Jo Jirard islan zatdyñy islendik birine nädip satmaly 2nji gun
Özümiziňki erkin1997 [off] 02.02.2024 / 12:33
Müňlerçe awtoulagy hut öz elim bilen satdym, diňe täzeje ulaglary, özem diňe bölek satuwda ýerledim. Söwdalaşamda kimdir biriniň hakyny iýjek bolmadym, çürkejek bolmadym, gözüne çöp atmadym. Her biriniň ýanyna baryp, ýüzbe-ýüz gürleşdim, ynandyryp bildim we bir-birden satdym. Menem edil siziň müşderileriňiz ýaly adamlar bilen iş salyşdym. Söwda-satuw bilen gündelik meşgullandym. Tapawudy ýok, siz ulag söwdasyny ediň, egin-eşik, jaý, hojalyk harytlary, mebel ýa-da başga bir zat satyň, ýöne gün-güzeranyňyzy aýlamak we has köp gazanmak üçin, gowy gündenem has gowy günde ýaşamak üçin her gün satmaga — söwda bilen yzygiderli meşgullanmaga borçlusyňyz. Ýaňky hünärmenleriň kitaplaryny okanyňyzda, megerem, meniň mundan birnäçe ýyl ozal başdan geçiren duýgularym bilen gurşalansyňyz: şuňa bir zad-a ýetenok diýýänsiňiz.
Intuisiýaňyz size juda dogry pyşyrdaýar: şol kitaplarda ýetmeýän zatlar köp. Ol kitaplar hakyky durmuşdan üzňe ýazylan, ol ýerde bizi gurşap alan meselelere çözgüt ýok, biziň ýagdaýlarymyz, daş-töweregimizdäki adamlar, olaryň özlerini alyp barşy göz öňünde tutulmadyk. Ertirki gününi gaýgy edip oturan adamyň dünýägaraýşy göz öňünde tutulmandyr. Olara degerli maslahatlar berilmändir. Özlerini şolaryň ornunda goýup görmändirler. Ünsden düşürilen iň esasy zat näme diýseňizläň? Ol ýazgylarda hakyky durmuş tejribesi ýetmezçilik edýär.
Ýene bir ýola ýaňzytmak isleýärin, size hödürleýän bu ýazgylarym düýbünden başgaça. Bu kitapda beýleki kitaplarda ýaňzydylmadyk pikirler, garaýyşlar orun alýar. Sebäbi meniň özüm hut siziň ýaly birisi. Her gün işimiň başynda. Siziň edýän zatlaryňyzy edýärin. Siziň isleýän zatlaryňyzy isleýärin. Mende-de hut siziňki ýaly alada-pikirler bar, hut siziňki ýaly islegler bar. Iýesimem gelýär, geýesimem gelýär. Men şeýdip-şeýdip ahyry isleýän zatlarymy gazanmagyň ýoluny tapdym. Iş alyp barşyma syny oturan düýbünden nätanyş hem-de dürli-dürli adamlar meni «Dünýäniň iň başarjaň söwdagäri» diýip taryp etdiler. Ýöne menem, sizem ýaňky kitap ýazyp ýören söwdagärlerden däl. Biz öz ýagdaýymyzdaky adamlaryň arasynda dünýäniň iň başarnykly söwdagäridiris.
Beýle diýenim bilen her aýdan sözüme güp ynanyň diýdigim däl. Ýöne bu sözleri takyklaşdyrmak isleseňiz, dünýäniň iň abraýly maglumat çeşmeleriniň biri — «Ginnesiň rekordlar kitabyna» salgylanyp bilersiňiz. Ol ýerden «Dünýäniň iň başarnykly söwdagäri» diýip gözleseňiz, elbetde meni — Jo Jirardy taparsyňyz. Şonda siz meniň «aýdýan zatlaryna amal etmeýän ýazyjylaryň» hilinden däldigime göz ýetirersiňiz. Men hakda ýene birnäçe zatlary öwrenesiňiz, bilesiňiz gelse, «NewsWeek», «Forbs», «Penthouse», «Woman’s Day» ýaly neşirlere, başga-da ýüzlerçe žurnallara, gazetlere ýüz tutup bilersiňiz. Lap urup aýtdygym däl, emma şol ýerlerde hem «Dünýädäki iň uly söwdagäriň» kimdigi bilen gyzyklansaňyz, gözlegleriňiz ýene meniň adymyň üstünden elter.
Siz meni soňky ýyllarda käbir telegepleşiklerde hem görensiňiz. Her gezekki çykyşymda olar meni «Dünýädäki iň uly söwdagär» diýip tanyşdyrýarlar, özem «Ginnesiň rekordlar kitabyndaky» ýazgylara salgylanyp aýdýarlar.
1963-nji ýylda söwda-satuw işlerine baş goşanymdan soň işlerim nähili gidendir öýdýäňiz? Işe girişen ilkinji ýylymda bary-ýogy 267 sany awtoulag satyp bildim. Hawa, bary-ýogy şonça. Muňa garamazdan, şol wagtky ýönekeý, sada durmuşym bilen deňeşdirenimde, bu hem uly üstünlikdi. Söwda-satuw işlerimiň ilkinji ýylynda men eýýäm bu ugurdan üstünlikli adamlaryň öňdäki hataryna girmegi başardym.
Işimiň dördülenji ýylynda, ýagny 1966-njy ýylda 614 sany ýeňil we ýük awtoulaglaryny satdym — hemmesi-de bölekleýin satuw. Hut şol ýylam ýeňil we ýük awtoulaglaryny bölekleýin ýerlemekde dünýäde birinji adam hökmünde yglan edildim. Şol günlerden bäri söwdanyň bu ugrunda birinjiligi elden bermän gelýärin. Her ýyl iş öndürijiligimi, gazanýan girdejimi 10%, käbir ýyllarda bolsa 20% artdyrdym. Ýogsam şol wagtlar tutuş ýurt ykdysady çökgünlikler bilen boguşýardy. Iş orunlary gysgaldylýardy. Iş taşlaýyşlar, ykdysady ýagdaýyň pese gaçmagy, hümmetsizlik bilen gurşalypdyk.
Täsin ýeri, ykdysady çökgünlik artdygy saýy meniň işlerim şowlaýardy, girdejilerim ýokarlanýardy. Bu näme sebäplidir öýdýäňiz? Ykdysady ýagdaýlaryň nähilidigine garamazdan, men öz düşünjelerimden ugur alyp, edýän işlerime juda oýlanyşykly we jogapkärli çemeleşip, akylly-başly hem-de tutanýerli hereket edýärdim. Şeýdibem, işlerimiň ählisini şol wagtam ugrukdyryp bilipdim. Detroýt sebitindäki awtosöwda dilerleriniň ählisi diýen ýaly çäre-çykalgany alty günlük iş hepdesini bäş güne çenli azaltmakda diýip düşündi, emma bizde işiň gidişi öňki-öňküliginde galdy. Bu babatda biz ýene-de öňdebaryjy bolduk.
1976-njy ýyl meniň üçin iň düşewüntli ýyllaryň birine öwrüldi. Komission ýygymlardan gelýän umumy girdejim üç ýüz müň dollardan geçdi. Diňe az sanly adamlar bu babatda menden biraz öňe saýlandylar, ýöne olaryň ýol ýöreýşi meňki bilen düýbünden gabat gelmeýärdi. Olar üç ýylyň dowamynda ol-bu ýurduň hojaýynlaryna sowgat-salam ýollap, berim-peşgeş bilen ýol arçap, özlerinden uçar ýa-da raketa satyn almaklaryny towakga edip ýören ýigitlerdi. Ýöne bu biziň aýdýan söwda-satuwymyz däl ahyry.
Biz düýbünden başga satuw stili — ussatlyk, başarjaňlyk, ugurtapyjylyk we müşderileriň göwnüni awlamak, tejribeler we amaly endikler peýdalanylýan hünärler hakynda aýdasymyz gelýär. Mundan beýleki gazanç-girdeji usullary, ýagny galp we ters usullar her näçe girdeji getiribersin, kellagyra öwrülýär we ahyry lapykeçlik getirýär. Galp işleri edýänler müýnli bolýarlar. Müýnli adam bolsa ýöwsel bolýar. Haçan-da biz halal, dogry-dürs hem-de ynsaply hereket etsek, edýän her bir işimiz bize hem gowy girdeji getirýär, hem ruhy kanagatlanma, rahatlyk we gönençlik berýär. Halal işlesek, göwnümiz giň, janymyz rahat bolýar. Halal söwdanyň berýän lezzetini dünýädäki başga hiç bir hünär berip bilmez.
Işledim, amal etdim, isleýän zadym bilen meşgullandym we isleýänimi gazandym. Men mal-mülki, baýlygy, puly gowy görýärin. Yzygiderli gazanýan üstünliklerimden alýan lezzetimi, hözirini dagy diýip-aýdar ýaly däl.
(dowamy bar).
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...