Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Orazjan : iýi dostu olan insanin, aýnaýa ihtiýaçi ýoktur. @ Mewlana

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Enäniň perzendine bolan söýgüsi
 Betinden
 Sebap [off]
 08.02.2025 / 22:44
 Lekum dinukum we liýe din

Bu waka Garrygala sebitlerinde kiçeñräk obalaryñ birinde bolupdyr. Bu wakany maña enem pahyr gürrüñ beripdi.

-Biziñ obamyzda 98 ýaşly Ejegül atly garryja daýza bardy. Ejegül daýzanyñ başdan geçirenini saña aýdyp bereýin- diýip, enem gürrüñ bermäge durdy…

Bu waka türkmen obalaryna ýañy sowet hökümetiniñ gelip, ilkinji kolhozlaryñ döredilýän gabatlary bolupdy. Garrygala etraby goñşy Eýran döwleti bilen serhetleşýärdi. Şol wagtlar serhet berkedilmän, goñşy Eýran döwletinde ýerleşýän türkmen obalaryna gizlin gatnaw bolupdyr. Ejegüliñ hossarlarynyñ ýaşaýan obalary bilen Garrygalanyñ arasynda serhet çekilip, olar Eýranda, Ejegüliñ gaýynlary bolsa, Garrygalada galýarlar.

Ejegüliñ adamsy agyr kesele duçar bolup ir aradan çykýar. Ejegül iki çagasy bilen dul galýar. Bu habar Eýran obalarynda ýaşaýan Ejegüliñ doganlaryna baryp ýetýär. Şol wagtlar dul galan ýaş gelinleriñ hossarlary ony ikinji gezek durmuşa çykarýan ekenler. Eger-de gelni öñki öýünde alyp galjak bolsalar, gelniñ gaýynlary onuñ hossarlaryna ýene-de galyñ tölemeli bolýan ekenler.

Ejegüliñ gaýynlary ir ýogalansoñ, galyñ berip, alyp galara hiç kim ýok eken.

Günleriñ birinde agşam at aýagynyñ dükürdisi eşidilýär. Ejegül daş çyksa atly-ýaragly agalaryna gözi düşýär. Olar Ejegüle ony Eýrana alyp gitjekdiklerini aýdýarlar. Ejegül agalaryna ýalbaryp şeýle diýýär:

-Meni äkitmäñ! Meniñ çagalaryma kim seretsin?! diýip özelenip ýalbarýar.

-Çagalaryña adamyñ garyndaşlary, obasy, il-güni sereder diýip, Ejegüli atyñ öñüne basyp, alyp gitýärler.

Ýolda Ejegül özüni atdan oklajak bolup kän garşylyk görkezýär. Ýöne ejiz naçaryñ güýji bilen erkek kişiniñ güýji deñ gelmeýär. Doganlary Ejegüli serhetden aşyryp, Eýrana äkidyärler, ony bir baý adama durmuşa çykarjak bolýarlar. Ejegül her gün çagalaryny ýatlap, öz obasyny ýatlap aglaýar. Watan zary, perzent küýsegi gelini öz gününe goýmaýar. Ejegül yzyna, Garrygala nädip aşmagyñ pikirini edip başlayar. Doganlaryna al salyp, nädip gaçmaly? Doganlary-da Ejegülden gözlerini aýyrman seredýärdiler. Agşam düşyär. Şu gün agşam gaçmasa soñ giç boljagyna göz ýetiren Ejegül, saçakdan el ýaly çöregi alyp, pişik basyşyny edip, ýüzüni garaňka tutup öýden çykýar we obanyň çetinde duran ot küdesiniň depesine çykyp gizlenýär. Doganlary Ejegüliñ ýokdugyny añyp,ony gözlemäge çykýarlar. Bütin gije obany elek edip gözleýärler.Ejegülem otly küdäň üstünde bar zady synlap ýatyr.Gije birçene barandan soň hemme kişi uka gidýär. Ejegülem asmana seredip, ýyldyzlardan ugur alyp, ýola düşyär. Ejegül dag jülgelerinin içi bilen Garrygala tarap ýola düşyär. Dag jülgeleri howatyrlydy. Dagda ýyrtyjy möjekler, şagallar, geçi gaplañlar, hat-da syrtlanlar hem bardy. Çagalaryny, öz Watanyny bir aýlap görmedik gelin, hiç zatdan gorkman, heder etman ýol-ýodasyz ýerden haýdap barýardy. Ol gündiz yöreýärdi, gije bolsa agaja çykyp, özüni agaja daňyp uklaýardy. Şeýdibem, ýyrtyjy haywanlardan özüni goraýardy.Ejegül iki gün ýöredi. Üçülenji gün diýlende, gelniň gözüne alysdan bir gara göründi. Iki günläp adam garasyny görmedik gelin ýaglygyny galgadýar. Ony gören ol adam sakga durup geline garaşýar. Ejegül golaý gelse, ol adamyň Sapar söwdagärdigini tanaýar. Ol Eýrandan çaý we başga harytlar getirip söwda edýär ekeni.Bular iki bolup oba tarap barýarkalar, serhetçiler olary saklaýarlar. Olary etrap serhet bölümine getirýärler. Ejegül serhediñ uly komandirine bolan wakany bolşy ýaly gürrüñ berýär. Serhetçiler Ejegüli goýberýärler. Şol wagtlar maşyn bolmansoň, at arabasynda Ejegül oba gaýdýar. Oba golaýlaşdygy sary Ejegüliñ ýüregi gursagyny ýaraýjak bolýar. Ýoluñ gyrasynda, ejesiniň ýoluna garap oturan, sal- sal eşikli kirlije çagalaryny gören Ejegül gujagyny giñden açyp, olara tarap ylgaýar. “Kakasyz ýetim, ejesiz ýesir” diýleni. Olara goñşy-golam seredipdir, çagalaryna el ýaly çörek beripdirler. Çagalar welin, günde ejeleriniň ýoluna çykyр oña garaşypdyrlar. Şeýdip Ejegül öz ҫagalaryna gowşupdyr. Ojagy, tamdyrу hiç zat bişirilmänsoñ, kerep baglap gidipdir. Bir aýlyk aýralykdan soñ Ejegül öz Watanyna, dogduk obasyna, çagalaryna gowşupdyr. Enäniñ perzendine bolan söýgüsine haýran galýaryn. Ondan bäri köp wagt geçdi. Ejegül daýzañ çagalary öýli işikli boldylar. Ejegül daýza 98 yaşynyñ içinde aradan çykdy, ýöne onuñ ykbaly welin heniz-henizlerem obadaşlarynyñ ýadyndan ҫykanok. Enäniñ söýgüsi hakda häzir-häzirlerem gürrüñ edýärler. Enäniñ perzendine bolan söýgüsini ähli söýgileriñ iñ beýigi, iñ mukaddesi hasaplaýaryn.

“Magtymguly, haýwan bilse balasyn

Ynsan bagryn duzlamaýan bolarmy” diýip beýik söz ussady Pyragy hem aýdyp gidipdir ahyryn- diýip, enem sözüni jemledi.

Enäniñ perzendine bolan söýgüsi – bu bir gudrat. Şol enäniñ perzentleri üçin, pуýada ýurt aşyp, dag aşyp gelmegi еýsem gudrat dälmi?!

Ene mähri, ene söýgisi barada Hormatly Arkadag Prezidentimiz “Enä tagzym- mukaddeslige tagzym” atly eser döretdi. Alym Prezidentimiziñ bu eserinde ene hakda, onuñ perzendine bolan söýgisi hakda, umuman ene dünýäsi hakda ussatlyk bilen giñişleýin çeper bеýan edilýär. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyñ ene hakdaky eserinden täsirlenip, bir bent goşgy bilen hekaýatymy tamamlasym gelýär:

Enä hormat, Enä tagzym,
Arkadagdan uly taglym,
Sizi gorap dursun Tañrym!
Ene-ömre şamçуragdyr!

Awtory: Selbi Öwezmyradowa


74

9

2

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 08.02.2025 / 23:11

+0

Goawy ekeni


Betinden
Sebap  (08.02.2025 / 23:35) 

BAYOGUL, aha

 Özümiziňki
 Gulmahrem [58s]
 09.02.2025 / 23:15

+0

1930-1932-nji ýyllara degişli bolmaly bu waka
Düşnükli ýazylypdyr. Sag boluň.


Betinden
Sebap  (09.02.2025 / 23:17) 

Gulmahrem, bolýa minnetdar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)

Wada


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Wada
BAYOGUL (Şugün, 07:06)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Hmmm bolupdyr nesip etsin herkiminki...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Aixcam_nx (Şugün, 02:19)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика