Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Ony hiç görmezlik başga biribilen göreniñden gowudyr.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

söýgüniň güýji we ölmeýän söýgi
 Betinden
 Sebap [off]
 04.02.2025 / 19:23
 Lekum dinukum we liýe din

Bir ýaş ýigit ellerine bir desse gül bilen ylgap seýilgähe bardy. Gözleri şeýle bir begençden dolydy welin, ol begençler bilen seýilgähiň ähli ýerlerine göz aýlady. Gözleýän adamsyny tapmandygy üçin, ol özüne golaý oturgyçda oturyp, söýgüli ýaryna garaşdy. Elinde hemişekileri ýaly ajaýyp güller bardy. Bu güller onuň söýgüli ýarynyň iň oňat görýän gyzyl, gyp-gyzyl hem-de goýy gyzyl bägülleridi. Olar göýä diýersiň ýaňy ýygylan ýaly hoşboý yslary bilen burk urýardy, bu yslardan söýgüniň, yşkyň ysy iň esasy zadam küýsegiň hem hasratyň ysy gelýärdi. Ol gülleriň üstünde aglaýan dek damjalar bardy. Ýaş ýigit güllere bakyp, olar bilen gürleşýän mysaly “Siz näme üçin aglaýarsyňyz, serediň men nähili bagtly” diýdi. Az wagtdan söýgüli ýaryny görjegi ýadyna düşen badyna onuň ýüregi çalt urmaga başlady. Haçanda ol eziz ýary barada, onuň bilen duşuşýandygy hakynda pikirlense onuň ýüregi göýä diýersiň asman saýa uçaýjak bolýardy. Ýyllardyr bir-birlerini söýýändiklerine garamazdan, olar bu söýgülerinden hiç zat ýitirmediler, olary bir-birinden hiç zat aýra salmady, ne hasrat, ne aýralyk, ne-de ölüm….
Aşyk ýigit ýürek howlukmasy bilen sagadyna seretdi. Söýgüli ýary ýene-de gijä galypdy, ol bolsa öz içinden zyýany ýok bary ýogy ýekeje minut gijä galdy ahyryn diýip öz-özüni köşeşdirdi. Ýöne aslynda onuň özi söýgüli ýaryny garaşdyrmak islemän, belleşilen wagtyndan ir gelýärdi. Şonuň üçin hem ol garaşmaga razydy. Emma söýgüli ýary hemişe şeýle edýärdi. Yzygiderli özüne garaşdyrýardy. Ýigit pikirlenip oturşyna gözi öňünde aňyrsy-bärsi göränmän ýatan deňze düşdi we ol öz ýaryna bolan söýgüsini şol deňiz bilen deňedi.

Aslynda bu gün aşyklar üçin iň bir ýatdan çykmajak günleriň biridi. Olar öz aralarynda bir-birlerine duýgulary barada aýtmalydylar. Ýöne mejnuna dönen ýigit ilki bilen ol öz duýgusyny beýan edipdi we soňrada iki sany ýüzük alypdy. Bu wajyp günde hem söýgüli ýaryny garaşdyrmak islemändi. Emma ýigit garaşmaklyga endik edindi we ol öz-özüni “Zeleli ýok ýene biraz garaşaryn diýip” höre-köşeleýärdi. Gülleriň ýapraklary bolsa häzir hem göz ýaşlydy. Ýigit gülleriň halyna düşünmeýärdi. “Ähli zat şeýle bir ajaýyp welin, bular näme üçin aglaýarkalar? Häzir meniň söýgüli ýarym geler, onuň bilen görüşerin, bagryma basaryn. Soňra bolsa bir-birimize ýüzüklerimizi dakarys we täze durmuşa gadam basarys” diýip duýguly pikirler bilen içini gürledip otyrdy.

Aşyk ýigit şeýle bir bagtlydy, söýgüli ýaryna gowuşmak üçin bir ýerde özüni saklap bilmeýärdi. Asmandaky guşlaryň bir-birleri bilen ganat kakyşlaryna seredip “Nähili owadan tans edýärler” diýip, ýene-de sagadyna seretdi. Ýigit gaýgylanyp başlady. “Näme üçin gelmedi, näme beýle gijä galdy, ol gijä galmaly däl ahyryn. Hemişe biz şu ýerde duşuşmagy, deňze bakyp onuň aýdýan hekaýalaryny diňlemekligi, guşlara seredip olaryň tans edişlerini bileje synlamaklygy bir-birimize wada beripdik. Onda näme sebäpden gelmedikä” diýip gaýga gitdi. Oýuna her hili erbet pikirler gelip başlady. “Ýok, ýok bolup bilmez, meniň mähribanyma hiç zat bolmaz, onsuz maňa ýaşaýyş ýok, ol ölse-de elmydama meniň bilen bile ýaşar” diýip pikir etdi. Bu pikir ýöne gowy pikir däldi. Ol gözünden çykan ýaşlarynyň hiç kimiň aňmazlygy üçin gözlerini ýere dikip, göz ýaşyny süpürdi. Ýöne onda-da daş-töweregindäki adamlar oňa geň galyjylyk bilen seredýärdiler. Bu seredişlere ýigit özüni oňaýsyz duýup başlady. Halys ýadady. Ýene-de söýgüli ýary ýadyna düşdi we özüne näme sebäpden gelmedi diýen soragy berdi.

Emma ýedi ýyl boldy, ýedi ýyllap hem şol bellenilen gün seýilgähde söýgüli ýaryna garaşýar. Mundan artyk çydamady, ýüregi bölünere gelýärdi. Gözünden birje damja ýaş elindäki gülleriň üstüne damdy. “Ýene-de gelmejek öýdýän, men bir öýüne baraýyn, hiç bolmanda gülleri öňkisi ýaly ýanyna goýaýyn we oňa berdigim bolar” diýip ýuwaşjadan gepledi. Aşyk ýigit söýgüli ýary bilen duşuşmak üçin mazarlyga tarap ýöredi.

Awtory:Bägül Dawliýewa


139

10

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 04.02.2025 / 19:24

+0


Betinden
Sebap  (04.02.2025 / 19:25) 

Yekejelai, Sagbol tatlim

 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 05.02.2025 / 12:57

+0

Gaty gynaçly eken okamda agladym!


Betinden
Sebap  (05.02.2025 / 14:56) 

Efsane, hm

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 05.02.2025 / 18:00

+0

Way yuregimi agyrtdynyz-ay.


Betinden
Sebap  (05.02.2025 / 20:43) 

Belki, Wi bagyşlan onda

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика