Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Anora : Düýn göz ýaşyňy süpüren ynsanyň, bu gün göz ýaşyňa sebäpçiňdir.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

“Giç düşündim peltek diline dünýäň...”
 Gytyndan
 Baron [off]
 03.02.2025 / 04:04
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Dostum, biten ýaralarmy gorjama,
Dostum, ýiten duýgularmy oýarma.
Şahyryň ýüregi ýanýan borjaga
Meňzeşdir, çabyrar, barma golaýna.

Ömrüm geçer öýtmeýärdim beýle tiz,
Ýatlamalaň aşagynda lagşadym.
Ýyllar mejbur etdi, ýogsa meýletin
Şatlyk bilen hasratlary çalşar kim?!

Derýa deý tenimde ýüregim – gaýyk,
Halys boldum, dagdy boldum minnetden.
Sen nämä garaşjak aýdymy söýüp,
Şahyryny aç öldüren milletden?!

Ykbalyma alkyş baryn aýdardym,
Ýel deý sarç täleýim bolsa ibaly.
Birçak menem meşhur borun öýderdim
Çingiz Törekuliç Aýtmatow ýaly.

Ezeli kysmatyň hiç zat üýtgetmez,
Ne aýdym, ne-de bir ýanyp-jowranma.
Giç düşündim peltek diline dünýäň,
Giç düşündim azap üçin doglanma.

Hemem näme üçin ir düşdüm tapdan,
Paýawlady hatda bolsadylarym.
Arasynda hatar duran kitaplaň
Saýlanan eserlem bolmady meniň.
 
Birçak mawy bulut ýaly sadadym,
Ýagyp-ýagyp, hezil edip diňýärdim.
Gözünde gizlenip gara gijeleň,
Ýyldyzlaryň aýdymyny diňlärdim.
 
Perişdeleň sesi ýaly mylaýym
Owazlar asyrlaň üstünden çawup,
Näzik ýüregimi tämizläp gaýym,
Bakylyk barada çakardy çawuş.
 
Birçak arzuwlarym meňzeşdi köle,
Bugardy, gugardy, suwy çekildi.
Ýadadym, ýaşamak islämok, ýöne
Ölübem bilemok adam şekilli.
 
Göz gubarda, maňlaý bolsa gasynda,
Göwnüm diýýär: “Ter güllere bol maýyl!”
Delmuryp Hudaýyň bosagasynda,
Özüme garaşyp duran bolmaýyn.
 
Bu zatlary janym ýanansoň diýýän,
Bilýän dürs däldigin şeýle pikirleň.
Meger, men iň soňky genisi dünýäň
Kemsidilen, ýekirilen, ýitirlen.
 
Başarsaň, şahyra diýme küpür gep,
Ýympyk sözler bilen dörme derdini.
Ýüwrüp gelýän ýüz ýyllyklar süpürmez
Şahyryň kalplara ýazan beýdini.
 
Goýmaz hakykaty söýmek gylygyn
Ot-elek ýürekleň ýazlygy üçin.
Şahyr ölýär tutup bir gün ýüregin
Ýüreksiz adamlaň barlygy üçin.
 
Söz bilen döreder ýürekde galkym,
Aglap duran ýürekleri diňdirer.
Dostum, şahyryny har eden halkyň
Hudaý bilen arasynda kim durar?!
 
Gedemlik, gödeklik saklamaýar müýn,
Il agysy piňine-de däl onuň.
Adam öz keýpini sazlamak üçin
Bozýar baky sazlaşygny älemiň.
 
Bile bişip, bile ýanyp-solaryn,
Baglar ýapragyny düşürende ir.
Menem ortaçarak şahyr bolaryn
Sözüň nämedigne düşünende il.
 
Göçen bulut ýaly, öçen ot ýaly,
Uçan guş deý geçen gelmez öwrülip.
Dostum, biten ýaralarmy gorjama
Hemem göwnüm üçin berme göwünlik.

1986ý.


©Gurbandurdy ORAZOW


149

19

2

7

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Hyyalbent [off]
 03.02.2025 / 10:55

+0

Derýa deý tenimde ýüregim – gaýyk,
Halys boldum, dagdy boldum minnetden.
Sen nämä garaşjak aýdymy söýüp,
Şahyryny aç öldüren milletden?!

 Täzeje
 Oraz37 [off]
  123
 03.02.2025 / 11:22

+0

Ömrüm geçer öýtmeýärdim beýle tiz,
Ýatlamalaň aşagynda lagşadym.
Ýyllar mejbur etdi, ýogsa meýletin
Şatlyk bilen hasratlary çalşar kim?!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Son okarynda mn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Jasmin (Şugün, 08:19)

Jogapsyz sowal...


Berekella galamyň ujy ýiti bolsyn!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Jogapsyz sowal...
Arzyhan (Şugün, 08:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Gyzykly görunýä ýone okamana ýaltandym...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Maleficent (Şugün, 07:50)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Çeçme?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Garrybay (Şugün, 07:25)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика