Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Madelyo : Sebap: Ýykylma düşersin, Düşme ýykylarsyn.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Köçe süpürýän aýala.
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 19.01.2025 / 08:49
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Gijäni üstüne çekipdir şäher,
Çyralar uklapdyr gözlerni ýumman.
A sen, köçeleri syryp-süpürip,
Bir giden adamlaň günäsin ýuwýaň.

Beýik jaýlar saňa bakýar baş egip.
Gohy söýýän ulaglaram dymypdyr.
Saňa azap berýän munça hapany,
Şu şäheriň adamlary zyňypdyr.

Gürledeňde medenýetli kişiler,
Häzir seň saýañda rahat ýatyrlar.
Ertir köçä taşlap, dürli-dümeni,
Seni ýene täze derde batyýrlar.

Sübsäňe dogumly ýapyşýaň ýene,
Ýaragyny tutuşy deý esgeriň.
Seň ýüzüňe çykyp giden ýadawlyk,
Şatlygydy ygyp ýören mesleriň.

Sorag belgisine dönüpdir halyň,
Biliň ýazylanok bükülip barýaň.
Adamlaň gündizki keýpini toplap,
Köçäň gyrasyndan süpürip barýañ.
Ýazmyrat Çörli 16.10.23. Ý.


95

11

4

3

0

0

0
Teswirler:
 Premium
 Belki [10s]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 19.01.2025 / 09:03

+0

Her bentde birgiden meňzetmeler...Men-a halaýan. Ýöne ol aýala gereginden artyk baha berlen ýaly gördüm...
Meselem, "seň saýaňda rahat ýatyrlar" diýmek. Muny türk filmlerindäki esgerlerden eşidýäs. Olaryňky düşnükli ýöne köçe süpürýän aýala artykmaç.


Öwreniji
Kesxa  (19.01.2025 / 10:53) 

Belki, O nähili türk filmlerindäki esgerlerden eşidýäs?


Premium
Belki [10s] (19.01.2025 / 12:03) 

Kesxa, esgerler bir-birine aydyar. "Sen sayanda halk rahat yatya" dp.


Özümiziňki
Fantom  (22.01.2025 / 15:53) 

Belki,
Meň özimiňä şahyrçylykdan başym çykanok, ýöne diňlemäni, okomany örän gowy görýän.
Şu goşgynam ýalňyşmaýan bolsam goňşy saýtlaryň birinden zametka belläp goýupdum.
Indi ýaňky gürrüňe gaýdyp gelsek, awtor daýzanyň halkyna, il güne edýän doga dileglerini gözegine tutýan bolaýmasyn?
Ýöne häzirki döwürdähä...


Premium
Belki [10s] (22.01.2025 / 18:16) 

Fantom, dileg edyan bolsa hemme dayzalar edyandir. Koce supuryanin artykmaclygy yok.

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 19.01.2025 / 10:13

+0

Awtory kim munuň?


Täzeje
TheQuasar  (19.01.2025 / 12:51) 

Sebap, oran gowy sorag

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 19.01.2025 / 17:47

+0

Ýazmyrat Çörli beýle gowy goşgy ýazýandyr öýtmeýärdim. Gowy ýazýan eken-ä, haladym.

 Täzeje
 Mahri [off]
  Öÿümiziñ Jynjagazy
 20.01.2025 / 05:18

+0

Munam halamadym


Özümiziňki
Fantom  (22.01.2025 / 15:57) 

Mahri, dosluk.rudan bärik gaýytdyňyzmy?


Täzeje
Mahri  (22.01.2025 / 17:01) 

Fantom, ishlanoga ol

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

9 goşgy: Aşyr hanow.


Men bir oka gelen ýaradar keýik, Ölmümem şowa kör awça galypdyr. Täsirlije...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Anora (Şugün, 14:44)

9 goşgy: Aşyr hanow.


Murtdaş e-kitap bolsa, şo kitaby gmail'ma ugradyp göwörjekmi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | 9 goşgy: Aşyr hanow.
Annadurdy (Şugün, 14:33)

Ertir.ru çat barada pikirler


Işsizlerrrr.....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Ayjahan (Şugün, 14:12)

Ertir.ru çat barada pikirler


Galyboylar kop sondan yapyldy gyz bolup oglanlary oynap gyzlar oglan bolup gyzlary oynap yorenler kop bolonsan yapdylar telekomam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Akademik3 (Şugün, 14:02)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ozun yazdynmy?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Belki (Şugün, 11:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


açylsa gou...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
yaltaja_lai (Şugün, 10:47)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Yo bu-ul seň coplan zadyn-a dal. Publisistik stilde yazylypdyr. Bir yerden alypsyn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Belki (Şugün, 10:30)

Ertir.ru çat barada pikirler


Yo toleglik mesele yoK. Yokardan bloklanya blabax catlan ahlisi acylan badyna #diydiler....dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Belki (Şugün, 10:26)

Kakamyrat Rejepow


Gallamyn uny yiti bolsun berekella...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Kakamyrat Rejepow
BAYOGUL (Şugün, 10:13)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика