Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr.

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

“OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 Şugün, 07:36
 Bu dünýäge biýl baglan, galdy zyýan içinde... :ah:

Essalowmaleýkum agzalar! Dogrysy özümä hezil edip okadym, siz bilenem paýlaşaýyn diýdim.

Birinji bent:
Bizden salam bolsun Durdy şahyra,
Ne mährapdan sözläp çykan ot nedir?
Kimdir — ölüp, bir ýyldan soň bilindi,
Dokuz ýüzden dogan nim zurýat nedir?

Ikinji setiriň çözgüdi:
Süleýman pygamber haýwan-ynsanyň, mör-möjegiň, guş
–gumursynyň, gepiň gysgasy, ähli janly jandaryň dilini bilipdir
diýlip rowaýatlarda aýdylýar.
“Haýatul haýwan” diýen kitapda ýazylyşyna görä, Süleýman
metjitden çykyp, bir ýere gidip gelýär. Gelip görse, mährapda bir
düýp ot gögeripdir, özi-de adam dilinde gürläp otyrmyş. Süleýman
ondan “Sen kim bolarsyň?” diýip soraýar.
Ot “Meniň adym Harrup” diýip jogap berýär. “Sen näme
etmekçi”diýlen sowala”Men baran ýerimde harapçylyk,
zaýaçylyk ederin” diýýär. Magtymgulynyň “Ne mährapdan sözläp
çykan ot nedir” diýýäni şol bolmaly.

Üçünji setiriň çözgüdi:
Süleýman pygamber Iýerusalimdäki “Beýtul mukaddes”
metjidini guranda, döwleri işledipdir. Olar dagdan daş çapyp,
eginlerine göterip gelip, metjidiň diwaryny örüpdirler. Gözegçilik
edilmese, bu agyr işden barysy açyp gitjek ekenler. Süleýman
pygamber hasasyny eňegine diräp, her aýagyny bir ýere goýup,
döwlere gözegçilik edip durupdyr. Şol wagtam onuň kazasy dolan
eken. Ezraýyl janyny alyp gidipdir. Emma ol hasasy bilen üçaýak
bolup duransoň, ýykylman saklanypdyr. Döwler haçan seretse,
Süleýman durmuşyn. Haçanda gurçuk iýip, onuň hasasy owranyp,
döwlensoň, Süleýmanyň jesedi ýykylypdyr. Şoňa çenli bir ýyl
geçip, döwler ”Beýtul mukaddesi” gurup bolýarlar. Magtymguly
şahyryň “Kimdir – ölüp, bir ýyldan soň bilindi?” diýip berýän
sowalynyň jogaby şudur.

Dördünji setiriň çözgüdi:
Süleýman pygamberiň hiç zürýady bolmandyr. Ol 900 aýal
alýar. Emma hijisinden önelge ýokmuş. Ol gije-gündiz tagat-
ybadat edip, ogul diläp, Hudaýa ýalbarypdyr. Ine-de onuň iň
soňky alan aýaly göwreli bolýar. Süleýman uly toýa taýýarlyk
görüp başlaýar. Dokuz aý on gün diýlende, onuň aýaly bir çagany
dünýä inderýär.
Ol çaganyň bir gözi, bir gulagy, bir goly we bir aýagy
ýok eken. Süleýman Jebraýyl perişdeden munuň sebäbini
Allatagaladan sorap ber diýýär. Jebraýyl hem “Allanyň permany
şeýle: özüň, weziriň we aýalyň bir ýere üýşüp, ýüregiňizde syr
saklamazdan, dogryňyzy sözlemeli” diýýär. Süleýman wezirini
we aýalyny çagyryp, Allatagalanyň buýrugyny mälim edýär. Erkli
şadan çekinip olar, “Ilki özüňiz aýdyň” diýipdirler.
Süleýman söze başlapdyr:
— Men jahan şasy, hazynam dünýä syganok. Emma
şonda-da, iki sany
adam arza gelse, eli düwünçeklisine ilki nazarym düşýär –
diýýär. Şol bada bäbejige bir göz we bir gulak bitipdir.
Soňra wezir söze başlaýar:
— Men jahan şasynyň weziri. Hökümim ýöräp dur, kem
zadym ýok. Emma şonda-da, käte Süleýman ölüp, ýerine şa
bolsam diýip pikir edýärin — diýýär. Şol wagt bäbejige bir gol
bitipdir.
Soňra Süleýmanyň aýaly söze başlap şeýle diýýär:
— Men Süleýmanyň aýaly, ýag iýip, gaýmak ýalaýaryn,
ýüpek geýýärin. Garaz, kem zadym ýok. Emma köşge arza
gelenleriň arasyndan görmegeýräk biri gözüme ilse, göwnüm
gaçaýýar...
Şol wagt bäbejige bir aýak hem bitipdir.

Ikinji bent:

Sen gözli ata bolsaň, biz gerkez ili,
Çöl ýerde gezer sen, ýat edip heýli,
Bilermiň, tamugyň çekilen mili,
Habar ber aslyny, pul-syrat nedir?

Bu bendiň üçünji setirindäki “mil” sözi inçeden uzyn demri
aňladýar hem-de uzynlyk ölçegi bolup hem ulanylýar.
“Pul-syrat” diýmek kyýamat-magşar gününde ynsanlaryň
mejbury geçmeli köprüsidir. Ol gylyçdan ýiti, gyldan inçe
bolmaly. Onuň aşagy bolsa, “Jähennem” diýlen dowzahdyr.
Günäsi agyr kişiler pul-syratdan geçende, jähenneme
ýykylmalymyşyn. Günäsiz kişiler ýyldyrym çaltlygynda ondan
geçer, az günäliler köp wagt sarp edip, ondan köp günäliler bolsa
3000 ýylyň dowamynda geçip gutararlar.

Üçünji bent:
Aslyna ýetişgil ýalanda-çynda,
Söz gysgadyr, magny köpdür içinde,
Bilermi sen, haýsy derýa içinde
Adamzat jigerli ýatan hüwt nedir?

“Kysasyl enbiýda” ýazylşyna görä, Ýunus pygamberi
el-aýagyny baglap, Gulzum derýasyna atanlarynda, Allatagala
Zowalarş atly balyga Ýunusy tutup almagy emr edýär. Ol balyk
Ýunusy kyrk günläp saklap, sag-aman kenara çykarýar.
Magtymgulynyň “Adamzat jigerli huwt” diýeni Zowalarş
diýlen balyk bolmaly.

Dördünji bent:
Ne agyr sarpadyr haýsy öwjde,
Älem harap bolar niçe towuşda,
Gudrat bile dört ýüz nedir bir başda,
Deprenende, ondan çykan ot nedir?

Esrafyl perişde ilkinji sury çalanda, asman pagyş-para bolup,
ýere gaýdarmyş. Ýere düşende, asman özünden köp esse kiçi
bolan ýeri weýran etmeli. Ýer şol surdan soňra harap bolmaly
diýilýär.
Üçünji setirdäki “Gudrat bilen dört ýüz nedir bir başda?”
diýmegi, Ezraýyl perişdäniň dört tarapynda hem ýüzi bolmaly.
Özi-de hemme jandaryň janyny alyp, iň soňunda öz janyny
almakçy bolan wagty, her deprenende bedeninden syçrap ot
çykarmyş.

Bäşinji bent:
Ne syna, ne jandyr, sözle bu syrdan,
Bilinden aşagy bolmuş hajardan,
Aşyk, beýan eýle, haýsy şejerden,
Hem janly, hem jansyz dogan zat nedir?

Arap halk ertekileri bolan “ Müň bir gije” atly ýygyndynyň
dördünji tomunda şu bendiň başky iki setirine degişli wakalar
beýan edilýär.
Mahmut atly şa bolup , onuň baýlygy ummasyz eken. Emma
özi nebsewür bolupdyr. Özi ýaly şalar bilen guda bolaýsa, ediljek
çykdajylardan gorkup, ogluna öz daýysynyň gyzyny alyp berýär.
Ol gyz jadygöý eken. Mahmut şa ölensoň, miras düzgüni boýunça
ogly şa bolýar.
Şa uklan wagtynda, iki sany keniz onuň aýaklaryny owkalap,
rahatlandyrýarlar. Günleriň birinde kenizler şany uklandyr
öýdüp,özara gürrüňe başlapdyrlar. Olaryň biri beýlekisine: “Biziň
hanymymyz juda ynsapsyz. Ol her agşam şaha şerap berende, oňa
beýhuş dermanyny goşup berýär. Şeýdip, ärini ukladyp, özi bir
gara guluň ýanyna gidýär we tä daň atýança aýşy-eşretde bolýar”
diýipdir.
Şa ýigit uklaman eken. Ol bu gürrüňi doly diňläpdir.
Şol günüň ertesi aýalynyň beren şerabyny içmän ýakasyndan
guýup, hemişekisi ýaly, uklan bolup ýatýar. Aýaly bolsa şany
uklatdym hasap edip, endigine görä, gara guluň ýanyna – atýataga
gidipdir. Ýigit gylyjyny eline alyp, duýdurman, aýalynyň yzyna
düşýär. Aýaly guluň ýanyna baryp, aýşy-eşrete başlamakçy
bolanda, şa ýigit gara guluň depesinden gylyjy inderýär. Şol wagt
aýal ärine “Haýt, biliňden aşagyň daş bolsun” diýýär.
Bendiň dördünji setirindäki “Hem janly, hem jansyz dogan
zat nedir?” diýmeginiň manysy şeýledir. Allatagalanyň Musa
pygambere beren mugjyzasy bir hasa ekeni. Üstüne howp
abananda, ýere taşlasa, ol ýylan bolupdyr. Howp has uly bolsa,
çişip aždarha bolupdyr. Jansyz şejer (agaç) ýere taşlansa, janly
zada öwrülipdir.

Altynjy bent:
Ol kimsedir, gözýaşyny daşdyrdy,
Niçe ýylda ejabatyn duşdurdy,
Ol kimsedir, zelaletin joşdurdy,
Myrat elde eken, namyrat nedir?

Şeýtan aldap, bugdaý iýdirensoň, Adam ata bilen How
ene behiştden çykarylýar. Allatagala olaryň birini magryba
(günbatar), birini maşryga (gündogar) taşladýar. Olar üç ýüz
ýyllap bir-birini agtaryp gezýärer. Şonda olar dynman gözýaş
edip Haka ýalbarypdyrlar. Soňra olaryň dilegleri kabul bolup,
biri-birine gowuşýarlar.
“Zelalet” diýmegi, Adam atanyň şeýtana ynanyp
ýalňyşmagydyr. “Myrat” olaryň duşuşmagy, “namyrat” bolsa
“aýraçylyk” diýmekdir.

Ýedinji bent:
Magtymguly aýdar, aşyk, bu syrda,
Käýinmeýin, dogry sözle bu ýerde,
Muny bilermi sen, haýsy şäherde
Terki-gulluk eden iki zat nedir?

Şu bendiň dördünji setiri çözgüt talap edýär. Ýöne bu setir
golýazmalarda dürli-dürli ýazylan. Mysal üçin:

“Türke gulluk eden iki at nedir?”
Ýa-da:
“Türke gulluk eden iki tat nedir?”

Biziň pikirimizçe,”Terki gulluk eden iki zat nedir” görnüşi
has hakykata ýakyn bolsa gerek. Sebäbi türke gulluk eden iki at
ýa-da tat hakynda hiç-hili rowaýat ýok. Bu barada A. Meredowyň
we S. Ahallynyň “Türkmen klassyky edebiýatynyň sözlügi”
kitabynda Harut hem-de Marut atly iki perişdäniň Alla tarapyndan
ýere iberilip, ýerdäki işleri düzgüne salmak buýrulandygy
baradaky rowaýat mysal getirilýär.
Ol iki perişde ilki arassa işläp, soňra Zöhre atly bir owadan
gelin bilen baglanyşykly günäleri üçin Wawilon (Babyl) şäherinde
guýuda başaşak sallanyp goýlan bolmaly. Ol ikisi tä kyýamata
çenli başaşak asylgy durmalymyşyn. Magtymgulynyň soraýan
terki-gulluk eden iki zady şolar bolmaly.


26

9

1

3

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Gulmahrem - 3 sagat vip etdi!
(Şugün, 08:54)
Teswirler:
 Gerekli
 Gulmahrem [off]
 Şugün, 08:53

+0

Bu teswirleriň gymmaty bir başga. Her bendi bir rowaýatdan ybarat. Juda ajaýyp mowzuk.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni


Gijem bolsa bagyşlarsyňyzda wagtynda goýmak ýatdan çykypdyr, esasy zat ýatlap geçeýin diýdim....dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | ADMIN GÜNI - lýul aýynyň soňky Anna güni
State (Şugün, 11:45)

Sorag?!?


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Watjik (Şugün, 11:40)

Sorag?!?


Chto za bred👎...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag?!?
Mahri (Şugün, 11:29)

Sorag...


Humm bex. Ÿazmasy agyr bolan jogap gerek muña...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
@menin_dunyam (Şugün, 09:57)

KÄBÄME


Gulmahrem şu mowzugy goşgylar bőliminde goÿsañ hasam gowy bolardy...dowamy...
Umumy | KÄBÄME
@menin_dunyam (Şugün, 09:52)

Diňe sen gowy...


Ÿetirop dur galamdaş...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
@menin_dunyam (Şugün, 09:51)

“OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ


Bu teswirleriň gymmaty bir başga. Her bendi bir rowaýatdan ybarat. Juda ajaýyp mowzuk....dowamy...
Şygryýet | “OT NEDİR?” ATLY GOŞGUSYNYŇ YLMY ÇÖZGÜDİ
Gulmahrem (Şugün, 08:53)

Diňe sen gowy...


Gaty gowy...dowamy...
Şygryýet | Diňe sen gowy...
Gulmahrem (Şugün, 08:09)

Sary gyz


Berekella berekella! hany o gyýzyň adynam aýt indi! saýta gelýämi?...dowamy...
Şygryýet | Sary gyz
Fantom (Şugün, 06:38)

Sorag...


Söýşelimi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Sorag...
Power (Şugün, 06:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика