Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Orhideya : Hiç zat gowy ýa-da erbet däldir, o bizilň pikir edişimize bagly.

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Gyzgynjak hekaýa
Premium
 Belki [off]
 Şugün, 12:39
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

AGAM! (hekaýa)

Kämahal kämahal buludyň arkasyndan kellesini çykarýan Güneşiň gözelligi gözleriňi gamaşdyrýar. Siz --ýoldan geçip barýan adamlara keýpihonluk bilen syn edýärin.Ähliňiziň gözellikleri duýup biljek ýüregiňiz bar. Düşündirip bilýänmi? Ho-ol ýerde awtobusa münmäge garaşyp duran sary saçly gyz, buzgaýmak satyn alyp duran körpejäň ajaýyp ýylgyrşy, mawy asmandaky sansyz bulutlar... Ähliňiz bulary duýýan bolmaly. Ýa ähliňiz dälmi? Içiňizde agam ýaly duýmak islemeýän, islese-de duýubilmeýäniňiz barmyka?...
Hemişe ýüregimiň aklygy bilen öwündim, öwüldim. Kimdir birine ýamanlyk ederin öýtmezdim. Asla. Onda-da süýtdeş agama. Eger ykbal diýlen zat bar bolsa men agam üçin ykbalyň şarpygy. Eger ýok bolsa... Yzyny özüňiz çaklaň, barybir aýtjaklarymdan soň bu size kyn düşmese gerek.
Agam bilen aramyz haçan-da bolsa bir wagt saz boldumyka? Özümi bilmeýän wagtlarym bolandyr bolsa-da. Ýok, ýok, edil şu wagt size ýalan sözledim. Bilelikde geçen gyzykly pursatlarymyzam dawalaşyp, "Wah, senden bir dynsam" diýen pursatlarymyzdan az bolmandy. Iki adamyň başynyň birigen ýerinde dawa-da bolaýmaly zat. Agam -- kakam ýogalanyndan soňky öýüň ýeke-täk erkek kişisi üçin durmuş kejir uýasy bolmaýanda-da ýeterlik kyndyr. Mydama şeýle pikir bilen özümi köşeşdirdim. Hiç bolmanda mälim güne çenli.
Bir hünäri öwrenip, ep-esli ele alanymdan soňam taşlap, başga bir hünäre geçýärin. Mydama özümi "açmagy" halaýan. Keşde-de şol "açyşlarymdan" diňe biri.
... Otagymda garabaşynagaý bolup, keşde edip otyrdym. Agam içeri kürsedi.
"Gapyny eliňe aldyň" diýip, hüňürdedim. "Diýýämiňem" diýmän, gapdalymda duran telefona ýapyşdy. Edähedine belet bolanym üçin, "eşegim mydama berk guşalgydy". Telefonymyň içini eleme-dörjük eder, ýitigini tapmanam, ýüzüni kürşerdip, gelen tizliginde çykyp giderdi. Ol gezek welin, ikimiziňem garaşanymyz çykmady. Telefon ýerde goýup, gitmäge hyýallanyp durka jyňňyrdady. Aňyrdan gelýän juda tanyş hemem ýakymly ses haçanam bolsa bir gün meni beýle howatyrlandyrar öýtmezdim.
-- Suraý...
Agamyň ganynyň depesine uranlygy edil rentgen şöhlesi kimin gözlerinde bildirip durdy. Heran-haçan gaharlansa nätjegini bilmän aljyrardy. Ilki telefony öçürdi, soňam täzeden bir zatlary basyşdyryp, telefony gulagyna tutdy.
-- Gaýdyp şu nomere jaň edäýseň, kelläňi goparyp eliňe bererin, düşündiňmi?
Aňyrdan ses gelmänsoň, hemlesini artdyrdy.
-- Düşündiňmi, diýýän saňa?
Aňyrdakyň telefony öçürenligini aňladýan ses geldi. Barybir agam köşeşmedi. Otagymyň içinde ikiýan zowzuldady. Ahyram telefonymy eline alyp, belgi kartymy içinden çykardy-da, gelen tizliginde çykyp gitdi.
Mydama şeýledi. Kimdir biriniň maňa zelel ýetirjegine ynansa olary töweregimden daşlaşdyrardy. Özüme hiç zat diýmezdi. Olar tanşymmy, joralarymmy, olar bilen gatnaşasym gelýämi, gelenokmy, sorap durmazdy. Her gezegem sesimi çykarman edenine kaýyl bolardym. Nätjek, otuz ýaşap barýan adamyň gylygyny üýgedip bilmejegim aý aýdyň-a. Talyp bolalym bäri hasam aladaly hörpden gopýar. Ilkiler, "Seni özüm eltjek!" diýip, paýtagta gidip, meni äkidip-getirmäge-de ýaltanmazdy. Soň ýadadymy, ýa aladasy ýetik boldumy, garaz "Özüň gidibersene" diýdi. Gitsemem gidýärdim welin, agamy soraýan gyzlardan bizar-peteňim çykardy. Hemmesi agama görünjek bolup, göz astyndan gaş kakardylar. Kiçiliginden agras ýüzli agam bolsa, olara "barmysyňam" diýmez. Belki, ýetginjeklikden eklenç başyna düşenligindendir. Kakamyň ýogalan güni ýadyma düşýär. Meni goňşy obadaky daýymlara äkidipdiler. Öýe dolananymda bolsa diňe ejem bilen agam bardy. Daýym: "Sen indi ullakan ýigit çykdyň" diýip, agamyň egnine kakypdy. Şoldur-şoldur agam "ullakan ýigitdi". Gülmez-degişmez, mydama başagaý. Ejem günde agamyň işden geljek wagtlary penjiräniň öňünde. Aýtmagyna görä, agam gaty ýadaýamyş...
...Okuwda Ahmet maňa biperwaý garady. Özüme seretdirjek bolup hatda sapak wagtlaram oturan partasyndan gözümi aýyrmadym. Ýok. "Züwwetdin oglanjyk" diýdim içimden. Agamyň ýekeje sözi bilen menden geçip otyrybermelimikä indi? Eýläme geçip, beýläme geçip, telim wagt yzymda kökenek urup, hoş söz alanyndan soňam agamyň ýeke gepinden gorkup, menden geçjek bolsa söýmelem däl eken-dä. Samsyk. Barypýatan samsyk. Dogry, ol şeýle, ýöne bolan zatlardaky agamyň täsiri...Söýen ýigdimiň durmuşymdan duýdansyz gitmeginde onuň paýam ýetik dälmidi? Ine, şonda agamyň meň çeken yzamy çekip görmegini isledim. Söýeniňden mahrum bolmagyň nämedigini goý, olam bilsin. Kellämdäki "meýilnamam" eýýäm taýýar bolupdy...
Agamyň oba mekdebimizdäki Çynar mollum bilen "hyşy-wyşysy" bar. Okuwçy wagtym-a asylam meniň bahalarym hakda gepleşmegi bahanalan bolup, häli-şindi mekdebi garawullardy. Çynar mollumy gördügem eli-aýagy saňňyldabererdi. Eýdendir, beýdendir mollumam özüne göwnedendir-dä, ejemiň agama: "Çynar jana aýt, men haçan gapy kakmaly bolsa taýýardyryn" diýenini eşdipdim. Çynar mollumyň häsiýetinde tüýs zenanlara mynasyp mylakatlylyk bar. Okuwçylaryň ýaramaz hereketlerine-de owadan gaşlaryny çytyp, "Bul-a saňa gelşenok" diýip, goýberer welin, gaýdyp erbetligiň gyrasynda görünibilseler görünsinler-dä. Çynar molluma goňşy obalardan kän gudalar gelýärdi, gelerdi. Ýöne olaryň birem mugallymymyzy göwnedibilmezdiler. Mugallymyň agamyň toý harajatlaryny toplamagyna garaşýanlygy köre hasa.
Goňşymyzyň kiçiräk synplara gatnaýan ogly Durdynyň aýlaw depderiniň arasyna agamyň ýyllykdaşym Gülöwser bilen düşen suratyny saldym. Suraty tä Çynar mollum görýänçä depderden aýyrmazlygyny eger ol suratdakylar hakda soraýsa-da, öwreden sözlerimi gaýtalamagyny telim öwre sargadym...
Ýüzünden-gözünden boragan ýagyp duran agam agşamlyk naharynda öýe geldi. Ejemiň "Näme boldy?" diýen sowalyna-da geldi-geçer jogap berip, derrew süýnmek bilen boldy. Näme bolandygyny çaklap bilýädim, içimden "ýyrş" etdim.
Çynar mollumyň toý güni tutuş oba gynandy. Şeýle mylakatly, owadan gyzy öz obalaryndan çykarandyklaryna arman etdiler. Agam şol gije öýe köwlenmedi. Ejem görgüli, näderini bilmän baý zowzuldapdy. Ertesi daň bilen "ýitigimiz" lül-gammar halda gapa geldi.
...Agam bilen Gülöwseriň durmuş guranyna eýýäm bäş ýyl boldy. Menem indi başga ojakdan girip-çykyp ýörün. Atam öýüme her baranymda Gülöwser agam bilen oňuşmaýandyklaryndan zeýrenýär. Agamyň bolsa şo-ol maňa syr bildirmän ýörşi. Ýöne saçlarynda kümüşsow tarlar bar. Onuň ýagdaýy barada soranymda ejemem Gülöwser bilen bir hörpden gopdy. Günleri bir bolsa, dawalary ikimiş. "Aýrylyşmasalar ýagşy" diýip, ejem ýüregindäkisini syzdyrýar. Bir gezeg-ä: "Wah, Çynar durmuşa çykmadyk bolanlygynda, bul oglan heniz-henizlerem gözli-başly bolmazdy" diýdi. Ejem zeýrendimi, ýa ýagdaýa şükür etdimi, bilmedim. Ýumry-ýumşak Çynar mollumyň gelnimiz bolanlygyny göz öňümde getirenimde welin özümi günäkär duýýan. Agamyň, ejemiň bolsa ýagdaýyň menden ýetendiginden habarlary ýok.
Bor-la, size bu zatlar hakda näme üçin gürrüň berýän diýseňizläň. Awtobusa mündüm ahyry. Ýolda bolsa diňe gözelliklere tomaşa etmeli. Barlygy duýmak diýlen zat şu. Ine-de awtobus horaşaja öýmüze ýetdi. Ejemi, agamy, jigilerimi baý küýsedim-ä. Ädimlerimi çaltlandyrýaryn. Öýmüziň howlusyndan girenimem şol, welin, iki çagasynyň elinden tutup, dazyrdyklap barýan Gülöwsere gabat gelýärin. Elinde-de ep-esli goş-golam. "Nirä?" diýip-diýmäkäm, "Men indi çydamok, hana agaň, hana özüň" diýip, howludan çykyp gidýär. Öýe girmäge hasam howlukýan. Bu gezekki küýseg howlukmaçlygy dälde, bilesegelijilik hemem alada-endişe howlukmaçlygy. Öýüň içi görer ýaly däl. Her zat bir ýerde akan-dökän. Sandygyň üstündäki ýorgan-düşeklere çenli ýere zyňypdyrlar. Döwlen stakanlardan, tarelkalardan galan aýna gyýçaklaram ýerde ýatyr. Şifonýeriň gapysy açyk. Eşiklerem ýere oklanypdyr. Hemme zadyň ortarasynda bolsa agam, diwara ýaplanyp, ýaşly gözleri bilen Çynar mollumyň aýnasy hemem çarçuwasy döwlen suratyny sypalap otyr...

06.08.2025 ý.


36

14

2

4

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Belki - 24 sagat vip etdi!
(Şugün, 18:29)
Teswirler:
 Täzeje
 Domen [off]
  К черту, эти правила...
 Şugün, 12:43

+0

Ozun yazdynmy?

 Täzeje
 Avtohuligan [10s]
 Şugün, 14:57

+0

Tasirli, yetirip dur yene

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Diňe sen gowy...


Bir gosgyny ozune epigraf edip aldynmy ya-ha sondan has guycli setir cykarjak bolmaly ya da onun aydyanyndan duypgoter basga zat aytmaly... yogsa...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
Belki (Şugün, 18:35)

Sorag?!?


Ne dedi ne dedi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Bumblebee (Şugün, 17:48)

Aýdym aýdyp bersene...


Bentlerini az edipsin. Yogsam erbedem dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýdym aýdyp bersene...
Zuleyha (Şugün, 17:32)

Sary gyz


Edebiyat ogrusy diyilya sular yalaka...dowamy...
Şygryýet | Sary gyz
Zuleyha (Şugün, 17:30)

..


Belki hayyrlysy shuldyr bahbit bolsun....dowamy...
Erkin mowzuklar | ..:)
rexha (Şugün, 17:18)

Sözler9


Kâwagt duýgylamy birine sakla 1 minut diýip gaçyp gidesim gelýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler9
rexha (Şugün, 16:42)

Filmler size garaşýar


Ask sadece bır a kınony goyp berayında kyn gormesenız...dowamy...
Dünýä kinosy | Filmler size garaşýar
LaDy (Şugün, 16:23)

Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!


Dowamy yokmy muñ, Soñky gelen Rahman kim bolya indi ya olam bir oynashymyka...dowamy...
Hekaýalar | Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!
Avtohuligan (Şugün, 15:50)

“OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ


Ömrüňe bereket ,Iki dünýäň abat bolsun ,Goýýan mowzuklaň gaty gowy ....dowamy...
Şygryýet | “OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ
Alek (Şugün, 15:35)

Gyzgynjak hekaýa


Tasirli, yetirip dur yene...dowamy...
Hekaýalar | Gyzgynjak hekaýa
Avtohuligan (Şugün, 14:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика