![]() 101 |
![]() 11 |
![]() 2 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Gowy bolupdyr ýetirip dur
Sebap, sag boluň , nesip bolsa .
Gerceknazar,
Men bir masgarabaz!
Meniñ ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Uzak gijelerne özümi örtäp,
Ili güldürmägiň gözleýän tärin...
Annamuhammet Kirşen.
Men bir "şahyrdyryn"!
Meniň ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim.
...Günuzyn özümi örtäp-örtenip,
Ili güýmemegiň gözleýän tärin.
Belki, irde-giçde getir üstünlik,
"Goşgusöýer" mähelläniň sylagy.
Goý, öwsünler goşgularmyň üstünden,
Olaryň öwgüsi—meniň sylagym.
Men dana däl, bilgijem däl, goja däl,
Uly-kiçiň göwni bilen gopýaryn.
Ýene goýup öňüňize goşgumy,
Öwgi paýym alyp aram tapýaryn.
Muşdagyma täze akyllar gerek,
Täsin goşgy gerek olara günde.
Ýaşap ýörün şeýdip, ýetişjek bolup,
Men bilen men dekleñ aralygynda...
El çarpyşyp, öwgi sözün aýamaň,
Aýdyň goşgularmyň kemi ýokdugyn.
Bilýänem dälsiňiz, dek düýn ogurlap,
"Täze ýazan" goşgumyň çyn awtorun.
Bardyr kesbim oňlamaýan göribem,
Il-güni güýmemek däldir-ä ýeňil!
...Men bir şahyr, akyl baryn paýlaýan,
Wah, başga başarýan zadym ýok meniň...
TheQuasar, edil beýlede däldir-le. Meniň-ä başgada başarýan zadym kän. Mysal üçin balyk tutup bilýän, anten sazlap bilýän, gurluşykdan ,internetden azyrak başym çykýar. Garaz öwretseler öwrenýän. Gowy goşgy eken , awtory kimkä ?
Gerceknazar, ;) anten sazlap bilyan, internetden azyrak basym cykyar, gurlusygynam kyn yer yok bolsa gerek balyk nadip tutulya)
TheQuasar, tor gurup tutulýar.