Sary gyz

Watjik [off]
05.08.2025 / 06:20
Bütin şäher ýũzüm göresi gelýä (oňaýyň)
Ýürek daş däl eken, gozgandy her hal,
Yşk başy säm etdi,
Nämetdi bir hal…
Neýlär jan, neýlär ten, ýetmeseñ derhal,
Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz.
Duýgular möwç aldy, çyrpyndy her ýan,
Sende aram tapdy joşgunly derýam,
Kalbyma ýakymly duýgular berýän,
Gün roýly, gül roýly tenha, sary gyz.
Ýazgyt bolsa tapylýandyr sebäpler,
Gelipsiñ sen şahyr kalby bezäpler,
Gezdim şu çaka çen ýekesiräpler,
Duşmandy özüm deý ynsan, sary gyz.
Dideler sataşdy… tutaşdy näler,
Dadyna yşk suwy ýetişdi hälem,
Bu söýgiñ miwesin görse-de älem,
Goý, galsyn, wysaly pynhan, sary gyz.
Hak yşkyñ gory ýok, bar zatlar diñýä,
Sözlerñe goşulyp ömrüme siñýäñ,
Indi nurly ýüzüm, ýagtyldy dünýäm,
Halymny özüñ gör, ynha, sary gyz.
Awtory: Ahmet Arazow
![]() 155 |
![]() 34 |
![]() 4 |
![]() 5 |
![]() 2 |
![]() 0 |
![]() 2 |
Teswirler:

Zuleyha [off]
07.08.2025 / 17:30
+0
Edebiyat ogrusy diyilya sular yalaka

Watjik (08.08.2025 / 13:23)
Zuleyha, ejen amy duylenokmy
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




