Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Если что-то болит – молчи, иначе ударят именно туда.
Geçdi diýip aglaryn
Gytyndan Sebap [off] 24.01.2025 / 17:48 Lekum dinukum we liýe din
Eý, ýaranlar, ömrümden
Geçdi diýip aglaryn.
Gitdi aklym ornundan,
Çaşdy diýip aglaryn.
Giden gelmez ýolundan,
Dönmez ýaman pälinden,
Diýanat halk elinden
Uçdy diýip aglaryn.
Häzir biziň zamanda,
Ýaman sözler zybanda,
Zulum işler jahanda
Joşdy diýip aglaryn.
Bu eýýamda betkärler
Ýüz til bile aldarlar.
Kany niçe dildarlar
,Geçdi diýip aglaryn.
Niçe sada deň-duşlar
Şeýtan biligin başlar,
Ýüz dönderip gardaşlar,
Gaçdy diýip aglaryn.
Görüň pelegiň oýnun,
Üzer älemiň boýnun,
Ne jenanlar ýer goýnun
Guçdy diýip aglaryn.
Magtymguly diýr merde,
Dünýä bentdir, ten perde,
Bir başym sansyz derde
Duşdy diýip aglaryn.
Awtory: Magtymguly Pyragy
Teswirler:
Premium
BAYOGUL [on] 24.01.2025 / 20:39+1Gowy eken yetirip dur
GytyndanSebap (24.01.2025 / 20:41) BAYOGUL, Sagbol agam
Gytyndan Baron [off] “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...” 26.01.2025 / 14:59+0*aglar men
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk