Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️‍?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Dońdurma
Premium
 BAYOGUL [on]
 08.02.2025 / 23:36
 Yurekdesh.ru

Gyş gúnleriniń ilkinji aýydy

Merdan óz halaýan gyzy Merjeni yatlap gamgussa batýardy.Gyş mówsúminiń agaçlary gurap ýerden çykyp duran
jadygóý kempirleriń dyrnaklaryna meńzáp duran şahalar asmana dadyperýat bilen bakyp durana meńzeýár.
Merjeniń maşgalasy Aşgabatdaky başga bir raýonyna góçúp gidipdiler.Óńler Merdan dagylar bilen bir gońşy bolup
ýaşaýardylar.Merjen bilen Merdan biribirine dúşúnişýán dostdylar, syrdaşdylar.Olar biribirinde sur
saklamaýardylar.Sońra aýlar gúnler geçip bularyń gońşylary Aşgabadyń başga bir yerine góçúp gidipdiler. Merjeniń
Merdana beren gymmatbaha sagady Merdan úçin gymmatly sowgatdy. Aylar geçdi gúnler geçdi.Gońşylar biribirleri
bilen telefon aragatnaşygynda gúrleşyárdiler,tázelik alyşyardylar.
Gúnleriń bir gúni hem bular kafeda duşuşup oturşyk etdiler.Merdanyń maşgalasy bilen Merjeniń maşgalasy
kafeda górúşdiler.Merjen Merdany górenine beğendi.Olar kafedan çykyp pyýadalaryń geçelegelerinde ýóráp
gúrrúńdeş boldular: Merdan men bir oğlan bilen halaşýan. Náhili oğlan?Men basym seni oń bilen tanyş ederin
nesip bolsa.Ol oğlan diýseń gównaçyk hemde agras. Muńa náhili dúşúnmeli gównaçyk hemde agras; diyip
Merdan ýylgyrdy. Aý şeyledá bilemok. Sen óz halan oglanyń sypatyny bileńoga diýip Merdan gównaçyk halda
baglara seretdi. Merdan besetsene...
Oyun etýánle; diyip Merdan telefonunu çykaryp sagada seretdi.
Meń beren sagadymy náme úçin dakynańok?!
Dakynasym gelenok.
Náme boldaý Merdan óykeledińmi menden.
Yok! Şol pursat Merjeniń telefonuna jań geldi:
Alo gyzym geliń nahar sogaýar.Merdanjanada gel diý . Bor eje házir barýan diyip telefony óçúrdi
Merdan gideli bize garaşýarlar nahar taýyn!
Işdáń acyk bolsun men dok; diyip Merdan gidiberdi.Merjen bilen onuń arasyndaky sowaşyklyk şu yerdenem
bildiripdi.
Merjen gynanyp yzyna dolandy. Merdan bolsa daş depip ýóráp barýardy
Birsalymdan onuń eline jań geldi: Alo jigim náme úcin biz bilen nahar edinmáge gelmediń? diyip Merdanyń
dogany seslendi. Menmi...men dońdurma almaga gitdim, házir geljek diýip telefony óçúrdi. Nahardan sońra bular
gúlúşipbegenşip her hili gúrrúńler edip oturdylar. Merdan eli paketli kafenyń gapysyndan aýak átdi: Ohoo
Merdanjan náme getirdiń diýip kakasy seslenende hemmeler Merdana bakyp gúlúşdiler. Siz úçin maroźna diyip
paketdan tortly maroźnany cykaryp stoluń ústúnde goýdy. Hyzmatçylar torty tarelka bólúşdirip olaryń óńlerinde
goýdy.Merjen bu torty onuń dońýúreklilik edip getiren doń parçalarydygyna dúşúndi. Óńler mekdepde okaýarkalar
Merdan mugallymdan birugsat klasdaky duran kitaby alyp óýúne ákidende Merjen muny tutuş okuwçylaryń
arasynda mugallyma aýdypdy.Mugallym Merdana gygyran gúnúnde gaýdyşyn Merdan Merjene hem ózúne küçük
guyguçly dońdurma alyp beripdi. Bir gún hem synag gúni olar bir soragnamanyń ústúnde dúşúnişmandiler.Bu
dúşúnişmezlikden sońra dawa ýúze çykypdy.Şol gún Merjen Merdandan óykeledi we şonda hem ońa dońdurma
alyp beripdi.
Okuw gutaranyndan sońra bularyń çağa endikleri ýatdan çykyşyp birekbiregiń gównúne degmándiler.
Merjen kellesinde şol kiçilik dówúrlerini ýatlap oturdy.
Dońdurmadan sońra bular turmak bilen boldylar.Merdanyń kakasy bilen Merjeniń kakasy óńrákden ýórediler we
baglyga girip çilim otladylar.Merjen bolsa Merdanyń ýanynda: Merdan senden jogaby eşitmedim; Wagty gelende
dúşúnersiń!
* * *
Aradan bir aý geçdi. Merdan gúngúnden horlanyp barýardy.Onuń óydákiler bilen işi ýokdy, óz başyna bir zatlara
gúýmenip oturardy.Bu gún bolsa ol penjireden agaçlary synlap otur. Merjeniń halaşýan oglany hakynda eşidip şol
gún gaty gabanjańlyk harasatyna çúmúpdi we ol harasat házirem dowam edýárdi. Merjeniń toý çakylyk bukjasy
bularyń óýúne gelip gowuşdy.Merdan bu çakylygy okamady we onuń durmuşa çykjak toýuna gidesi gelmedi. Şol
gún gúnortanlyk Merdanyń ejesi onuń otagyna girip : Merdanjan sen náme beýle hasratlara çúmúp gúngúnden
horlanýań, seń derdińi náme?Merdan içindaki toplap gezen harasatyny, góz ýaşlary bilen daşyna dókdi; Men şu
dúnýáde ýaşasym gelenok eje!Men ómrúmde bir gyzy sóýúp halap, gówún ýóredip iń sońunda men ońa
sóýýándigimi aýdyp bilmedim Ejeee...Ine bu gún bolsa onuń durmuş toýy ol gidip barýar Ejeee...;diýip Merdan
ýassygy gujaklap togurlanyp aglaýardy. Ejesi ondan kóýúne gelmeýán haýran galdyryjy hakykaty eşidip oturgyja
ózúni oklady.''Káşgá men dońýúrek Merdandan Merjenden gówni galandygyny soran bolsadym.Ýóne olar
çagalykda hem oynap gúlúşip gezerdiler.Men bularyń ikisinede beletdim olar dostdylar''diýip ejesi içgepledipdi.
Merjeni bolsa şol gún toý lybaslaryny geýdirip toýa taýynlapdylar.Agşamlyk bularyń toýundaky aýdym saz kóçelere
ýaşaýyş jaýlaryna dow berip durdy. Toý wagty ýaşlary garşylamak dúzgúni berjaý edilipdi.Merjene óýlenjek ýigit hem
ońa mynasyp taýdy. Toýda tans oýnalyp saz çalyndy.Asuda saz çalynanda ýaşlary tansa çagyrdylar.Toý gyzyşdy gyz
tarapdan hem oğlan tarapdan gutlag sózleri aýtdylar.
Şol wagt Merjen getirlen tortly dońdurma gózú dúşdi.Ol eýlesine beýlesine seredip Merdany gózledi, ýóne
tapmady.Ony kimiń goýanyny hem bilip bilmedi. Merjen gahar bilen ýerinden turdyda bu torty tans oýnalýan
meýdança zyńyp goýberdi.
Bu tortuń gyrasynda bolsa hatjagazda''Merjenjan gelip bilmánime gynanýan men bu torty óz dostumdaniberdim.Men keselhanada óykenim sowuklap ýatyryn we indi meniń iń sońky gúnlerim...'' Bu haty okan eden
bolmady.Ol tansly aýak astynda galdy. Şol gún agşamlyk ýary gije Merdan bu ýalançy bilen hoşlaşdy. Merjeniń
óykenine hem sowuklama degip gyzdyryp ýatdy we birnáçe gúnden sońra ol hem amanadyny tabşyrdy


77

8

2

5

0

0

2
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 10.02.2025 / 16:19

+0

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 10.02.2025 / 16:20

+0

Ýetirip dur agam gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Uzak yasa Epifiz dade.


Nache yashadyna...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
rexha (Şugün, 01:13)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Mlds. Sheyle dowam...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
rexha (Şugün, 01:11)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Boljak boljak...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Luckyboy (Düýn, 23:10)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Aziýa ligany utdyňyka...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Brend (Düýn, 22:16)

)😁Degisme


Serce özüne gelip daş töweregine seredip şeýle diýipdir:"Wah men motorly adamy kakyp öldürip türmä dusipdirnow Serçe ýebanutymy ýa?!...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:12)

)😁Degisme


Motorlykaň serçäni kakmak... Oň özünden gitmegi... Özünden giden serçäni öýüňe getirmek... Özünden giden serçäni iýmitlendirmek... Iýmitlendirmek...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
Pegas (Düýn, 22:11)

)😁Degisme


Gygyryp guldimda...dowamy...
Erkin mowzuklar | )😁Degisme
rexha (Düýn, 21:54)

Muny Bilmek Gyzykly !


Bilÿănler gűler bilmeÿănem biler....dowamy...
Degişmeler älemi | Muny Bilmek Gyzykly !
@menin_dunyam (Düýn, 21:44)

Yeñiş bn gutlaýaryn!!!


Tüweleme dowamam gelewersin şeýdip...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yeñiş bn gutlaýaryn!!!
Sebap (Düýn, 20:10)

Uzak yasa Epifiz dade.


EpifizZzzz uzok yasaaaa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Uzak yasa Epifiz dade.
Aypipijik (Düýn, 16:51)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика