Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr. #Aixcam_nx
Ganhor galtamanlaryń sońy
Premium
BAYOGUL [on] 08.02.2025 / 23:18
Atly galtamanlaryń dówrúnde daglykda ýaşaýan bir topar bardy.Olar daglaryń gowaklarynda ýaşap Eýranyń
serhetlerinde ornaşyp çem gelen oba ýada şáhere çozup górlúp eşdilmedik gyrgynçylyga berip
gaýdýardylar.Beýleki talańçy galtamanlar olaryń edýán weýrancylygyny, gyrgyncylyklaryny górúp şúkúr ederdiler.
Bújnúrdiń golaýyndaky baýyrlyk 1842nji ýyl
Atyń toýnaklaryndan palçykdyr ýabany otlar syçrap, ýeri persala edip gelýán galtamanlaryń ýúzleri aşak rahat atyń
ústúnde ýapyrlyşyp gelýárdiler.Bu galtamanlaryń kellelerinde tilki ýúńúnden tikilen telpekçe bardy.Eginlerinde
gysga ýeńsiz we gara kóýnek bardy.Olaryń baştutanlary Uzyn boýly agyzlarynyń daşyny gúr sakal murt gaplap alan,
kellesi ýalańaç saçy ósgún, gaşlary iki ýana jaýtaryp duran, gózleri gyzaryp duran, bugdaýreńk adamdy, ady
Jellat.Bular káte topar topar boluşyp Nusaý galasyna gidip túrkmenlerden ruhsat sorap ybadat edip gaýdýardylar.
Bular hiç wagt óz çozjak ýerlerine ańtawçy ugratmazdan ýada gizlinlikde çozmazdan açaçan gúndúziń gúnortany
gelýárdiler.Baran ýerlerine gan çaýkap gaýdýan toparlardy.
Bir gún hem olar Bújnúrdiń golaýyndaky oba çozdylar.Birnáçe mil uzaklykda olaryń gelýándigini góren ilat ýerli
ýerden aýaga galyp ýaraga ýapyşdylar.Kim eline gylyç, kimi palta, kimi çarşak ,kimi topby (ýúpúń ujuna dańylan
daş) alyp sóweşe taýyn bolup durdylar.Çagadyraýallaryń sesleri gykylyklaraýylganç howsalaly sesler bulaşyp
daglara ýańlanyp gidýárdi.
Olar gelişlerine ózlerine garşy duran biçáre ilatlary súpúrip at astynda basgylap ýegsan edip geçip ikinji sapar
aýlaw edip gelip atlaryndan dúşúp diri galanlaryny ýúp bilen çigip dańdylar.Diri galan kúrtleri we parslary atlaryna
dańyp goýdular.Erkekleri aýallarynyń, çagalarynyń góz alnynda çapymçapym edip kellelerini uly daş bilen
mynjyradyp, óliligá belli, jansyz maslygy hem kerçáp kerçâp içegelerini paýradyp urup çapyp durýardylar.
Olardan biri óz parçalap oturan maslygyndaky bówregi alyp elleri bilen mynjyradyp sońra yzyndan dili bilen elini
şapyrdadyp ýalamaga durdy.Sońra başyny góge tutup azarlaýan çilimkeşler ýaly gówresini iki ýana çalan yralap
oturdy.Ol bu dadyp góren bówrekden uly lezzet aldy.Garşydaky duran owadan kúrt ýetişen gyz úsgúrip ógáp lezzet alyp oturanyń keýpini bozdy. Gúnúň gyzgynyna dońup başlan ganly agyzlar dişleri gyjyndyrýardy.Kábirleriń
sakalyndan pytyrdap damýan ganlar şol damyp durşyna gurap gatap gidipdi.Maslyklardan ýúregini sowadan
ganhor galtamanlar agyz ganlaryny súpúrip atlaryna topuldylar.
Hálki bówrekleri symyşlap bolan galtaman garşysyndaky owadan ala gózli gyza aşyk bolup dońńara daş ýaly bolup
oturdy.Onuń kellesine gabadyndan gelen daş bólegi bar keýpini gaçyrdy.Ol gańyrlyp seretdide bu gyzyń golaýyna
baryp onuń dańylgy ellerini çózdi.Ýúregińi sarsdyryp gelýân ala ýaşyl gózler bu galtamanyń gównúni awlady.Gyz şol
bada ózúnden gidip onuń gujagyna gówresini oklady.Ganhor galtaman ony gujagyna alyp atyna tarap ýóneldi.
Onuń ady Kasymdy.Jellat onuń bu bolup ýórşúni çetde synlap durdy.Hemmeler atlaryna atlanyp peýdaly zatlary alyp
zada ýaramajak zatlary gana bulap sońap olary ýakdylar.
Olar óz mekanlaryna gelip gowaklara girdiler.Bu ýesir alynan gelingyzlaryń namysyna degmán tersine hormat
goýýardylar.Sebábi gyz gelinler olaryń hyzmatyndadylar. Zenanlara zorluk diýilýán zat olarda ýokdy, ine bu bolsa
olaryń iń gowy tarapydy.
Bir gún olar topartopar boluşup demirgazyk tarapa at çapdyryp gitdiler.Olar ústi tekiz daglardan aşyp Nusaý
galasyna aralaşdylar. Sońra olar Kóşi obasyna tarap túrkmenleriń ústine çalar ýolladylar.Ikindi wagtyna golaý
çapar Kóşiden gaýdyp geldi we túrkmenleriń rugsadyny Jellada hoş habar bilen getirdi.
Sońra olar Nusaý Galasynyń depesinden geçip atlaryndan dúşúp dyza çókúp tagzym etdiler.
Geçen talańlarda tutulup getirlen ýanbermez bir pars adamyny hem goly bagly halda atdan agdaryp tegelenşip
duran uly galtamanlaryń arasyna saldylar.Ony gurbanlyk úçin getiripdiler.Jellat onuń kelle damagyny çalyp:
Atababalarymyzyń ýatan ýeri abat bolsun; diýdi.
Ybadat gidip duran ýerinde Kasym Jellada:
Jellat meńem bu mukaddes topragyń ústúnde aýtjak teklibim bar.Geçen talańçylykda bir gyz gównúme ýarady
men oń bilen nika baglaşmakçy.
Hááá o gúnki talańçylykdaky seń alyp gaýdan kúrt gyzyńmy?
Hawa şol gyz!
Beýle bolsa derrew ony bu ýere getir!
Kasym súýnúp ylgap baryp atyna ýapyşdy.Ertesi ir bilen Kasym şol gyzy Nusaý galasyna getirdi.Galtamanlar úýşip
Toý dábini berjaý etmek bilen meşgullandylar.Nika gyýyldy we Toý tutuldy.Bu gyzyń ady Asilady.Onuń adyny şol
toýda Saha diýip úýtgetdiler.
Toýdan soń galtamanlar yzlaryna dolandylar.
Aýgúnler doğup ýaşdy, olar talańçylyk bilen meşgul bolup tówereklerine ot gapdyryp gezmek bilen meşgul
boldylar.Bir gún hem aýal gyzlar toparlanyşyp dildúwúşik gurnadylar:
Bu galtamanlar biziń maşgalalarymyzy gyryp gylyçdan geçirip górlúp eşdilmedik namyslarymyzy
óldúrdiler.Dowamatymyzy weýran etdiler.Árlerimizi elimizden aldylar.Geliń bulary duzaga salalyń diyip ýokarky
kówekde oturan aýal dillendi;
Hawa o ganhorlaryň ýoguna ýanmaly diýip onuń sózúni gollan ýene bir gelin kır ýuwup duran ýerinden ýeńini
dişláp çermedi.
Saha bolsa oturan ýerinden:
Gerek dál şunça góren zulumlarymyzam besdir, górenim ahy nala ezýet, olar biziń maşgalalarymyzy gyrdylar iýdiler
ganlaryny sordular ýóne bize zorluk getirmediler, olar bize hormat goýýarlar diýip elleriniń hereketi bilen aýalgyzlara
dúşúndirdi.
Dónúk gyrnak seń aryń namysyń ýokmy, aralmaga gurbatyń ýokmy?Hany sende ynsap?
Diyip garşydaky gelin ońa azgyryldy.
Gyrnak diýip Saha janyýangyç gúldi.Gyrnakgyrnak diýip aldyńyz ýatdyńyz size rahatlyk bermedik bolsalar şeýle şu
maslahatam gurnamaýardyńyz.Gúnúńize şúkúr ediń!
Ynsaplandyńmy Ganhor bilen júbútleşeniń bári senem olar bilen gan içip ganhora ówrúlen bolaýma.Bizińem
árlerimiz şolar, ýóne bize ganhor nesil gerek dál diýip ýene biri gúrrúńe goşuldy.
Maslahat çekeleşige ýazdy, Sahanyń ýeke ózi olar kóplúkdi.
Bu bolşumyza wagty biderek giderýás hany boluń esasy gúrrúńe girişeli diýip ýetişen gyzlaryň biri seslendi de
gúrrúńúniń ústúni dowam etdi.
Ganhorlar siz bilen júbútleşmáge girişenlerinde dúşekçelerińiziń astynda hanjar salyp goýuń! Otlary yşyklary
sóndúreliń. Gyzlar Jelladyń hújresini gorarlar.Hemme kişi óz taýlaryny sessiz óldúrip bolup Jelladyń hújresine
golaýlaşsyn.Ýary gije onuń ústúne topulup basalyń;
Maslahatdan soń hemme kişi Sahany odun getirmek úçin júlgá ugratdylar.Sahany hem şol gije óldúrmeli
etdiler.Sebábi ol maslahatda bútinleý garşy çykypdy.
Galtamanlar hiç bir oba talań salyp bilmán yzlaryna geldiler.Gowakdaky úýtgeşmáni Jellat gelşinede
duýupdy.Zenanlaryń ýúzlerinde şatlyk alamaty górnúp hemmesi óz hújrelerinde otyrdylar.Olar ómúrlerinde etmedik
hyzmatlaryny gównáp edýárdiler.Bu dil dúwúşikligiń alamatyny ganhorlar duýjak boldular.Emma gije júbútlenişik
wagtynda olardaky gyzgyn kelle hemme zady unutdy.Aýallar ýan ýoldaşlaryny sessiz janlaryny aldylar.Kimi záher
berip óldúrse, kimsi pyçaklap damagyny çalypdyr.Jellat bolsa bu duzaga dúşmedi.Ol hilelik bilen hanjara ýapyşan aýalyny eliniń tersine ýelmáp goýberdi.
Onuń hújresine zarba bilen girengelin gyzlar ot ýakyp oń ústúne topuldylar.
Her kim Ganly hanjary onuń bówrúne gezekli gezegine sokdylar:
Bu meń kakam úçin, bu meń jigim úçin, bu meń maşgalam úçin; diýişip aýallar óz arlaryn aldylar.
Emma şol wakada Saha bilen Kasym óz hújrelerinde ýokdular.Saha Kasyma bu dildúwúşigi aýdypdy.Kasym hem
bu dil dúwúşigi Jellada habar bersede Jellat ony dińlemándir.
Kasym şol gije gowakdan Sahany alyp gaçyp gidipdi.
Aýallar her náçe arlaryny alsalaram olaryň ganlarynda ganhorlaryň gany garylypdy.Olar gowakdan cykyp çar ýana
dargap girdiler.
Teswirler:
Gytyndan Sebap [off] Lekum dinukum we liýe din 09.02.2025 / 14:19+0Ýetirip dur gowy eken
Soňky teswirler
)😁Degisme
Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow
Serçe ýebanutymy ýa?!...
dowamy...)😁Degisme
Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...
dowamy...
Ýokaryk