Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Wepa : Söýgi pula tapylmaz, köñil pula satylmaz.

Forum | IŞ we IŞGÄR | Umumy

erteki
 Täzeje
 gizem-avjisi [off]
 14.01.2025 / 21:16
 GÖÖÖRÄÄÄÝÝDÄÄÄ

gadym eyyamlarda gunleriñ bir guni entak adam zat döremänkä dinozawrlañ döwrinde yaşap geçen uçgynjyk(oddan oglan) bilen damjajygyñ(suwdan gyz) söýgüsi şeyle başlapdyr gije garañkylyk hic kim gornenok tokaylañ arasyndan bir ýaldyrdy görindi, bu uçgynjykdy ol yekelige çydap bilmän aglap-aglap gelyadi onuñ göz yaşlary edil uçgyn ýaly ýere sepilip gelýädi, uçgynjyk örän ýalñyzdy  entak çaga bolsada ejeden kakadan ýetim galypdy, ol çölleri düzleri deñizleri geçip ahyry beyil dagyñ depesine cykypdyr....dagyñ üssinde duran gaýañ kölegesinde uklap ýatan damjajyga gözi duşipdir, birdan gorkyzmaýn diýp ol bukulypdyr, damjajyk ýatyr uçgynjyk bolsa bukylyp ony synlap otyran ýerinden herhili pikir edýärdi bu gyzmyka ya oglanmyka ýa gorkynç byrzatmyka eger nägehan bolsa meni iýse näme ýa gowja akyllymyka belki meñ bilen dost bolar  ady nämekä? uçgynjyk içinj gepledip durka bir garaguş gelip damjajygy çokmaga boldy uçgynjygyñ muña gahary gelip ýañky garaguşy ýiti ody bilen ilki ýeleklerini ganatlaryny ütdi soñam damjajyk iýsin diýp ony mylaýym otda bişirdi.... damjajyk üssine garaguş topulan wagty gorkysyna bukylypdy.... guşyñ eti bişen soñ uçgynjyk daş töweregine garap damjajygy gözledi heeeeeeý nirde seeeen sesleeen heeeeý çykaý menden saña zyýan ýetmeeeez heeeeý, damjajyk bu nätanyşdan bir bada aljyrap gorksada soñy bilen oña öwrenişdi ondan howp gelmejegine doly göz ýetirensoñ uçgynjyk naýynjar sesi bilen sen meni íýmersiñ geräm? diýp gygyrdy damjajyk bu sözleri eşidip jykyr jykyr güldi birdanam bukulyp duranyny ýadyndan çykaryp uçgynjygyñ ýanyna atylyp bardy hihihihihi  men seni iýmek üçin äpet dişlem ýoga ýada seni íýmek üçin çişik garnym ýoga... uçgyngynjyk señ adyñ näme diýip öýkeli sesde sorapdyr damjajyk bolsa gûlkili damjajyk diýp jogap beripdir damjajygam uçgynjygyñ adyny sorapdyr olam uçgynjyk diýp jogap beripdir damjajyk menä 7 ýaşymda sen näçe ýaşyñda diýensoñ uçgynjyk biraz pikirlenip 8 diýpdir soñra uçgynjyk ajykmadyñmaý men muny señ uçin bişirdimä diýp hälki ütilen garaguşyñ bişen etini görkezipdir damjajyk geñ galyp men gargañ süjije grilini iýemoga uçgynjyk, meniñ bedenim suw men howa bilen iýmitlenýän gowsy sen öziñ iý sen garga bilen söweşip meni howpdan goradyñ bu nahar diñe señ ýaly batyrgaýlar ûçin diýpdir uçgynjyk bolsa a meniñ bedenim lowlap ýanýan o:t men güýç toplamak üçin daş iýýän daşlar maña ýangyç bolýa diýipdir soñam iki sany daşy kibirdedip dişläpdir  damjajyk bolsa agzyny ulydan açyp howany içine sorypdyr uçgynjyk bu pursady synlap otyran ýerinden señ ejeñ kakañ ýokmy diýpdir damjajyk bolsa göz ýaşly uçgynjyga garap aglapdyr men kiçikäm ejem bilen kakam täze jaýymyza barýaka çölde gurap buluda öwrildiler diýen badyna gygyryp aglapdyr uçgynjyk gynanyp aglama menem agladýañ meñ ejem kakamam dagda täze jaýymyzy gurýan wagtlary wulkan atylyp magmasy çogdy ana şonda magma olaryñ üssini basdy şol wagt olar eräp daşa öwrildiler innem ýeke özim gel ikimiz dos bolaly içimiz gyssa dinozawr gorkyzarys ikimiz hiç aýrylmarys bileje oýnarys bileje ýaşarys diýp damjajygy köşeşdiripdir....ýyllar geçipdir aýlar geçipdir hälki uçgynjyk inni uçgyn (20 ýaş) damjajyk bolsa damja (19 ýaş) bolupdyr, çaga doslugy bilen başlan bu ýaşlar ýetişensoñ söýgi duýgulary ikisiniñ arasyna giripdir, ýaşlaryñ  gysgajyk ömirleri bolsada ene planeta bulary aýra salypdyr asmandan ýagýan äpet äpet kametalar deñziñ düýbine gaçyp damja bilen uçgynyñ ýaşaýan öýini sil basypdyr durşy bilen suwa gark bolan uçgynyñ o:tly bedeni  sowuk suwyñ içinde sönmäge başlapdyr...demini sanap otyran ýerinden göz ýaş bolup aglap duran damjanyñ bolşyna ýüregi awap damja sen gaç başyñy halas et bahym daşlar güýçli ýagyp başlar heläk bolmakañ gaç gutyl bu dünýäde nesip etmedik bagtymyzy jennetde geçireris men saña garaşaryn sen gaç gutyl diýen soñky sözlerini tamamlamaka uçgynyñ sanalgysy dolypdyr oñ sowap barýan ýúreginiñ gyzgynyna damja özini uryp  sensiz maña bu dünýä haram allajan meñem janymy alsyn diýp uçgynyñ öçip başlan ýyly bedeniniñ gyzgynyna gurap buluda öwrilipdir....uçgynyñ bedeni bolsa hazar deñziniñ düýbinde daşa öwrilip galypdyr bu wakany synlap duran dinozawrlar bolsa köýten dagyna tarap gaçypdyrlar näçe gaçsalaram asmandan ýagýan äpet kametalar dinozawrlaryñ tohymyny gyrypdyr...her gezek hazar deñzine ýagyş ýaganda damja bilen uçgynyñ ruhlary bile tans edýärmiş bu tansa tomaşa eden balyklar balykçylara balykçylar bolsa öz ogul gyzlaryna aýdyp bu waka biziñ günlerimize çenli gelip ýetipdir......ine balalar ertekimizem şu ýerde tamam boldy....

122

20

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [17s]
  Lekum dinukum we liýe din
 15.01.2025 / 17:56

+1

duygulandyryjy ýöne gowy eken.

 Täzeje
 SeVgiLiM [off]
 08.04.2025 / 09:22

+0

guzel olmus👌❤️

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Sözler👑


gowy sözlem eken...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler👑
Sebap (Şugün, 23:50)

Sözler👑


Gözüñizdäki derdi görmedik ynsan, kalbyňyzdaky yşkyñyzy hiç haçan duymaz....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler👑
Sebap (Şugün, 23:49)

Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada


Kuwad aga sen ishinmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada
Ucgun (Şugün, 23:35)

Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada


Kosesin...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada
Ucgun (Şugün, 23:34)

Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada


Nadinay aldowcy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada
Akademik3 (Şugün, 23:17)

Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada


Mlds ustunlik!!...dowamy...
Erkin mowzuklar | Bagtly bolmak üçin bäş sany sada kada
Ucgun (Şugün, 23:17)

Khanture gitse DonKihot bara


Bbu tayda sebap sasionany yoldan uryan yaly.sasiyonanynam oz dusinjesi yokmy biri et diyse edibermeli dala 4yydan gelerin dipdra .AWTOR AZAJYK K...dowamy...
Erkin mowzuklar | Khanture gitse DonKihot bara
Ucgun (Şugün, 23:04)

Gowja gosgy ekeni


Axa sag boluñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Queen (Şugün, 21:53)

Gowja gosgy ekeni


Paskelcilik yok bu gosguda...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Akademik3 (Şugün, 21:53)

Gowja gosgy ekeni


Gou goşgy ekeni ýetirip duruñ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gowja gosgy ekeni
Queen (Şugün, 21:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика