Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Diamante_08 : Yalnızlığı çok seversek, bir gün o da çekip gider mi?#Diamante

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýalan söýgä ýanan söýgi
 Betinden
 Sebap [3m]
 04.02.2025 / 19:28
 Lekum dinukum we liýe din

Bir gyzy tutuş dünýäň, barlygyň hasaplamak juda müşgil eken. Has erbedi ilki öz razylygy bolup, soňra kalbynyň gapysyndan içeri ätlemäge hiç hili rugsat bermese… Şol kalbyň töründäki içki ojakda howura howlukýan şol gyzgyn razylygy gazanmak üçin islendik synagyny geçmäge kaýyl. Elimden gelenini edýän. Ýöne ýüregiňe ýakyn saýýan gyzyňy çenden-aşa söýüp erkeleseň, ol senden daşlaşmak bilen bolar eken. Hatda agaçlar hem baharda , tomusda ýapraklary bilen mäkäm birigip , ony gujaklap otursa hem, güýzde gussa bilen olary kowup goýberýärler.Ýöne ýapraklaryň ykbaly belli, ara şemal düşýär.Göräýmäge meniň söýgime meňzeş ýaly, emma meniňki sebäpsiz kösenýän söýgi.Söýänimiň menden gitmeginiň sebäpleri maňa garaňky. Bir bilýänim, gülümiň görküne görk goşýan garaja gözleri garaňkylyk garamatyna galdy.Ýalanlara ýandy , ýüregini ýaralady.Ýöne meniň bilen däl-de, başgalaryň baş baglamagynda …

Men oňa tarap ylgardym, ol bolsa alyslara.Ýalňyşlyk üstüne ýalňyşlyklary ony kem-kemden basmarlardy, gahar hem onuň gözlerini nuryndan aýryp taşlady.Alyslar ony ýekelik dünýäsine gark etdi.Öňler güýzüň agras köçelerinde jübütleşip gezim ederdik.Näzik ellerinden tutanymda inim tisginekläp, ýüregimdäki ähli gam-hasratlar şatlyk bulgurynda gaýnardy.Onuň oýmuk ýaňaklaryna ýaýraýan ýyly ýylgyryşlary entegem göz öňümde janlanýar.Saçlary gije bilen çaknyşanda gülüň hoşboý ysyna bäsdeş şol şar gara saçlar şemalyň ugruna emaý bilen maňa tarap çöşlenerdi.Nurana ýüzi bilen Aýy özüne boýun edip bilen, göreçlerindäki syrly ummany bilen Güni hem-de meniň günlerimi nätanyş ýalňyzlyk dünýäsine bendi eden şol gözel gyzyň men Aşygy.Ýalan söýgä ýanan durmuşyň önümi men.Onuň dünýäsinde oduň ýalynyndan püre-pür umman ýaşaýar.Ol umman söýgini aňsatlyk bilen kabul etmeýär.Ýöne öz köseýän ynsanynyň halyny düşünmegi başarýar.Ýalan bolsa-da otly ummana girmäge rugsat berýär.Men hem şonuň pidasy. Meni ýalan bolsa-da söýüp bilen ýekeje gyz şol.Hawa, hakykatyň haçan hem bolsa bir gün ýalany bir gyra itjegini bilerdim, ýöne giç anygyna ýetdim. Onuň maňa goýýan synaglary çekip-çydardan gaty agyrdy. Iň soňy ölüm bilen gutarmalydy,ýöne ejizlemeýän asla.Onda hiç hili günä ýok.Günä mende,ony çenden geçip söýenligim.Ýöne bir melegi söýüp, ony unudup bilmezlik derejesinde isleýänligim günä bolsa, men her demde günä gazanmaga razy.Ynsan näme üçin aýagynyň astyndaky bagty depeläp,alyslardan bagt gözleýärkä?!Ah,ynsan, ynsan…Aslynda, durmuşda hiç hili çylşyrymlylygam, kynçylygam ýok, onuň adamlary çylşyrymly, durmuşymyzy özümiz kynlaşdyrýarys.Emma,gülümi başga ynsanlara hiç meňzetmeýärdim,çünki, durmuşynda gülküni unudan, çagalygy bolmadyk, gözlerine diňe hasratlar ýazylan bir maşgalanyň naçar gyzy ahyry ol.Adamlara öz gussasyny gülkä öwrüp paýlamagy başaryp bilýän perişdäni nädip söýmän bileýin,aýdyň!

Söýdüm , çyn ýüregimden.Onuň maňa bolan söýgisi ýalan bolsa-da.Günler ýyllary sepläp, söýgülüm bilen diňe ýatlamalary galdyrdy.Ilki-ilkiler:”Meni hiç kime berme, berme!”diýen diller birden “Meni unut!”diýen sözleri gaýtalaýar, şu wagtam.Sebäp näme?Aýt diýsem,ýalan sözleri gürleýär.Ýöne meni jadylan gözler hiç wagt ýalany diýip bilmeýär, bilmezem. Men ol gözlere juda belet.Belki-de, ony wagt ýada ynsanlar üýtgedendir.Bilip bilemok… Ýalbarardym, “Mende gal!”…Bu aýtgy henizem aňymda düýnki ýaly gaýtalanyp dur.Bu gije Aýy arka tutunyp, ýatlamalary bir ýere jemläp, söýýänime goşgy goşdum.Ine şol goşgudan bir bölejik:
Seniň syrly seredişiň dünýäň keşbini synlar,

Yşga düşen bilbillerem sesli çeşmiňi yzlar,
Göwnüň sähel ynjasa bu ykbalam mende sowar,
Birden gitseň menden gülüm, ýüregim tapmaz karar,
Arzylar bu ellerim , gel, mende gal, mende gal!

Şol gyzy ölüp-ölüpler söýýän. Meni şol derejede mejnuna öwren gyz “ruhy dünýäniň odydy”. Ynanyň, durmuş hakyky söýgi , mähir- muhabbete baý ýürekler bilen durmuşdyr.Hiç wagt söýýäniňizi ynjytmaň, ýalan günlere bermäň, başarsaňyz her demini siziň bilen bile bir howadan alýanyna şükür edip ýaşaň, her sekuntda mähirli gülküsine sebäp boluň! Söýüň, söýüliň!

Awtory:Guwanç Ballyýew


91

12

3

2

0

0

1
Teswirler:
 Öwreniji
 Madi [off]
  Hayat bir gun oda bu gun
 04.02.2025 / 19:35

+0

 Täzeje
 Efsane [off]
  Arkamdan gybatymy etýänleň arzuwlaryna golum bar!.
 05.02.2025 / 13:03

+0

Gaty gowy ýene ýetirip dur şular ýaly zat!


Betinden
Sebap  (05.02.2025 / 14:57) 

Efsane, Sagbol nesip bolsa

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 05.02.2025 / 18:03

+0

Vay anasını

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика