Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gapa ýetipdir boýum haçan bolarka toýun ?
Aýryldym
Betinden Sebap [off] 22.01.2025 / 22:55 Lekum dinukum we liýe din
Bilbilem, ahy-zar çekip,
Täze gülzardan aýryldym.
Gözden ganly ýaşym döküp,
Ol söwer ýardan aýryldym.
Ýara ýaraşar sürmeçe,
Sypatyn söýlärem ança,
Lebi şeker, agzy gunça,
Zülpi garadan aýryldym.
Şirin janda ýokdur takat,
Jebri anyň jana rahat,
Gaşlary pitneýi-apat,
Çeşmi hunhordan aýryldym.
Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hoş owazly bilbilimden
—Şirin güftardan aýryldym.
Däli köňlüm arzymany,
Külli gözelleriň hany,
Sekiz jennetiň bostany,
Bakjaly bardan aýryldym.
Illeri bar diňli-diňli,
Sowuk suwly, ter öleňli,
Ili — gökleň, ady — Meňli,
Näzli dildardan aýryldym.
Magtymguly, aşyk mestan,
Bagladym şanyna destan,
Menzilgähi bag-u bostan,
Almaly nardan aýryldym.
Awtory: Magtymguly Pyragy
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk