Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Her kim söýgülisi bilen gol-gola gezip ýör, men öýde çisp kola bilen

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

BELKI, GELERSIŇ...
 Özümiziňki
 Fantom [off]
 27.01.2025 / 07:37
 Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.

Irginsiz güýz şemaly,
Hüwdüleýä ýaýlamy...
Gije girýä gapymdan,
Şemal kakýa aýnamy.

Ynanamok. Garaşýan.
Gitdigiňmi, Ejebaý?
Bagtym bolup deňimden,
Ötdügiňmi, Ejebaý?

Öýmäň maňa ýat boldy,
Gaýyp boldy keteniň...
Bagtym diýip gol berdim,
Gara bagtym ekeniň.

Dolanarňa garaşyp,
Aý-günümi sanadym.
Towy ýatdy bireýýäm,
Dulda duran sagadyň.

On iki gözi gapyda,
Sen gideliň dymyp dur.
Seň gelerňe garaşyp,
On iki gözün ýumup dur.

Şemal açýa aýnamy,
Galgaşyp dur tutular...
Bu synamyň ýarasy,
Gör, nämahal gutular?

Nesibämden uzakda,
Gör, näçe wagt gezersiň?!
Ynanamok. Garaşýan,
Belki, bir gün gelersiň...

Gam kölüniň düýbüne,
Leňňer bolup bataýyn.
Müňläp ýol bar jahanda,
Haýsy biýrne bakaýyn?!

Özge bilen ömrüňi,
Çatdygyňmy, Ejebaý?
Ömrüzaýa ýyldyzym..,
Batdygyňmy, Ejebaý?

Bagtym diýip gol berdim,
Gara bagtym ekeniň...
Galgaşyp dur tutular—
Ýada düşýä keteniň...

Şiraly Nurmyradow.


98

10

3

5

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 27.01.2025 / 10:18

+0

Dolanarňa garaşyp,
Aý-günümi sanadym.
Towy ýatdy bireýýäm,
Dulda duran sagadyň.

On iki gözi gapyda,
Sen gideliň dymyp dur.
Seň gelerňe garaşyp,
On iki gözün ýumup dur.

Owadan janlandyrypdyr!


Özümiziňki
Fantom  (27.01.2025 / 17:41) 

Hyyalbent, Bylar köne möjeklerdä, eşidişime görä şu şahyr dünýäsini täzeläpdir. Byr wagyt şu şahyry ýutubda diňläpdim, kitabyny ynha şu saýtdan aldym.
Diýjek bolýanym, gowy goşgylary kän, emma...
Aý, garaz, dögre görämi, ýa başga zat bilen baglanşyklymy, ýada okadylyş stili täsir edýämi, aýratyn ýeri bar bularyň.

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 27.01.2025 / 12:15

+0

Goşgy gowy. Bogun sandan çykylan ÿerleri bar


Özümiziňki
Fantom  (27.01.2025 / 17:43) 

@menin_dunyam, Mumkin bolsa mysal görkezäýiň? Men göçirip alanymda näsazlyk ýüze çykan bolmagy mimkin.


Gerekli
@menin_dunyam  (27.01.2025 / 18:08) 

Fantom, On iki gözi gapyda, 8
Sen gideliň dymyp dur. 7
Seň gelerňe garaşyp, 7
On iki gözün ýumup dur. 8

Dűşinensiñă

 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 27.01.2025 / 13:23

+0

Gowy eken ýetirip dur agam


Özümiziňki
Fantom  (27.01.2025 / 17:46) 

Sebap,
Nesip bolsa!
Siziň özüňüz nähiýleki goşgylary okamany halaýarsyňyz?


Betinden
Sebap  (27.01.2025 / 17:50) 

Fantom, Hakykaty aňlatýanlary hasam gowy görýän, söýgi goşgular bar elbetde şul ikisi

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика