Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gapa ýetipdir boýum haçan bolarka toýun ?

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sen gyýylma ykbalyma, eje jan
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 28.01.2025 / 22:41

Sen gyýylma ykbalyma, eje jan,
Dilgir-dilgir bakma gara gijäme.
Gurban men bir kile nabada biten
Göwnüňe hem gubar tutan didäňe.

Hoşlaşmaly boldy harplygym bilen,
Şol günler hüwdiň deý oňatdy weli.
Dulugma doňduryp şarpygy bilen
Durmuş çagalykdan oýatdy meni.

Gögüň ýyldyzlaryn soraýan günlem
Ýitip gitdi hol aňyrda öwrümden.
Indi soňsuz sowallarym ýok meniň
Hem gorkamok ertekileň döwünden.

Gorkýan ýüregimde galpyldy bolup,
Duýgyň köňle çökjek pajygasyndan.
Sowuk, soluk, ýowuz, öt aýralygyň
Bagtyň nämedigni ýatlatjagyndan.

Goý, men ýüregimi ýakaýyn, eje,
Menden soň-soňlaram oňa kän kişi
Göwnün goýsa, köňlün çoýsa, şahyryň
Şondan uly näme bagty barmyşyn?!

Täleýiň deý jaýryk-jaýryk hem gaty
Ýetirme maňlaýňa gamly aýaňy.
Eje, umytlarmyň sakçysy sen, hem
Dünýäň meni söýen ýalňyz aýaly.

Gurbandurdy Orazow


98

14

1

7

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 28.01.2025 / 22:46

+1

Gowy bolupdyr ýetirip duruň!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика