Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Bayradot : Ynsanyň gadryny ol ölmänkä biliň. Gadyry bilinen ynsan uzak we bagtyýar ýaşar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Baý­dak­la­ryň aňladýan ma­ny­la­ry
Premium
 BAYOGUL [on]
 14.02.2025 / 21:21
 Yurekdesh.ru

Her bir ýurduň döwlet baýdagynda ruhy gymmatlyklaryny, geçmişini we medeniýetini alamatlandyrýan şekiller bolýar. Köp ýurduň baýdagyny tanaýan hem bolsak, olaryň manylaryny bilmeýäris. Geliň, beýleki ýurtlaryň baýdaklarynyň näme many aňladýandygyna seredeliň!
Fransiýanyň baýdagyndaky ak reňk irki döwürlerden bäri bar bolup, patyşanyň nyşany hasaplanýar. Gök we gyzyl reňkler ýurduň paýtagty Pariži alamatlandyrýar.
Kanadanyň baýdagyny klýon agajynyň ýapragy bezeýär. Ýüzlerçe adadan emele gelen ýurtda giň tokaýlyklar bar. Irki döwürlerde Kanadanyň ýerli ýaşaýjylary agaç ýapragynyň şowlulyk getirýändigine ynanypdyrlar. Bu baýdak 1965-nji ýyldan bäri ulanylýar.
Adatça, baýdaklar dörtburçluk görnüşinde bolýar.
Emma Günorta Aziýadaky Nepalyň baýdagy iki sany üçburçluk şekilden emele gelen. Baýdagyň üçburç şekili ýurduň uly bölegini emele getirýän Gimalaý daglarynyň gerişlerini alamatlandyrýar. Gyzyl reňkli baýdagyň ýüzündäki Gün we Aý asudalygyň nyşany hasaplanýar. Baýdakda ýurduň milli güli hasaplanýan «rhododendron» gülüniň suraty hem ýerleşdirilipdir.
Daniýanyň baýdagy dünýäniň iň gadymy baýdagy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu baýdagyň soňky gezek üýtgedilenine 400 ýyl bolup barýar. Baýdakdaky ak reňk parahatçylygy, gyzyl reňk bolsa, üstünligi we gahrymanlygy alamatlandyrýar.
Hindistanyň baýdagynda köp medeniýetliligi alamatlandyrýan şekiller bar. Ýaşyl we sary reňkler ýurtda ýaşaýan dürli milletleriň, ak reňk bolsa parahatçylygyň nyşany hasaplanýar. Baýdagyň ortasyndaky gök reňkli halkanyň içindäki 24 sany çyzyk günüň 24 sagadyny alamatlandyrýar.
Bagama adalarynyň baýdagyndaky altynsow sary reňk ýurduň giň deňiz kenarlaryny, açyk gök ýurduň daşyny gurşaýan deňizlerini, üçburçluk şekil tebigy baýlyklaryny alamatlandyrýar.
Baýdaklar bilen
bagly täsin
maglumatlar

Hiç bir ýurduň baýdagynda melewşe reňk ýok.
Gyzyl, ak we gök reňkler bilelikde we aýratynlykda iň köp gabat gelýän reňklerdir.
Ýyldyz iň köp ulanylýan simwol hasaplanýar.
Daniýanyň baýdagy 1319-njy ýylda döredilipdir. Şondan bäri baýdaga birnäçe gezek kiçiräk üýtgeşmeler girizilipdir.
Adatça, baýdaklaryň şekili 2×3 ölçeginde bolýar. Watikanyň we Şweýsariýanyň baýdaklary bolsa, inedördül şekilindedir.
Braziliýanyň baýdagy iň köp reňkden emele gelen baýdak hasaplanýar. Baýdakda jemi 12 reňk bar


76

10

1

5

0

0

1
Teswirler:
 Betinden
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 14.02.2025 / 23:27

+0

ýetirip dur agam

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Al onda 5 nji 5 ligem menden bolsyn...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
yurekdes (Şugün, 18:07)

Söýgi sözleri❤️


bir-ä minus basypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAY-HAN (Şugün, 16:39)

Söýgi sözleri❤️


Su alyan yerin turkceden terjime etmegi hic hili onaranok. "Men ogurlyk" dip gygyryp dur:Ýanaklaryňmy, ýa-da pamyk şekermi? Biri gaty şirin… ýöne...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Belki (Şugün, 14:02)

Söýgi sözleri❤️


Owadan edip ýazylypdyram...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:59)

Söýgi sözleri❤️


Şeýle ýazar ýaly şeýle söýýän bamykaneý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
Olya (Şugün, 13:58)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


motivation...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Boniya (Şugün, 13:20)

Söýgi sözleri❤️


Mlds...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Söýgi sözleri❤️
BAYOGUL (Şugün, 11:55)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Yalpyllap duran 2-nji laýk...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
BAY-HAN (Şugün, 10:34)

«Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.


Köre-kör öýkünmek – köp-köp ökünmek Prezident Kalwin Kulij dogduk şäherinden bolan dostlaryny Ak tama nahara çagyrypdyr. Oňaýsyz ýagdaýa düşmekd...dowamy...
Umumy | «Göwün üçin jüýje çorbasy» kitabyndan.
Pearl (Şugün, 09:57)

Çalt okamak bäsleşigimiz!!!


Kim utdy indi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Çalt okamak bäsleşigimiz!!!
Pechine (Şugün, 09:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика