Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Bazı insanları hayata baktığı pencereden, atmalı

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

,,Eje"
 Özümiziňki
 Arzuw [off]
 09.01.2025 / 15:47
 ,,Her nasip vaktine esirdir..."

Köpden bäri saňa hiç zat aýdamok
(Men nädip syrymy sakladym aýtman?!).
Senem meniň derdim bardyr öýdeňok,
Her gezek ýuwdunyp-ýuwdunyp gaýdýan.

Eje, sorasana gyzyň halyny,
-Neçüýn gözleň nemli, ýüzüň soluk - diý.
Elim bilen saýladyp öz ýolumy,
Ykbal geň-taň ahwallara ýolukdy.

Sendekäm özümi duýardym kemsiz,
Arzylydym gymmatbaha dür ýaly.
Ykbal duygularmy gorjalap çensiz,
Şahyr etdi seň hyýalbent durnaňy.

Bezemen kejebe däl eken durmuş,
Meňzänok iňňeden çykma kürtä-de.
Her kime bir ýoly bagş edip barmyş,
Topragy-tozy ýok alna sürtäre.

Üns bermän ýyllaryň geçip durşuna,
Yetmezimi şygyr bilen doldurýan.
Pagtadym.
Soň döndüm ergin gurşuna,
Ýakdym armanymy hiç zat galdyrman.

Indi kär etmeýär ataşam, go:ram.
Duýmaýan sowugy ýa açdygymy.
Diňe seň ýanyňda tapýaryn a:ram,
Bilýärmiň bir saňa mätäçdigimi?!

Gurbanjemal Annakowa


147

30

10

14

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 09.01.2025 / 15:49

+1

Gowy eken

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 09.01.2025 / 15:57

+0

Gowy eken 2

 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 09.01.2025 / 18:27

+0

gaty gowy

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 10.01.2025 / 02:37

+0

Plyus

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 10.01.2025 / 08:06

+0

Gowy eken 3

 Täzeje
 daliim [off]
 10.01.2025 / 09:11

+0

Gaty gowy haladm)

 Täzeje
 Marmeladka_lai [off]
 10.01.2025 / 11:58

+0

Eje, sorasana gyzyň halyny,
-Neçüýn gözleň nemli, ýüzüň soluk - diý.
Elim bilen saýladyp öz ýolumy,
Ykbal geň-taň ahwallara ýolukdy.

Su setirin gaty tasir etdi mana

 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 11.01.2025 / 16:34

+0

Gowy eken 4)

 Täzeje
 Shirin [off]
  "EJE ÝEKE GÜNJIK ÝANYMA GELÄÝ"??
 11.01.2025 / 18:19

+0

Sen aňyrda ,men bärde
Ornuň mydama törde
Senli günlerim nirde?
Har boldy-la ejemjan.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика