“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Iki sany täze goşgy
Premium
 Belki [3m]
 27.01.2025 / 19:37
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Öýkelegiň monology


Men günlerden gaty gördüm
Seni getirmäni üçin.
Men ykbaldan gaty gördüm
Bagta ýetirmäni üçin.

Aýan göwnüm aýamadyk
Gijelerden gaty gördüm.
Gülsem gülüp garamadyk
Didelerden gaty gördüm.

Yhlaslarym puja çykdy.
"Armalardan" öýkeledim.
Maňlaýymda bar-la gasyn,
Aýnalardan öýkeledim.

Soňy şowly soňlanmadyk
Gadamlardanam ynjadym.
Gussa ruhum ýesir eden
Aýdymlardanam ynjadym.

Mähir küýsämde bermedik
Gollar bilen öýkeleşdim.
Meni menden sogrup alan
Ýyllar bilen öýkeleṣdim.

Tozan basan albomlaryň
Gatlaryndan gaty gördüm.
Takdyryň alnyma ýazan
Hatlaryndan gaty gördüm.

Ýeller durmady ýerinde,
Ýollar geçdi öwrüm-öwrüm.
Bu gün ýene kä zatlardan
Öýkeläsi geldi göwnüň.

Synandym gaşym çytmaga,
Tapmadym ol ukybymy.
Görsem gutaran ekenim
Öýkelemek hukugymy.

01.01.2025

Arzuw

Men "Gitme" diýsedim galjakmydyň sen?
Keçjal ykbal berermidi nogtany?
"Gitme!" diýseň galýarmy nä möwsümler?
Garry pelek "Dur" diýeňde togtarmy?

Kineli söýgüňe, dertli göwnüňe
Gizlenpeçek sözüm bolarmy derman?
Intizar gülleriň gördüm solanyn,
Ýogsa olara-da diýipdim "Solmaň!".

Gök geýinen meýdan dolup-daşanda,
Ýag gijeler ýylmanak hem aý-aýdyň.
Şonda men: "Ýeň" diýdim, ýeňildi aşyk,
Men "Gutarma!" diýdim, gutardy aýdym.

"Dymma" diýenimde dymýar lal söýgi,
Geçip gidýär aýralygyň serhedin.
Indem saňa: "Bagtly bol" diýp dymýaryn,
Käşgä, betbagtlygy arzuw etsedim.

30.12.2024


163

26

7

10

2

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->