Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Чем спокойнее человек снаружи — тем больше боли у него внутри.

Forum | EDEBIÝAT | Hekaýalar

Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!
 Özümiziňki
 Khanture00 [3m]
 Şugün, 12:52
 Fe inne mea'l'usri yusran, inne mea'l'usri yusran

(Garalama wariýant)

Giçlik sagat bäşlerden soň, gapyny bir ýaş gyz bilen bir gelin kakdy. Gapy wagty bilen açylmady, bu iki sany myhman gapyň anarsynda tolgunýardylar, hamala dilegçilik etmäge gelen adamlar ýaly. Uzak wagtdan soň gapy açyldy gapyň aňarsynda örän owadan aýal peýda boldy. Ol aýalyň owadanlygyny diňe bir erkekler däl, eýsem aýallar hem görýärdi. Gapyny kakan iki sany myhman, ol aýalyň owadanlygyny görüp aňk bolup galdylar we näme üçin gelenlerini unutdylar. Gapyny açan aýal hem olara seredip azajyk geňirgendi, hamala bu gapydan hiç haçan myhman gelmeýän ýaly?

–Bize Meredaman atly adam gerekdi, –ýaş gyz birinji özüne geldi we gapyny açan aýaldan sorady. –Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?

Gapyny açan aýal öňküsünden hem beter geňirgendi we çalaja agzyny açdy, bu yşarat aýalyň gözelligne öňküden beter görk goşdy. Ýöne aýalyň sypatynda bir zatlar geňdi, bu aýal azajyk sag tarapyna gyşaryp durdy. Bu aýalyň sag elinde peşek bardy.

–Meredaman? Siz näme mekdepden geldiňizmi? –Öýüň eýesi sorady.

Bu gezek ýene ýaş gyz jogap berdi, bu jübütde ýaş gyz has ýeser görünýärdi.

–Ýok ýok, biz mekdepden däl, biz Meredamandan bir zatlar soramaga geldik, oň özüni görüp bolmazmyka?

Eli pişekli aýal myhmanlary hamala öýe girmäge çagyrýan ýaly edip, yza çekildide şeýle diýdi:

–Men Meredamanyň aýaly, men eýýäm 13 ýyl bäri ol adama hyzmat edýän, ýöne ömrümde ilkinji gezek, şu gapydan ony kimdir biriniň sorap gelenlerini görýän. Siz ol adamyň nämesi? –Şeýle sözler bilen eli peşekli öýüň eýesi hakykatdan hem bir ädim yza süýşdi we iki sany myhmany öýe çagyrdy.

Ýaş gyz bilen gelin töwereklerine garaňjaklap öýe girdiler. Öýüň eýesi darajyk karidordan olaryň öňüne düşdi we myhmanlary aşhana getirdi, stolyň başyna oturtdy. Öýüň eýesi sag aýagyna mese mälim agsaýardy. Şeýle owadan aýal we şeýle şikesli.

–Men häzir çaý goýaýyn, –öýüň eýesi aşhanada oňaýsyz gymyldap başlady.

–Ýok ýok, hökman däl, –ýaş gyz ýene seslendi. Oň ýoldaşy gelin bolsa, entek sesini çykarmandy. –Biz diňe Meredamany görsek bolýar.

Öýüň eýesi çalaja hümlendi we barybyr bir çäýnek suwy oduň üstünde goýup iki myhmany garşysyna geçip olara öz owadan gözlerini dikdi.

–Sen gyz meň ýoldaşymy tanamaga hakyň ýok, ol seň deň duşyň däl. Elbetde sen mekdebiň ýa-da bir kitaphanaň işgäri däl bolsaň? Sen welin aýal dogan meň ýoldaşymyň bir zatlary bolmaga hakyň bar? –Şeýle sözler bilen eli pişekli aýal garşysynda oturan geline ýüzlendi.

–Men sizin ýoldaşyňyzy tanamok, gelin tisginip diýen ýaly jogap berdi.

–Siziň adynyz näme? –Öýüň eýesi sorady.

–Men Jeren, –gelin jogap berdi.

–Men bolsa Maral, –ýaş gyz çalaja ýylgyrjak boldy we soňundan goşdy: –Biz Meredaman bilen gürrüňdeş boljakdyk.

–Meň ýoldaşymyň ady Meredaman däl, –Öýüň eýesi Maral atly gyzyň sözüni böldi.

–O nähili däl? –Jeren atly gelin geň galdy.

–Görýäňizmi ýagdaý nähili, meň ýoldaşyma çaga wagty şol ady dakjak bolupdyrlar, ýöne näme üçindir dakmandyrlar. Indem siz gelip Meredaman şu ýerde ýaşaýamy diýip soraýaňyz. –Öýüň eýesi geňirgenip gezekli gezegine iki sany myhmana seretdi. –Siz oň nämesi bolýanyňyzy entegem maňa aýtmadynyz.

Gürrüňdeşligiň çykgynsyz bir öwrüme sowulanyny aňan Maral atly ýaş gyz, sumkasyndan bir ýerden köne žurnaly çykardy we sahypalaryny agdaryp bir ýerlerde saklandy we stoluň üstünde goýdy.

–Bu näme? –Öýüň eýesi sorady.

–Bu Meredamanyn ýazgylary, –Maral jogap berdi.

Öýüň eýesi köne žurnaly eline aldy we ondaky ýazgyny az salymlyk synlady we şeýle diýdi:

–Bu žurnalda ýazylan zady soňyna çenli okamaga mende isleg ýok. Siz gowsy gönümel aýdyň, size näme gerek? –Öýüň eýesi şeýle sözler bilen žurnaly stoluň üstünde goýdy.

Özini Jeren diýip tanadan gelin, özüni Maral diýip tanadan gyza soragly bakdy we «sen düşündiräý» diýen ýaly edip yşarat etdi. Maral yşarata düşündi we ýuwaşlykdan ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga başlady:

–Bilýäňizmi näme gelineje? –Maral öýüň eýesine ýüzlendi.

–Ýok, maňa beýle ýüzlenme. Meň adym Senem, gowsy adymy tutup ýüzlen. –Öýüň eýesi Maralyň sözlerini böldi.

–Bolýa, –diýdi Maral we başlady. –Şeýle bir ýagdaý bar Senem. Şu žurnalda ýazylan ýazgylar, Meredaman atly adamyň ýazan ýazgylary, nähili täsin bolsada, Jereniň başynda bolup geçýär.

–O nähili bolup geçýär? –Senem sorady

–Size nädip düşündireýin? –Maral sägindi. –Meredamanyň şu žurnalyň dürli sanlarynda dürli ýyllarda ýazan dürli ýazgylary, şu gyzyň başyndan geçdi. Hamala Meredaman nämäň boljagyny öňünden bilen ýaly? Ýa-da öz ýazgylary bilen ähli zat şeýle bolar ýaly eden ýaly?

–A siz bilen näme bolup geçdi? –Senem gözlerini garşysyndaky geline dikdi.

–Iň birinji ýazgyda Meredaman bir gelin barada ýazýar we ol gelniň Nebitdaga durmuşa çykanlygyny aýdaýar, son ol gelniň birinji çagajygy ýogalýar, soň ol aýrylyşyp ýene atasy öýüne dolanýar. Žurnalda ýazylan zatlar, nokatma nokat Jereniň durmuşy bilen gabat gelýär.

Jereniň deregine Maral jogap berdi, Jeren bolsa gözlerini ýaşardyp boşluga seredip oturdy. Öýüň eýesi bolsa žurnaly täzeden eline aldy we ony has ünsli okady.

–Nebitdag Nebitdag, bäh, –diýýär Senem. –Ýene gargyş siňen Nebitdag. Meň ýoldaşym şu wagt Nebitdagda.

–Meredaman Nebitdagdamy? –Jeren sorady.

–Hawa, oňa Meredaman diýmegiňizi bes ediň, oň ady başga, ýöne ol nädip žurnalda şol at bilen çapa çykýar, men düşünemok? Bolýa, zyýany ýok. Size meň ýoldaşym nämä derkar boldy?

–Düşünýäňizmi? –Ýene hemişeki ýaly Maral gürrüňe başlady. –Siziň ýoldaşyňyzyň şu žurnalyň redaksyýasyna täze ýazgy ugradypdyr, ol ýazgy žurnalyň indiki sanlaryna çykmaly, onsoň şol ýazgyda siziň ýoldaşyňyz bir aýalyň gyzjagazynyň ýogalşy barada gürrüň beripdir. Biz ol ýazgyny entek çapa çykmaka okap gördük, ýöne haýyşt edýän, nädip okadyňyz diýip soramaň. –Maral gynançly ýylgyryp dowam etdi. Eger şol ýazgy çapa çykaýsa, Jereniň gyzjagazy ýogalmaly bolýar.

Öýüň eýesi eşden zadyna entek hiç zat diýmändi, ol aýalyň näme pikir edýänini ýüzünden aňmak kyn düşýärdi. Edil şol wagt çäýnek hem gaýnapdy, onsoň öýüň eýesi pişegine daýanyp ýerinden turdy we çaý demledi.

–Siz näme üçin žurnalyň redaktorna şol ýazgyny çapa berme diýip haýyşt edip görmediňiz? –Öýüň eýesi sorady.

Ýaş gyz Maral bolsa hamala gorkýan ýalydy, oýüň eýesi olaryň birje sözine hem ynanman, olary gapa çykaryp göýberjek ýaly.

–Redaktor biziň diýenmizi etmeýär, –Maral gürledi, –ýöne ol siziň ýoldaşyňyzyň diýenini hökman eder. Eger redaktor siziň ýoldaşyňyza başga at familýa bilen çapa çykmaga ýol berýän bolsa, diýmek olar örän gowy dostlar bolmaly?

–Meň ýoldaşymyň žurnalda ýa-da gazetde bir ýerde çapa çykýanyny men bilemok, ýöne oň bu kitap okaýşy bilen siziň diýýäniňiz dogry bolmagy ähtimal? Ýöne meň ýoldaşymyň hiç hili dos ýary ýok. Siz meň ýoldaşym barada bir zatlar bilýän bolaýmaň diýip men sizi gapydan saldym.

Öýüň eýesiniň soňky sözleri Maral bilen Jereni geň galdyrdy. «Siz meň ýoldaşym barada bir zatlar bilýän bolaýmaň diýip men sizi gapydan saldym»

–Siz şu wagt ýoldaşyňyzyň nirededigini bileňžokmy? –Bu gezek Jeren sorady.

–Ýok, bilýän, ol bu wagt Nebitdagda.

–Onda siz öz ýoldaşyňyz barada näme bilenzok? –Maral sorady.

–Hiç zat bilemok, –Senem jogap berdi. Oň bilen 13 ýyl ýaşasamda, hiç zat bilemok. Ine siz gelip ol žurnalda çapa çykýar diýýäňiz, bu hem meň üçin täzelik. Ýogsada siz meň ýaşaýan ýerimi nirden bildiňiz? –Senem başda bermeli soragy diňe şu wagt berdi.

–Žurnalyň redaksiýasyndan gizlinlik bilen bildik, ýöne sizden ullakan haýyşt, öz ýoldaşyňyza hiç zat aýtmaň. Redaksyýa oň salgysyny paýlap ýör diýip ol gaharlanaýmasyn. Biz siziň ýoldaşyňyzdan ýekeje zady haýyşt etjek bolýas, ol hem iň soňky ugradan ýazgysynyň çapa çykmazlygy. –Maral sözlerini şeýle jemledi.

–Meň ýoldaşymyn ýazgysy çapa çyksa sizin gyzjagazyňyz ýogalmalymy? –Senem, garşysyndaky geline öz owadan gözleri bilen bakdy. –Men bolsa ol adam diňe meň durmuşymy ýakandyr diýip pikir edýärdim? Eýsem siz meň ýoldaşym bilen nirelerde kesişip ýörsüňiz? Siz gyzjagazy meň ýoldaşymdan doguran dälsiňizä?

–Ýok ýok, men öz ärimden dogurdym, entek nikada wagtym, –Jeren howlukmaç jogap berdi.

–Bäh, –diýdi Senem. Men ol adamyň ýesiri, şu diwarlary hiç ýerik taşlap gidip bilemok, ýöne siz nädip meň ýoldaşyma sataşdyňyz, men bilemok? Eger siz oň durmuşynda bir rol oýnamaýan bolsaňyz, ol size zyýan ýetirmezdi. –Siz aýdyň, näçe ýaşynyzda we haýsy mekdepde okadyňyz we nirede ýaşaýaňyz?

Jeren öz terjimehalyny gysgaça gürrüňberdi we dymdy.

–Hiç zat gabat gelenok, –diýdi öýüň eýesi we üç sany käsäni çaýdan doldurdy.

–Ol sizin durmuşuňyzy nädip, nädip, nädip? –Maral sorasy geldi, ýöne sypaýy sözleri tapmady.

–Nädip ýakdy? –Öýüň eýesi ajy ýylgyryp Maralyň aýdyp bilmeýän sözlerini jemledi.

–Hawa, eger gizlin syr bolmasa?

–Gizlin syrlygyna gizlin syr welin, ýöne siz meň ýoldaşym barada menden köp bilýän bolup çykdyňyz öýdýän? Şonuň üçin siziň habarmyza derek menden hem habar. –Şeçle sözler bilen öýüň eýesi az salym dumdy we ol aýalyň gözleri çalaja ýylpyldady, hamala gözlerine çaş aýlanan ýaly? –Men ol adama 13 ýyl hyzmat etsem hem, oň žurnalda çapa çykýanyny bilemokdym. Ýöne men azajyk oýlanan bolsam, şeýle zadyň bolup biljegini öňünden aňmalydym. Men aslynda köp zady aňmalydym, ony ilkinji gezek göremde aňmalydym, ýöne Hudaý meň gözlerimi gapan bolmalyda?

Öýüň eýesi Senem dowam etdi we oň ýüziniň nury öçdi. Bu aýal dogrydan hem diýseň owadandy, dünýede hiç bir erkegi biparh goýjak däldi. Ýöne ganatlary gyrylan guş ýaly, hiç ýerik uçup bilmän otyrdy.

–Men 22 ýaşamda öýe gudaçylyga ýat ýerlerden bir aýal geldi we meň oglum siziň gyzyňyzy gowy görüpdir diýdi. Şol gün ol aýal hamala oglunyň sözünden çykyp bilmän, bi-alaç gelen aýal ýalydy. Meň ejem näme üçindir ol aýala ynandy we oň ogly bilen meni duşuşmaga ugratdy. Şonda men ejeme duşuşmaga gitmäýin diýip diýseň kän ýalbardym, ýöne ejem barybir meni yrdy. Biz meň geljeki ýoldaşym bilen şäheriň seýilgähleriniň birinde duşuşdyk. Ol adaty oglandy, maňa hiç hili mynasyp däldi, men bolsa örän owadan gyzdym. Duşuşyga barynçam 100 oglanyň ýüregini ýolda weýran etdim öýdýän?

–Siz şu wagt hem örän owadan, –Maral ýylgyryp öýüň eýesiniň sözini böldi.

–Hawa, sag bol, –diýdi öýüň eýesi we dowam etdi. –Siz meni nirde gördüňiz we näme üçin ejeňizi ugratdynyz diýip men şonda geljekgi ýoldaşymdan sorapdym. Ol bolsa men seni deňizde gördüm diýdi, men şonda oň sözleriniň üstünden gülüpdim. Deňizde iň soňky gezek men 15 ýaşymda bolup görenim, soň ýadyma düşdi. Men ol oglany gören badyma halamadym. Ejeme gelip bolşy ýaly hem aýtdym, şol wagt meň başga halaşýan oglanym bardy we men şol oglana durmuşa çykmak isleýärdim, ýöne ähli zat ters boldy. –Sen meň iki dünýede hem aýalym bolarsyň diýipdi meň ýoldaşym, men ol sözleriň manysyna örän giç düşündim. Meň hakyky söýgülim bize ejesini ugratdy we meňkiler razy boldular, toýuň sähedi alyndy, öýe eýýäm myhmanlar gelip başlapdy, emma ol oglana durmuşa çykmak meň maňlaýymda ýokdy. Meň barmaly oglanym toýa 3 gün galanda bir gyzy zorlapdy we şol gyza öýlenmese tussaglyga gitmeli bolup durdy. Oglanyň özi men hiç kimi zorlamok diýip ant içýärdi, ýöne eýýäm hiç zatdan peýda ýokdy. Ol meň deregime şol gyza öýlendi, meni bolsa ahy-zar heläk etdi. Onsoň bir ýerlerden ýene şol oglan peýda boldy, meň şu wagtky ýoldaşym. Ejem meni şol oglana durmuşa çyksaň gowy bor diýip yrdy. Şeýdip meň toýum bir hepde soň tutuldy we men şu wagtky oglana durmuşa çykdym. Toý güniň ertesi men öz ýoldaşym bilen aýratyn ýaşap başladym. Men ony düýp göter tanamokdym we şu wagt hem tanamok. Ol meni şu öýe getirdi we indi sen iki dünýe meňki diýdi. Men bolsa öz ykbalymdan razy däldim. Men ýaly gyz, şeýle oglanyň taýy däldi, ýöne görüp otursam ähli zat tersine eken. Durmuşa çykanyma bir ýyl bolman, men öňki halaşan oglanym bilen aragatnaşyga çykdym. Oňa özümi bagş etjekdim, ýöne hiç zat başa barmady. Biz ikimiz duşuşdyk we wagtymyzy bile geçirmek üçin ýeriň gözlegine çykdyk, şonda men biwepalyk etmekden birje ädim bärdedim. Ýöne başa barmady, ýolda awtoheläkçilige uçradyk we men şondan soň maýyp boldum. Göwrämde çagaň bardygy hem şonda aýan boldy. Sag aýagymy lukmanlar zordan ýygnadylar men şondan bäri elim pişeksiz ýöräp bilemok. –Men saňa aýtdyma sen maňa 2 dünýede hyzmat etmeli diýip, –meň ýoldaşym şonda ýylgyrypdy. Ol hemme zady bilýärdi, meň nirä barýanymy, näme üçin barýanymy, ýöne maňa ýekejede egri söz aýtmandy. Şol awto heläkçilikde meň halaşýan oglanym ýogalypdy. Men bolsa eje bolmak ukybyny ýitirdim. Öz ýoldaşymy öler ýaly ýigrendim, her gün oň ölümini diläp başladym. Ol bolsa meň bilen ünsi ýokdy, ol gije gündüz öz kitaphanasyndady. Oň şu öýde aýratyn kitap okaýan otagy bar, ol şol otagdan daşyna çykanok. Ol mekdepde mugallym bolup işleýär, irden gidýär we günortana öýe dolanyp gelýär. Men ýaly gyzyň oň gapdalynda saralyp solup barýanyndan habary ýok. Ol hamala meň üçin ýat adam ýaly? Men ýoldaşymyň özini alyp barşyna düşünmän gaýnymdan soradym. Gaýnym bolsa maňa örän geň jogap berdi. Meň ýoldaşym entek 10 ýaşynda wagty, orta mekdepden gimnaziýa pisintli mekdebe geçipdir we diňe hepdede bir gün öýe ýatmaga gelipdir. Oň şeýle mekdepde nähili terbiýe alandygyndan meň gaýnymyň hiçhili habary ýok eken. Ol mekdebi tamamlapdyr, soň ýokary okuw jaýa okuwa giripdir, onda hem öýde ýaşamandyr, soň meň ýoldaşyma eje diňe maňa gudaçylyga gitmeli wagty gerek bolupdyr. Meni alnyndan soň hem ol oglan ýene hiç ýerde ýok. Meň gaýnym öz ogly barada hiç zat bilmeýänini boýun alýar we gelin men näme edeýin diýýär. Meň bolsa kölege ýaly ýaşamaga kanagadym ýokdy, men ýaşdym we owadandym. Ýoldaşymdan ar almak üçin özüme oýnaş gözläp başladym, ýöne başa barmady. Ol meni indi öýden hiç ýerik göýberenokdy. Ýöne günleriň birinde bir gowy hadysa bolup geçdi. Meň ýoldaşymy çöldäki mekdepleriň birine bir ýyllyk işlemäge ugratdylar. Oň giden obasynyň ady Kirpilidi öýdýän? Ol oba garagumyň içinde bolany sebäpli ol ýerik gatnaw kyndy. Meň ýoldaşym ol ýerik gidýänine diýseň begendi, ýöne ol meni ýany bilen alyp gidesi gelmedi, men bolsa şonça şatşym. Ol haçan gelerkä diýip garaşyp oturjak däldim. Öý boşan badyna özüme diýseň çalt dost tapyndym we oglany öýe çagyrdym. Meň bir aýagym şikesli bolany bilen hem sypatym diýseň owadandy we maňa ýok diýip bilejek oglan ýokdy. Ýöne oglan bilen iki çäk galyp, iň jogapkärli wagt ähli geýimlerimi çykaramda, meň ennamymda şeýle bir ýakymsyz ys peýda bolýardy we oglanlaryn şol bada höwesi gaçýardy. Ýöne ýeke özüm wagtym mende hiç hili ys ýok. Ýakymsyz ys diňe men biwepalyk etjek bolýan wagtym peýda bolýar. Menden gaçyp giden 10-a golaý oglandan soň men düşündim, ähli zada düşündim. Men dogrydan hem öz ýoldaşymyň iki dünýe aýaly we ondan başga hiç kime hyzmat edip bilmeýän. Men ol adamyň ýesirliginde. Ýöne men barybir basylasym gelenokdy, men ýaly owadan aýal, şeýle adamyň aýaly bolup biljek däldi, men şäheriň iň owadan gyzydym, ony meň ýoldaşym hem bir näçe gezek aýdypdy. Ýoldaşymyň ýoklugyndan peýdalanyp, men oň suratyny elime alyp gara mollalara aýlanyp başladym. Men ol adama öler ýaly zyýan ýetiresim gelýärdi, öň kösenip ýatanyny isleýärdim, mollalaryň ýanynda bolsa meni ärim urup maýyp etdi diýip aglaýardym, oňa çäre görüp beriň diýýärdim. Ýöne ony hem hiç bir molla başarmady. Bir molla bolsa meň dyzyma eline goýdy we meň ennamym şol bada edil zibilhana ýaly jogap berdi. Ýakymsyz ys otagy doldyrdy, molla burnyny gysyp penjiräni açmaga durdy. Men gaýdyp ol mollaň ýanyna barmadym, ýöne ol mollany öküz süsüp maýyp edipdir diýip bir ýerlerden eşitdim. –Seň endamynda möhür bar diýdi bir palçy gelin maňa. Sen orän seresap bol, saňa ýoldaşyň öz möhürni goýupdyr we ol senden öz möhürni aýyrmasa, sen birje ädim hem çepe ädip bilmeýäň. –Ol möhüri nädip aýyrmaly? –Soradym men? –Aýyryp neme etjek? –Diýdi palçy aýal. Seň möhürüň mende bolaýma.

Wagtyň geçmegi bilen men nämäň nämedigine ýuwaş ýuwaşdan düşünip başladym we öz ykbalymy kaýyllyk bilen kabul etdim. Men ol oglana hyzmat etmeli, mende başga çykalga ýok. Ol kitap okamaly, dünýäni öwrenmeli, haçanda kitaplaryndan ýadanda we öýüň bir burçuna bakanda, öň gözleri şäheriň iň owadan gyzyna kaklyşmaly.

–Siz ondan aýrylyşyp gitjek bolup görmediňizmi? –Jeren öýün eýesine sorag berdi.

–Synanşdymla, ýöne men indi nirä gideýin? Ata öýümde indi öňki gyz wagtymdaky ýaly ýerim ýok. Ol ýerde uzak eglensem hem endam janym gijeläp başlaýar, gijelerine gara basýar we iň soňunda ýene şu oglana dolanyp gelmeli bolýan.

–Ýoldaşyňyz sizi söýýärmi? –Maral hamala häliden bäri aýdyp bilmeýän soragyny berdi.

–Nähili aýdaýyn, –Senem azajyk oýa batdy. –Häzir biziň aramyzda meň ýoldaşym bolan bolsa we biziň daşymyzdan başga bir adam synlap duran bolsa, biziň haýsy birimiz oň aýalydygymyzy bilip bilmezdi. Ol özüni mydama bitarap alyp barýar. Hiç haçan mähirli sözler aýdanok, meň bilen hojalyga degişli gürrüňlerden başga artykmaç gürrüňler edenok. Oň dos ýary ýok, garyndaşlar üçin bir eýýäm ölen adam. Toýa we ýasa gatnaşanok. Oň ýakyn garyndaşlary meni görüp, sen ýaly owadan gyz, nädip şeýle oglana baryp bildi diýip soraýarlar, men bolsa özüm haýran, ykbalymyň nädip şeýle tarapa öwrülenine? Eger Hudaý maňa birje çaga beren bolsa men gynanmazdym, ýöne meň ykbalym örän ters tarapa öwrüldi. Meň indi ykbalym haçan ol oglan öýüne dolanarka diýip garaşyp oturmak. Ol oglanyň öýi baradada hiç kime hiç zat aýan däl. Meň gaýnym şu meň ýaşap oturan öýümiň nireden peýda bolanyny bilenok. Meň ýoldaşym 20 ýaşap şu öýi özi satyn alypdyr.

–Ol haçan Nebitdagdan yzyna dolanmaly? –Bu gezek Jeren sorady.

–Men bilemok, dolanasy gelen güni dolanarda. –Senem jogap berdi.

–Siziň ýoldaşyňyzyn okaýan kitaplaryny görsek bolýamy? –Maral ýylgyryp sorady.

–Ýok, ýok, –diýdi öýüň eýesi, –beýle hereketler meň ýoldaşyma ýarar öýdemok. Onsoňam ol maňa gahary gelen wagty men sag aýagym ysman galýar we men ýerimden hem galyp bilemok. Men hiçle, men eýýäm 13 ýyl bäri bu adama öwrenşdim, ýöne siz nädip beýle hala uçradyňyz? Dogrymy aýtsam men sizi ýoldaşymyň klasdaşy ýady kursdaşy bolaýmaň diýip gapydan saldym. Öz ýoldaşymyň entek ýaş çaga wagty nähili adam bolandygyny bilesim geldi. Siz welin meni öňkiden beter bulaşdyrdyňyz. Siziň sözlerňozden men ýoldaşymyň bir zatlar ýazýandygyny bildim we ol öz ýazgylary bilen adamlary betbagt edip bilýänini bildim. Men entek maýyp aýak bilen ýeňil sypana meňzeýän, ,–Senem ajy ýylgyrdy.

Stoluň üstünde bolsa bir eýýäm çaý sowapdy ondan mihmanlardan hiç kim birjede owurt hem içmändi.

–Hawa, diýdi Jeren, –siziň ykbalyňyz hem öwerlik däl, ýöne siz maňa hökman kömek edäýmeli, siziň ýoldaşyňyzyn näme üçin Nebitdaga gidenini bilip bolanokmy?

–Ol maňa öz pikirlerini aýdanok, ol meň bilen maslahatlaşanok, men ondan hiç zat sorap bilemok. Ýöne ol awgust aýynda işe çykmaly, belki ol Nebitdaga dinç almaga gidendir, belkide ol ýerde ikinji aýaly bardyr, men bilemok, –Senem jogap berdi.

–Ikinji aýaly bardyr? –Maral geň galyp sorady. Siz öz ýoldaşyňyz barada şeýle arkaýyn pikir ýöredip bilýänizmi?

–Hawa, diýdi öýüň eýesi, men oňa indi çaga doguryp bilemok, belki oň eýýäm başga aýallardan çagasy bardyr? Meň maýyp bolanym bilen, oň durmuşy tamamlanmaly diýen zat ýoga.

–Men Nebitdaga durmuşa çykypdym, –birden Jeren seslendi. –Şoň ýoldaşym bilen aýrylyşyp Aşgabada dolandym.

–Men aýdýana, –diýdi öýüň eýesi, –sizi meň ýoldaşym bilen bir zatlar baglanşdyrýan bolaýmaly?

Senem sözüni jemläp ýetişmäkä gapyda gulpuň sesi eşdildi we biri öýe ätledi. Senemin gözlerinde uçgunjyklar peýda boldy, ol aýal kiçijek çaga ýaly ýylgyrdy we pişegini unudyp gapa tarap agsady, ýykylmaz ýaly bolsa karidoryň diwarlaryna söýendi. Karidoryň jümmüşinde öpüşýän adamlaryň sesleri eşdildi. Aşhanada oturan 2 gyz özlerini oňaýsyz duýmalydylar, hakykatda bolsa olaryň özlerini nähili duýany hiç kime belli däl.

–Rahman dur, öýde myhmanlar bar, –diýdi Senem. Şeýle sözlerden soň Senemin aýaklary ýene ýere degdi.

03.08.2025 ý
©Rahman Zulfikarow


47

16

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Gulmahrem [off]
 Şugün, 13:32

+0

Hekaýanyň soňunyň nerijesini okyja goýýan häsiýerli hekalary okanyma ökünýändä.


Özümiziňki
Khanture00  (Şugün, 13:43) 

Gulmahrem, gowa, menä halaýan. Käbir kinolardada bolýa şeýle stil. Dowamy bar... diýdirýän duýgy berýä


Gerekli
Gulmahrem  (Şugün, 13:51) 

Khanture00, hawa, oýlandyyrýan hadyslarda. Sag boluň ýetireniňize

 Täzeje
 Avtohuligan [off]
 Şugün, 15:50

+0

Dowamy yokmy muñ, Soñky gelen Rahman kim bolya indi ya olam bir oynashymyka


Özümiziňki
Khanture00  (Şugün, 16:13) 

Avtohuligan, Meredaman şol.


Täzeje
Avtohuligan  (Şugün, 17:20) 

Khanture00, ha dushundim

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Diňe sen gowy...


Bir gosgyny ozune epigraf edip aldynmy ya-ha sondan has guycli setir cykarjak bolmaly ya da onun aydyanyndan duypgoter basga zat aytmaly... yogsa...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
Belki (Şugün, 18:35)

Sorag?!?


Ne dedi ne dedi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Bumblebee (Şugün, 17:48)

Aýdym aýdyp bersene...


Bentlerini az edipsin. Yogsam erbedem dal...dowamy...
Erkin mowzuklar | Aýdym aýdyp bersene...
Zuleyha (Şugün, 17:32)

Sary gyz


Edebiyat ogrusy diyilya sular yalaka...dowamy...
Şygryýet | Sary gyz
Zuleyha (Şugün, 17:30)

..


Belki hayyrlysy shuldyr bahbit bolsun....dowamy...
Erkin mowzuklar | ..:)
rexha (Şugün, 17:18)

Sözler9


Kâwagt duýgylamy birine sakla 1 minut diýip gaçyp gidesim gelýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Sözler9
rexha (Şugün, 16:42)

Filmler size garaşýar


Ask sadece bır a kınony goyp berayında kyn gormesenız...dowamy...
Dünýä kinosy | Filmler size garaşýar
LaDy (Şugün, 16:23)

Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!


Dowamy yokmy muñ, Soñky gelen Rahman kim bolya indi ya olam bir oynashymyka...dowamy...
Hekaýalar | Ýazyjylar bilen iş çalyşmaň!
Avtohuligan (Şugün, 15:50)

“OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ


Ömrüňe bereket ,Iki dünýäň abat bolsun ,Goýýan mowzuklaň gaty gowy ....dowamy...
Şygryýet | “OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ
Alek (Şugün, 15:35)

Gyzgynjak hekaýa


Tasirli, yetirip dur yene...dowamy...
Hekaýalar | Gyzgynjak hekaýa
Avtohuligan (Şugün, 14:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика