Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Bizden birşey kalmadıysa, canımı yakan bu heyecan nedir..
Gel, bir dünýä guraly!
Özümiziňki Hyyalbent [off] 27.01.2025 / 23:43
Gel, bir dünýä guraly serhedinde wysalyñ,
Kesişmeýän ýerinde kine bilen göwünleñ.
Bark ursun yşkyñ ysy baky bahar mysaly,
Zeñlemesin kükregi zarbasyna döwürleñ.
Iñ bir şirin duýgular tutsun onuñ diregin,
Aýryp gyra zyñaly ýigrenç bilen gahary.
Agy bilen girmesin gapysyndan gireni,
Gözýaş bilen gümana ýuwulmasyn säheri.
Maddy zatlar tutmasyn ynsanlygyñ öwezin,
Sumat bolsun aradan tanyş-biliş gymmaty.
Mähriñ, ähtiñ, mertebäñ, ukyp bilen höwesiñ,
Alkymynda baş egsin şo mekanyñ ymmaty.
Dünýäñ eñki agypdyr, eleşan oñ bar ýeri,
Uruş, gazap, nala hem gam tutupdyr kellesin.
Kanuna däl kalbyna siñsin tämizlik ýeli,
Gel bir dünýä guraly, onda hiç kim ölmesin.
Aşyr Hanow
Teswirler:
Gerekli @menin_dunyam [off] Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM 28.01.2025 / 01:56+0
Betinden Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 28.01.2025 / 05:28+0Gowy eken ýetirip duruň
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk