Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Aşk mi insana bagli insan mi aşka bagli bu insanina bagli. Ýani kimine göre biter kimine göre bitmez ama arada aşk varsa bitse de vardir bitmese de vardir.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Rubagylar
 Betinden
 Sebap [off]
 18.01.2025 / 23:31
 Lekum dinukum we liýe din

Göwnüçökgün diýip dakmaň maňa at.
Ýer ýüzünde ýokdur meniň ýaly şat,
Sebäbi säherler aglaýar janym;
Sebäbi ölümi edip ýörün ýat.

Daň golaý. Birazdan ýyldyzlar öçer,
Soň asman Gün diýen gözüni açar.
Ol haýyrdyr şere deň nazar salyp,
Olaryň umydyn oýaryp geçer.

Baş alyp gideýin men haýsy ýere?
Bir kişi galmandyr dostum diýere.
Diňe Saňa sygynýaryn, Ýaradan,
Sendedir çyn dostluk, Sendedir kerem.

Okyjym, bu bolýan işe bir seret;
Bihaýalar üçin galmandyr serhet.
Binamysyň gurýan şagalaňyna
Çaganyň ýüregi tisginýär erbet.

Eslä ýetdi ýazan goşgymyň sany.
Olara goşulmaz dünýäniň sazy.
Ýa men bu durmuşa düşünmeýärin,
Ýa ondan daşlaşýan gün geçdik saýy.

Sopy aýtmyşlaýyn, ol Ýar ýadymda.
Kyýamatdan ýetjek azar ýadymda.
Goşulsam hem budünýäniň oýnuna,
Meni ýygşyrmaly mazar ýadymda.

Bilýän barmyş bu Zeminiň ýaşyny,
Ýöne gury sanyň däl men aşygy.
Bu gün hem aýlap dur adamyň aňy
Şol gadymy degirmeniň daşyny.

Awtory: Çary Orazgylyç


87

9

2

1

0

0

2
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 19.01.2025 / 07:53

+0

Inha şu taýda
Sopy aýtmyşlaýyn,
diýär şahyr,
bu ýerde Sopy Allaýary gözegine tutdymyka, ýa???


Betinden
Sebap  (19.01.2025 / 10:07) 

Fantom, kim bilýä belki şeýledir

 Täzeje
 Gadayly [off]
  Sôyúl yóne sóyme aglama aglat!
 19.01.2025 / 16:17

+0

Omar hayyama tasirlenip yazypdyr oytyan yasuly


Betinden
Sebap  (19.01.2025 / 16:27) 

Gadayly, seyle bolamasa

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика