Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Мяхри : Это не фильм про любовь)

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

INE! ))
 Gytyndan
 Baron [off]
 06.01.2025 / 13:36
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

“Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär...”
G.Ezizow

(Halypa şahyr Kuwwat Ýazmuhammedowa bagyşlaýaryn...)


Öwüň meni, ýürek öwgi küýseýär,
Şeýle bir küýseýär, ýok çaky-çeni.
Ezizowa, Kerim aga meňzedip,
Teswir ýazmak bilen öwüň siz meni!

Maňa kän zat,
Uly bir zat gerek däl,
Goşgularma diňe “ýürek” goýuň siz:
Agzymdan geleni samyrdasamam,
Sözlerime baha berip, öwüň siz!

Öwüň meni — ähli ýaňramalary
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Öz-özüňi öwüp ýörseň elmydam,
Biraz kemakyllyk boljak ekeni.

Öwüň meni — siziň nadan guluňyz,
Soňra menden size galar şeýle paý:
Men size bahasyz serpaý ederin —
Hatda gara şaýa degmejek serpaý.


©Eziz ANNAÝEW


243

35

6

11

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 06.01.2025 / 13:42

+0

Gowy eken ýetirip dur


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 13:48) 

Sebap, nämesi gowy eken?


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 13:53) 

Baron, meň özümi öwüp akmak bolanymdan siz meni öwüň diýmegi gowy many


Öwreniji
Kesxa  (06.01.2025 / 17:32) 

Sebap, düşünmänsiň


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 17:32) 

Kesxa, näme üçin onda näme diýýä ol


Öwreniji
Kesxa  (06.01.2025 / 17:34) 

Sebap, men aýtjakdäl


Betinden
Sebap  (06.01.2025 / 17:38) 

Kesxa, bor aýdaýma hijem

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 06.01.2025 / 18:06

+0

Eziz Annaýew kim ? Göz görtele ogurlyk goşgy bolupdyr.


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 18:07) 

Gerceknazar, niresi ogurlyk?


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 18:12) 

Baron, hemme ýeri goşgyň bir sözüni üýtgedeniň bilen goşgy bolýarmy ?


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 18:13) 

Gerceknazar, ýokarsynda alnan epigrafy göreňokmy? Hemem parodiýa diýilýär muňa. Ogurlygyň "O" harpam ýok munda.


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 18:18) 

Baron,epigrafy görmesemem şahyryň goşgysy bilýärin.Parodiýa diýip özüňize aňsat zada tapypsyňyz, şahyrlaryň goşgularynyň bir sözüni üýtgedip ýazybermeli.


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 18:19) 

Gerceknazar, özümize tapamzok ony. Ata-baba bar zat. Niresi aňsat oň? Seň ýazýan zatlaň kynmy?)


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 18:29) 

Baron, ata-babalaryň haýsy tapypdyr ony ? siziň pikiriňizçe goşgyň bir sözüni üýtgedip ýazmak kynmy ? Şeýdip ýazanymdan ýazmanymam gowy görerdim.


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 18:31) 

Gerceknazar, haýsy söz üýtgedilipdir diňe? Edebiýat teoriýasyny okamadyňmy sen?


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 19:28) 

Baron, ara meni goşmasana .Öňelem aýtdym özümi ile deňemek ondan gowy boljak bolmak häsiýeti ýok mende. Paýlaşylýan mowzuklara öz pikirlerimi aýtmaga hakym bar


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 19:32) 

Gerceknazar, men seni goşamok. Pikiriňi aýtmagyň üçin edebiýat teoriýasyny okan bolmaly. Okadyňmy?


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 19:36) 

Baron, okamadym, ynjaldyňmy.


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 19:43) 

Gerceknazar, näme üçin недоволен? Men senden dogry zat soradym. Edebiýat teoriýasyny okaman, bilmän, öwrenmän, 3 uniwersiteti okan, edebiýat ylmyndan dissertasiýa goran, 9 dilde suwara gepläp, 3 dilde eser ýazyp bilýän awtory nädip tankyt edip bilýäň?


Özümiziňki
Gerceknazar  (07.01.2025 / 19:23) 

Baron, men awtory däl, goşgusyny tankyt etdim. Diýýäniň dogry bolsa nädip Kuwwat Ýazmuhammede halypam diýip bilýär.

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 06.01.2025 / 18:20

+0

Ogurlanyna görä gowja edip ýazyp bilen bolsa, ne gözel şygry kellä geýipdir.


Gytyndan
Pegas  (06.01.2025 / 18:22) 

Gerceknazar, şu awtor sen çagajykkaňam ýazýardy. Garaz, sen oň razmeri däl, Gerçeknazar. Onam, seň ýazýan zatlaryňam bilemsoň aýdýan.


Özümiziňki
Gerceknazar  (06.01.2025 / 18:26) 

Baron, şeýlede bolsa şuna oňarmandyr , beýleki ýazgylarynam okap baha beräýmesem. Şu wagta çenli hiç gabat gelmändirin.

 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 06.01.2025 / 23:52

+0

Şu goşgyny Kuwwatjanam okasa hezil etjekdä...

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  "Meñ ýűregim sowady indi gelme űşärsiñ"
 15.01.2025 / 22:19

+1

Meñ tanayan şahyrym Kuwwat Ýazmuhammedow ýaşyrak oglan bolmaly o nähili halypa bolýa ýa men ýalñyşaýdymmykam

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 16.01.2025 / 00:30

+0

Gosga dusunen seyrek ken-ay ? Halypa şahyrymyz Kuwwat "Ygrar " filmininem senaristi ken. Sol-a yamanam cykmandyr yone.


Täzeje
Gadayly  (16.01.2025 / 09:57) 

Belki, Biz tanamzoklay ony

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


http://tkmchat.x10.bz/blabax.php Chat gerek bolsa millet uysup baryberin bolmasa gezeklesip baryanhz icinde galmasan gelen adam yok diyip gityal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Boxer (Şugün, 20:30)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Berekella, gowy ýazylypdyr... Maýyplyk haty barada mende näçe diýseň gürrüň kän, ýöne käbirlerni gürrüň bersem özüm utanýan olaryň boluşyndan. Do...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Fantom (Şugün, 20:26)

Men seni hiç kime beresim gelmez.


Aslynda gosgy gowy däl eken selin terjime gowlapdyr ony...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Men seni hiç kime beresim gelmez.
Ahmal (Şugün, 19:47)

Pikirleshyas


Sen pikirince tanyslyk dostluk saytyna name ucin girilyar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Pikirleshyas
Ahmal (Şugün, 19:42)

Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?


Azat Donmez yar yar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Haýsy aýdymda wals ederdiňiz?
Ahmal (Şugün, 19:39)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Her döwüriñem edepsizi, utancsyzy, namys-arsyzy bardy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Ahmal (Şugün, 19:27)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


olary diňe öňki kitaplardan taparsyň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Melisa (Şugün, 18:45)

Ertir.ru çat barada pikirler


Teswire mowzuga degisli bolmadyk sozler yazmak bolonok...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
BAYOGUL (Şugün, 18:42)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Estagfrullah, häli-şimdi gabat gelýän, ýürek gyýyjy wakalar......... ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Orazjan (Şugün, 18:35)

Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.


Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar. Bular ýitip ýok bolup barýan duýgularyň hataryna girip ynsanyýetiň Gyzyl kitabyna girizildi....dowamy...
Erkin mowzuklar | Edep-ekram, utanç-haýa, namys-ar.
Maleficent (Şugün, 17:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика