Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Yekejelai : "Dözemok saña" diýýärdiñ, seret nähili hala getirdiñ meni..

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

ŞYGYRDAKY YŞKYM
 Täzeje
 Oraz37 [off]
 02.02.2025 / 14:24
 Ak¹ Gök² Ýaşyl³ Gara⁴...

Her gün düýşlerime girýän nätanyş,
Kim seniň özeniň, mekanyň nirde.
Syrly bakyşlaryň ýumagyn çözmän,
Alasarmyk bolup oýanýan irden.
Keşbiň görmek üçin uka gitmeli,
Göresim gelse-de ýumulmaz gözlem.
Onsaň, ýorgut isläp soragly beýniň,
Esasy bölümde nätanyş gözleg.

Doly ýadymda däl, ýöne gözleriň,
Päklik çeşmesi deý örän durudy.
Edil, sekunt ýaly armaz ýüregim,
Gaýta ýaşamaga bir salym durdy.
Ýylgyraňda ruhum ornaşdy tene,
Mähriň bedenime çaýyldy gitdi.
Nepesim ugruna çözlenen saçlaň,
Buýra ykbalyma ýaýyldy gitdi.

Her gün düýşlerime girýär şol pursat,
Ýok, bu düýş däl, salgym däl ýa dynç alyş.
Bu başga ýagdaý bu, başga basgançak,
Haýsy älem melegi sen nätanyş?!

Ne zat diýýäň ne söz berýäň gürläre,
Diňe ýeke salym görünip gidýäň.
Soragyň çözmüni özüme goýup,
Süýji hyýal berip gözümden ýitýäň.

Bedenim şal açyp, ruhum çyrpynýar,
Ýene şol tapmaça ýene şol sowal.
Heý, ýöne ejizläp, ýüz öwrüp bolmaz,
Ýeke umyt bilen gözlege dowam.

Nirelerde ýörsüň, nirelerde sen,
Ýa girdiňmi özge ykbal akmyna.
Sen geljekmi ýa-da soňy boş hyýal,
Sygdyrybam bilemok hiç aklyma.

Däli ýel deý ygyp ýörün aýlanyp,
Al ömrümi, ýel ykbalym saklat-da.
Gözlegiňde gözlem uka imrikjek,
Gutar meni, galmaýyn gel gaflatda…
Aýan boldy dünýe, syryldy perde,
Geçip gitdiň ýumurylan şalygym.
Golunda perzendi kakasy başga,
Emma, başyndaky sary ýaglygyň
meniň sowgadymdy ömürüm ýaly,
Saňa bagş edilen zatlaryň biri.
Ykbalymdan çykypdyň-a ýogalyp
-Diýipdiň-ä: —Gidemden soň öldi diý!
Indem düýşlerimde ýene sen diri.

Ruhymy gynap gelmegin, haýyş,
Düýş bolsa-da seredere ýüzüm ýok.
Men günäkär bende a sen ýazykly,
Düzedere heý jadyly sözüm ýok.

Öňem dünýäň ýüki ýetk egnimde,
Men ikilenç göterýärin tabydyň.
Biz bu dünýe bile bolup bilmeris,
Tutup goýberilen tylla balygym.

Geçilen dolanmaz, janyňy ýakma,
Ýaşarsyň sen hakydamyň töründe.
Ol polýar gijeler dolanyp gelmez,
Arzuwlarym rahat ýatsyn göründe.

Öň bizler mertlerçe dymdykmy?!
Indem
Boýnalaly, gözýaşlaram diňýär-ä.
Şu dünýede bile bolup bilmedik.
Bolup bilmez ol indiki dünýäde.

Ýaşap bilmedik biz ýagdaý döredip,
Goý, ýaşaberäli ýagdaýa görä.
Başlanan gutarýar, aýnal hakykat,
Diňe ýatlamasy galýandyr güwä.

Çagalaň bagtyna guwanyp ýaşa,
Perzentlerňe öwret bizde ýok dogmy.
Bir haýyşym, şaňlamasyn gulagym,
“Ahmet” diýip çagyrmagyn ogluňy.

Maňa parhsyz eken diýip gyýylma,
Dünýede däl, gursagymda bakylyk
Ýaşarsyň sen, sebäp ýazan setirlem,
Yşgy dünýäň taryhyna çakylyk.

Ol ýerde ölüm ýok, ýaşars müdümi,
Aýralyk gussa ýok bagryňy ezýän.
Haýran galaýmaly bagtly bolarys,
Bizi mydam bile saklar poezýam.

Ahmet ARAZOW.


68

12

1

4

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 @menin_dunyam [off]
  Islenilmedik ÿűrekde kőlegămide goÿmaryn. GOUJAM
 02.02.2025 / 17:51

+1

Aýan boldy dünýe, syryldy perde,
Geçip gitdiň ýumurylan şalygym.
Golunda perzendi kakasy başga,
Emma, başyndaky sary ýaglygyň
meniň sowgadymdy ömürüm ýaly,
Saňa bagş edilen zatlaryň biri.
Ykbalymdan çykypdyň-a ýogalyp
-Diýipdiň-ä: —Gidemden soň öldi diý!
Indem düýşlerimde ýene sen diri.

Şu ÿeri ÿűrege batdy. Ÿetirip duruñ

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýalňyş yşk-my?


Çaknyşýarys. Akylsyz biz. Akylsyz ýigit, Akylsyz gyz. Tiz bolaly. akylly Adamlar kän ...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Luckyboy (Şugün, 07:27)

Muny Bilmek Gyzykly !


Indi gulmelimika?...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
Luckyboy (Şugün, 07:25)

Ýalňyş yşk-my?


Kopculikde emiship mekdepcileň kellesini bulashdyrma...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Bentner (Şugün, 07:20)

Muny Bilmek Gyzykly !


phaha...dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
rexha (Şugün, 02:03)

Ýalňyş yşk-my?


At-familiýa?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Pegas (Düýn, 23:57)

Ak stil............


Oz nickinde yazsana shuny...dowamy...
Umumy | Ak stil............
rexha (Düýn, 23:52)

Ak stil............


Doglan günüňmi şu gün?...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Sebap (Düýn, 22:40)

Ak stil............


Yzym ýarasyn- toba saglykmy?...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Sebap (Düýn, 22:39)

Ýalňyş yşk-my?


Ýetirip dur goşgyň gowy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ýalňyş yşk-my?
Sebap (Düýn, 22:38)

Ak stil............


Herzat okajak ekeniň ölmeseň...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Dunyodagi (Düýn, 22:34)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика