Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Kuryazov : Yurek yadasa DER gozden akya . K_N

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Berat gijesi.
 Täzeje
 Meri [off]
 13.02.2025 / 04:57

Meret aýynyň 15-nji gijesi bolan Berat gijesi, Oraza aýynyň hem habarçysy. Berat gijesi, yslam ynanjyna görä, günälerden saplanma gijesidir
Ol bu ýyl fewral aýynyň 13-den 14-ne geçilýän gijä gabat gelýär.
«Berat» sözüniň manysy (aslynda «Beraet» sözüniň gysgaldylan görnüşi) bergiden, hassalykdan, günälerden, jezadan we umuman ýakymsyz, ýaramsyz zatlardan gutulmagy, halas bolmagy aňladýar. Birnäçe halklarda berat gijesini «seç gijesi», «seçim gijesi», «ýazgyt gijesi» ýaly hem atlandyrýarlar. «Miftah al-jenan» atly kitapda getirilýän rowaýatlara görä, öňümizdäki bir ýylda boljak wakalaryň ýazgysy hut şu gijede Lewhul-mahfuzdan
(dünýäniň owalyndan ahyryna çenli bolan-boljak zatlaryň beýany ýazylan kitap) zemin asmanyna getirilermiş.
Bir ýyllyk ýazgydy alyp gelýän perişdeler
topbak-topbak ullakan ak bulutlaryň üstünde oturyp, sahypalary agdaryşdyryp,
indiki ýylyň şu gününe çenli boljak wakalary birek-birege buşlarmyşyn
diýilýär. «Buşluk, bu ýyl Pylanyň bagty açylýan ekeni. Pylanylar ogul öýerýär,
gyz çykarýar. Pylanylar täze jaýa göçýär. Işleri ugrukýar. Täze gazanç çeşmesi
peýda bolýar. Toý edýärler. Pylanylar täze ulag edinýär. Pylany talyp bolýar...» diýen
ýaly başga-da birnäçe hoş habarlary aýdyp, birek-biregi begendirmäge
çalşarmyşynlar. Dogrusy, kitapda getirilýän rowaýat mundan has uzyn.
«Berat» sözi türkmen dilinde «Meret» ýaly ulanylýar. Çünki, «b» hem-de «m»
harplarynyň ýa-da sesleriniň ornuny çalşyp gelmegi oguz-türkmen dillerine mahsus ýagdaý. Meselem, käbir türki dillerde «men» sözi «ben», «melewşe» sözi «benewşe» we ş.m. ýaly ulanylýar.
Aslynda, şu aýda Berat gijesiniň — Meret gijesiniň bardygy üçin bu aýa Meret aýy
diýilýär. Aslynda aýyň dogry ady — Şaban. Meret aýynyň 14 - 15 nji gijesi beýleki
musulman halklarynda bolşy ýaly türkmenlerde hem aýratyn uly ähmiýet
berilýän gijeleriň biridir. Bu gije öňümizdäki bir ýylda bolmagyny isleýän zatlarymyzy Haktagaladan diläp, dynuwsyz dileg-dogalara berilmek has gowy görülýär.



Dileg-dogalaryň öňünde we ahyrynda Biribara zikir-sena hem-de Pygamberimize alkyş-salawat aýdylmagy dileg-dogalaryň has çalt kabul boljakdygyna ýorulýar.
Berat gijesi Kurany-kerimiň Lewhul-mahfuzdan dünýä asmanyna inen gijesidir. Bu gijä «magfiret gijesi» hem diýlipdir. Çünki bu gijede Allatagalanyň
örän köp kişiniň günäsini geçjegi
Pygamberimiz tarapyndan habar berlipdir.
Pygamber alaýhyssalam bu gijäni ybadat edip geçiripdir.

Berat gijesi iman, ybadat we pikir-düşünjeler nukdaýnazaryndan täzelenmek, geçmişimizi gözden geçirip, ýalňyşlyklarymyza ökünmek, toba etmek,
günälerden päklenip, durmuşymyza täze
sahypadan dowam etmek, geljegimizi meýilleşdirmek, arzuwlarymyzy, umytlarymyzy täzelemek üçin ajaýyp pursatdyr. Bu gije mynasybetli böwrümize diňşirgenmek — ruhumyzyň sesine gulak asmak, günälerimize toba etmek, ähli musulmanlar we adamzat üçin Biribardan
ýagşy zatlary dileg etmek gowy görülýär.
Beýik Perwerdigär bu gije rysgal we saglyk-şypa gapylaryny giňden açarmyş.
Arzuw-umytlara, dileg-dogalara berilmek
babatda bu gije Täze ýyl gijesinden müň esse ähmiýetli bir gijedir.



Muhammet pygamberiň Berat gijesi barada şeýle diýendigi aýdylýar: «Şabanyň (Meret aýynyň ) 15-nji gijesini (ýagny, 14-den 15-ne geçilýän gijäni) ybadat we gündizine agyz beklemek bilen geçiriň.
Sebäbi Gudraty güýçli Allatagala şu gije dünýäniň asmanyna rehim-şepagatyny görkezýär hem-de: «Toba edýänler bar bolsa, tobasyny kabul edeýin. Rysgal isleýänler bar bolsa, rysgalyny bereýin. Saglyk isleýänler bar bolsa, saglyk bereýin. Başga näme islegleri bar bolsa, olary hem bereýin» diýýär.


Pygamberimiz bu nygmaty beren Allatagala bolan şükür etmek borjuny ýerine ýetirmek üçin bu gijäni uklaman geçirýär ekeni, merhumlar we diriler üçin doga edip, olaryň günäleriniň geçilmegini dileýär ekeni.

Berat gijesine mahsus bir namaz we ybadat ýokdur. Käbir çeşmelerde her iki rekegatdan soňra iki egniňe salam bermek bilen, 10, 50, 100 rekegat namazlaryň okalýandygy aýdylýar. Esasy zat, bu mübärek gijäniň ähmiýetine düşünip, Kurany-kerim okap, özümize hem-de özgelere iman, saglyk, agzybirlik, abraý, rysgal-bereket, şowlulyk ýaly gowy
zatlary dileg edip geçirilmeli gijedir. Bu gijäniň gündizinde we gijesinde kömege mätäçlere ýardam etmek, sadaka bermek iňňän sogaply amallaryň biridir.

Beragat gijesinde etjek ybadatlaryňyz, ýagşy dileg-dogalaryňyz Keremli Hak dergahynda kabul bolsun.


164

34

8

10

0

1

0
Mowzugy vip edenler:
Bezzat - 6 sagat vip etdi!
(13.02.2025 / 21:19)
Teswirler:
 Täzeje
 Jeren [off]
 13.02.2025 / 06:57

+1

su gija gaRASYP YORDUM

 Özümiziňki
 Fantom [17s]
  Iň uly baýlyk, bar zadyň bilen kanagatlanmakdyr.
 13.02.2025 / 09:54

+0

Ämin. Şunuň ýaly gowy zatlary ýetirip duruň!
Berekella, köp sagboluň...

 Täzeje
 Soho [off]
 13.02.2025 / 09:57

+0

Alla razy bolsun

 Täzeje
 Ayjahan [off]
  Hiç kimi süýrämok şypbygymdan başga...
 13.02.2025 / 14:00

+0

Kabul bolsun agyzy 14-15 ne beklesen gowmy


Täzeje
Meri  (13.02.2025 / 16:15) 

Ayjahan, hawa, aslynda bügün bekli bolmalydy, ýòne beklemek niyetinde bolsaň bekläbemeli. Her aýyň 13-14-15 ine bekleseňem bolýar.

 Özümiziňki
 Gulmahrem [off]
 13.02.2025 / 16:46

+0

ALLA RAZY BOLSUN. SAG BOLUŇ ÝETIRENIŇIE.

 Özümiziňki
 Arzuw [off]
  ,,Her nasip vaktine esirdir..."
 13.02.2025 / 17:43

+0

bir zady net edip agzyňy bekleseň kabul bolarmyka...


Täzeje
Meri  (13.02.2025 / 18:53) 

Arzuw, mümkin bolar, anyk bilmedim, (mysal uchin egzamenden geçsem agyz beklejek diyip aytsaň, bekleýäň.))


Täzeje
Meri  (13.02.2025 / 19:15) 

Arzuw, hawa, doga- dileglerin kabul bolmasy üçinagyz bekleseň bolýan ekeni


Özümiziňki
Arzuw  (14.02.2025 / 06:45) 

Meri, bekledim))

 Öwreniji
 EpifiZ [off]
  "I'm Here Too"
 13.02.2025 / 18:58

+0

Sagbol yetireniňe

 Premium
 Bezzat [off]
  Özim hor ýöne işdäm gowy)
 13.02.2025 / 21:19

+0

Sag bol yetirenine elin gozin dert gormesin

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Owadan yazuw basleșik


Gowy pikir...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Olya (Şugün, 19:45)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика