Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
rexha : Zäherli bal seň söýgiň meň nur ýüzlim#P

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Sapdyň, Sada söýdüň
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 30.01.2025 / 09:49

Sapdyň. Sada söýdüň, sada synadyň,
Säherler senada ýada saldygym.
Alyp gitdiň şäherimiň zynatyn,
Ýolup gitdiň karar kirşin kalbymyň.

Sargaryplar gitdiň, saklap bilmedim,
Permanym pes gelip pälwan pelekden.
Sensiň diýip bagrym dilip diňledim,
Gök titredip aglanynda melekler.

Nerkes gözüň nury öçdi gussada,
Yşk mülküm öwrüldi hesret hüjräme.
Kaýyl däldik beýle ýowuz kysmata,
Taýyn däldik beýle agyr hijrana.

Kem-kem boýun aldym hijriň şertini,
Çalykdy seniňem çygjaran çeşmiň.
Gozgamaýyn diýip ýürek derdiňi,
Sataşjak ýerleňden sowulyp geçdim
.
Saňa duşjak bolup etmedim yhlas,
Jemalyň jebirde görerin öýdüp.
Senden jyda düşüp golaýlaşdym has,
Senden aýra düşüp, has kämil söýdüm.

Mejnun kimin berilsemem yşkyma,
Delminip, daglara dada barmadym.
Sataşaryn öýdüp gamly keşbiňe,
Garaňky gijeler oda barmadym.

Ýyndam ýyllar kibi geçdi ýigitlik,
Başyň alyp durmy agyr gün näme?!
Şeýdip ýaşlyk bilen hoşlaşyp gitdik,
Sen öz durmuşyňa, men öz dünýäme.

Indi jepa berip ýöremzok jana,
Gör, ahyry bu dünýäniň gurluşyn:
Söýgimiz, ýüregmiz bir biziň, ýöne
Seň öz durmuşyň bar, meň öz durmuşym.

Gylyçmyrat Kakabaýew


116

16

3

7

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 30.01.2025 / 13:48

+0

ýetirip dur

 Täzeje
 TheQuasar [off]
 30.01.2025 / 13:51

+0

Bir vagtlar yetirip dur govy eken shuna menzesh tesvirler yazmak gadagandy bir yerlerde sheytmeli oydyan barinem. Govrak tesvirler okaryn dip giryan yok stikerler bar yetiirip durlar bar govy ekenler bar...


Gerekli
@menin_dunyam  (31.01.2025 / 00:59) 

TheQuasar, sewawi goşgyny ÿazÿan başka, ÿetirÿăn başka. Şoñ un ÿazylÿa. Hāzir birniñ goşgy ÿada hekaÿasyny ÿazyp ony hem tankyt etseñ, yada őwgili sőz aÿtsañ munuñ awtory men dāl diÿerler


Täzeje
TheQuasar  (31.01.2025 / 09:18) 

@menin_dunyam, hemme awtorlar beyle dala) halasalaram halamasalaram tankyt mohum zat. Ovgili sozdenem onde goryan mena sevavi hakyky tankyd duzuminde hem ovgi hem dovgi saklaya)
Erbet bolmazdy iki sozlemden ybarat mlds govken yetrp dur yaly tesvirlerin yerne govrak tesvirler yazylsa (okalsa)

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 02.02.2025 / 01:05

+0

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика