş sözler!
Maňa sabyr ber Allam!!!
TäzejeZehin [off]
17.06.2026 / 08:49
Agyr günler köp bolanda,
Gözlerime ýaş dolanda,
Ýagty günlerim solanda,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Ýalan sözler bagry dilse,
Ýakynlarym maňa gülse,
Gaýgy mende üstün gelse,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Ýagty günler ýene geler,
Şonda ýürek çyndan güler,
Kynçylyklar geçip gider,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Dost men diýen ýüz öwürse,
Eziz dogan ýüzbermese,
Hiç zat elimden gelmese,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Diňe saňa sygynýaryn,
Çyn ýürekden ýalbarýaryn,
Daňdanlary oýanýaryn,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Daň şapagy atar bir gün,
Kynçylyklar öter bir gün,
Agyrylar biter bir gün,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Ýalňyzlygym bagrym iýýär,
Synagdygyn köňlüm bilýär,
Bu giň jahan dar görünýär,
Maňa sabyr ber, Allahym!
Gurbanmämmet Meredow.
87 |
10 |
2 |
5 |
0 |
0 |
1 |
Teswirler:
TäzejeMG8 [off]
20.06.2026 / 22:36
+0
Temasy gowy eken
Soňky teswirler
Meniň şansym nola deň
Men bolsa hiç ýerde tanymal adam däl. Onsoň Men näme edenimde BMG guramasynyň sekretary bolup bilerin. Bu mümkin däl. Diňe amatly pursat men tara...dowamy...
Meniň şansym nola deň
Görşüňiz ýaly indiki kanditatlar tanymal wezipeli adamlar. Üstesine olaryň hemmesi diýen ýaly öz ýurtlarynda ýokary wezipeleri eýelän kanditatlar...dowamy...
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
herkim näme ekesi gelse eksin ana şondan gowysy ýok...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Küýsäpbörmän öýlemmeldä how...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
Outlier (30.07.2026 / 06:29)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Biziň ýurdumyzda pagta öndürilýar , ýöne pagtany Hytaýdan import edýänimizi bilýärdiňizmi ? Sebäbi Hytaýdan import edenimiz arzan düşýar. Ýene...dowamy...
Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Erbedem bolmapdyr. Nace yasynda sen?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni küýsedim aýazly gyşda, Ýaz bilen deñ güllemegñi isledim.
Belki (26.07.2026 / 10:12)
Belki (26.07.2026 / 10:12)
2026. Pagtaçy gyz pagta şu geýim bilen çykar
Örän owadan boldy bu işimiz. Ýöne togtamaly däl. Pagtadan girdeýji almaly. Bu barada gowy temalar açyp barýaryn. Siz hem goşylsaňyz gowy netije g...dowamy...