Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Must everyone have a dream , anyway? Even if I don’t have a dream, the world goes ’round just fine

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Kakam hakda ýatlama.....
 Gytyndan
 Sebap [off]
 08.02.2025 / 22:41
 Lekum dinukum we liýe din

Döredijilik adamlarynyň arasynda ene barada eser döretmedigi, goşgy ýazmadygy ýok bolsa gerek?. Emma ene söýgüsi bilen deñ derejede duran ata söýgüsi barada ýazýan azmyka diýýärin. We bu gün men ýeke gezek didaryny görmedik , “Gyzym” diýip başymy sypap bagryna basyp, maňlaýymdan ogşamadyk mähriban kakam barada mähriban okyjylara gürrüň beresim gelýär. Bu başymdan geçiren durmuş hekaýamy uruş döwründe kynçylyklara döz gelen, yadaman uly umyt bilen mähribanlarynyñ giden ýoluna garap, ýagşy umutda bolan, ýüreklere bagyşlaýaryn.

Ata – babalardan gelýän şeýle bir parasatly söz bar: “Atasyz ýetim- ejesiz ýesir”. Ganym uruş zerarly iñ mukaddes söz bolan “Kaka” diýmekden mahrum bolan çagalaryñ biri men. Men hem çagalykdan ýetim galdym. Entek men dünýä inmänkäm, ýaňy 18 ýaşly kakam Hudaýberdi 1939-njy ýylda Watan gullugyna çagyrylýar. Ejem bilen dogan-garyndaşlar bolup kakamy “Sag aman gel” diýip gulluga ugratýarlar. Kakam mähriban ejemde goşa ýüregiñ urýandygyndan habarsyzdy. Şeýdip kakamjan gitdi. Aýlar-günler geçip durdy, durmuş asuda, parahat dowam etýärdi.Meniñ dünýä gelme buşlugyny eşiden ýaş esger, ýagny kakamjandan gelýän begençli bukjalar ýalñyz ejemiñ ýüregine teselli berýärdi.

Süýji günleri arzuwlap, kakamyň gelerine garaşyp yörşümize ertirki başa injek nägehan uruşdan hiç kimiñ habary yokdy.

Gullugy gutarmaga,

Galaýypdy az wagtyñ,

Ganym duşman ýurda çozup,

Ýatyrdyla seniñ bagtyn.

1941-nji ýylyň iýun aýynyň 22-sinde faşistik Germaniýanyñ Watanymyza çozmagy bütin dünýäni lerzana getirdi. Bu ajy habar her bir öýe ot bolup düşdi. Ejem bilen Kakamyñ eden süýji arzuwlary güýz ýapraklarynyñ ýere gaçyşy ýaly gaýyp gitdi. Durmuşyñ kyn günleri başlapdy. Kakamdan gelýän arzuwly bukjalaryñ sany kem-kemden azalmaga başlapdy. Bir gezekki gelen hat, mähriban ejemiñ ýüregini paralapdy. Kakamjanyñ didaryny görmegi arzuw etýän ilkinji perzendi, ýekeje gyzyna eden soñkuja arzuwy şeýle boldy: “Men toýa barýaryn (şol wagt urşa “toý” diýilýän ekeni). Sag gurgun otyryñ. Ýeke gyzyñ bagtynam Alla oñarsyn!”.

“Biz toýa barýarys” diýip,

Obaña ýolladyñ haty.

Eziz ejem gözyaş etdi,

Gaýta-gaýta okap haty.

Şeýdip ejem kakamyñ sag aman uruşdan dolanyp geleriñe garaşybermeli boldy. Her gezek oba poçtalýonynyñ getirýän hatly bukjasyny okap, kakamyñ sag gurgyndygyna şükir etýärdi.

Bir hatynda ýazypdyn,

“Men tank sürýärin” diýip.

Ganym duşmanyñ külün,

“Göge sowurýan” diyip.

Kakamyñ ýany bilen oz dutaryny alyp gidendigini, öz çalýan sazlarynyñ esgerlere ýeñşe bolan umyt, ýüreklerine teselli berýändigini kakam begenç bilen hatynda ýazýar eken. Ejemjan bilen kakama kän garaşdyk. 1945-nji ýylyñ Maý aýynda beýik Watançylyk urşy ýeñiş bilen tamamlandy. Emma kakam gaýdyp gelmedi.

Dolanyp gelersin diýip

Umut bilen garaşdyk,

Sag aman gelenlerden,

Gaýta-gaýta soraşdyk.

Ejem bilen kakamsyz geçen kyn günlerimiz ýadymda. Ejem orak orup, döwek döwerdi, gazy gazardy, gijelerine çyranyñ ýagtysyna jorap örerdi, haly dokardy. Geçýän günler nähili kyn bolsada, çagalyk döwri öz hökümini ýöretýärdi. Çagalar bilen oýnanymyzda çagalaryñ “Kaka!” diýen sözlerini özümde arzuwlap, onuň nähili duýgydygyny bilmek üçin çete çykyp “Kaka!, Kaka!” diýip gaýtalap görýärdim. Ejemjan kakamyň ýoklugyny näçe bildirmejek bolsada, ýüregimde onuñ ýeri elmydama boşdy. Kakamy ýatlara mende hiç hili ýatlama ýokdy, ne ýylgyrşy, ne ýöreýşi, ne gürleýşi…..Ondan mana galan ýekeje ýadygärlik, ejem üçin ýasan gülýakasy boldy.

Kakamy ýatlap ýatan,

Dañlarym hiç atmady.

Ata mährinden ganmak,

Maña nesip etmedi.

Elmydama aklym kakam baradaky habarlarda boldy. Kakam bilen deñ ýaşdaky adamlary görenimde, uruş weteranlary bilen söhbetdeş bolanymda kakam barada soraýardym. Häzir meniñ ýaşym segsene ser uran hem bolsa, heniz-henizler hem mähriban kakam barada pikir edýärin. Kakam niredeka?….

Galaýdyñmy jan kakam,

Ýat ýurtda mazar bolup.

Nirelerde ýatyrsyn,

Öz topragyña zar bolup.

Eger şu asuda, parahat asmanyñ astynda ýaşaýan bolsak, ir säherden guşlaryñ ýakymly owazyna oýanýan bolsak, bu bagty kakam ýaly müñlerçe Watan üçin, geljekki nesiller üçin janyny gurban eden gerçeklere borçludyrys!

Awtory: Amansoltan Jumaýewa


52

8

1

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 08.02.2025 / 23:12

+0

Haladym


Gytyndan
Sebap  (08.02.2025 / 23:36) 

BAYOGUL, aha

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Boljak boljak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Luckyboy (Düýn, 23:10)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Aziýa ligany utdyňyka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Brend (Düýn, 22:16)

)😁Degisme


Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow Serçe ýebanutymy ýa?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:12)

)😁Degisme


Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:11)

)😁Degisme


Gygyryp guldimda...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
rexha (Düýn, 21:54)

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Düýn, 21:44)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Tüweleme dowamam gelewersin şeýdip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Sebap (Düýn, 20:10)

Uzak yasa Epifiz dade.


EpifizZzzz uzok yasaaaa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aypipijik (Düýn, 16:51)

Uzak yasa Epifiz dade.


Uzak yasa sulara menem gosulyan uzyn omrun bolsun goroglyn yasyn yasa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aydymcy_Jemile (Düýn, 13:40)

Uzak yasa Epifiz dade.


Menem gutlayan uzak we manyly ýaşa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Luckyboy (Düýn, 13:33)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика