Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Bir gün gelip şeýle ynsana duşarsyňyz, saňa onuň gözlerinde takdyryňyz seredip duranlygyny ýüregiňiz duýar...

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ÖMRÜŇ SESI
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 29.01.2025 / 18:30

Ýatyp bilmez gursaklary gohlular,
Ýadaw başyn ýere goýan badyna.
Ýarygije.Geçip barýan otlular,
Süýnüp barýan ömri salýar ýadyňa.

Şonda gözleriňe uky gelenok,
Ýaşlygyn ýatlaýaň zülpleri towlyň.
Ýukalýan ýüregiň öňküligi ýok,
Öňki howasy ýok haýbatly howlyň.

Öňki gaýraty ýok garran pederiň,
Dik synasy barha egilip barýar.
Gören ömür beterinden beterin,
Gözümiň alnynda sowulyp barýar.

Sowlup barýar ýyllar ýyldyrym ýaly
Hernä ir heniz-ä pellä ýeterden.
Gagşan günleriňde ýylnaryň ýaly,
Şükür, pent bary galýar pederden.

Ýaşap ýörsüň söküp uly şäheri,
Duşup ýagşy-ýaman adamy bilen.
Şeýdip, her gün garşylaýaň säheri,
Menzili, mukamy, matamy bilen.

Gyssanýarsyň barka tende ysgynyň,
Nyşan goýmak üçin geljek nesile.
Käte-käte oýanýarsyň tisginip,
Zogun çalyp barýan ömrüň sesine.

Gylyçmyrat Kakabaýew


103

11

2

5

0

0

0
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 29.01.2025 / 20:23

+1

Gowy eken ýetirip dur


Täzeje
Baymyrat  (30.01.2025 / 07:11) 

Gawmy


Betinden
Sebap  (30.01.2025 / 13:42) 

Baymyrat, Şükür ýagşy sen nähili?

 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 29.01.2025 / 23:11

+1

Mlds


Täzeje
Baymyrat  (30.01.2025 / 07:11) 

Gawmy sen

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика