Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Awesta
Premium
 Admin [on]
 03.02.2024 / 17:21
 Başarmajak oýnuňy oýnap oturma jan jigim!

“Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň mukaddes kitabydyr. “Awesta” sözi
wesýetnama, nesihatnama, üýtgewsiz ýa-da jedelsiz kada-kanunlar diýen manyny
berýär. Bu kitabyň dörän ýeri häzirki Türkmenistan diýlip çak edilýär.
Otparazçylyk dini müňýyllyklaryň dowamynda dini ynanç hökmünde
Gündogar halklarynyň arasynda giňden ýaýrapdyr. Otparazçylyk dini bilen
baglanyşykly ynançlar biziň şu günlerimize çenli saklanyp galypdyr. Bu din dünýä
dinleriniň iň gadymysydyr. Otparazçylyk dinine Zoroastrizm diýlip at berilýär.
“Awesta” kitaby otparazçylyk dininiň baş mukaddes kitabydyr. Çeşmelerde
berilýän maglumatlara görä kitabyň dini däpler hem baýramçylyklar bilen bagly
ýazgylary şol döwürdäki ybadathanalarda okalypdyr.
“Awestanyň” ýazary otparazçylyk dinini esaslandyran Zaratuştradyr.
Spitamanyň neberesinden bolan Poruşaspanyň ogly Zaratuştra ahamenit döwletiniň
öňüsyrasynda, ýagny m.ö.VII asyrda ýaşapdyr diýlip hasap edilýär. Zaratuştranyň
durmuşy, döredijiligi barada “Awestanyň” iň gadymy bölegi bolan Gatlarda
(dabaraly dini aýdymlar) maglumat berilýär. 17 bapdan ybarat bolan “Awestanyň” bu
iň gadymy böleginde berlişine görä Zaratuştra “kanunyň däl-de güýjüň”
hökmürowanlyk eden döwründe ýaşapdyr. 15 ýaşynda bilim-sowat alyp, ruhanylyga
ýetişen Zaratuştra öz güzerany bilen meşgul, parahat oturan halkynyň üstüne keseden
çapawulçylykly çozuşlaryň häli-şindi bolup durşuny, bigünä adamlaryň nähak
gyrgyna berlişini, olaryň mallarynyň sürlüp äkidilişini, emläkleriniň talanyşyny gözi
bilen görüpdir. Bu zorlugyň, sütemiň, eden-etdiligiň garşysyna ýekelikde göreşiň
netije bermejekdigine ymykly göz ýetiren geljekki pygamber adamlar üçin adalatly
jemgyýeti gurmagyň zerurlygyna düşünipdir we onuň ugruna çykypdyr. Täze
jemgyýetde adamlar durmuşy ýagdaýlaryna: garyplygyna-baýlygyna, güýçlüligine
garamazdan, kanunyň öňünde deň derejede jogap bermeli bolupdyrlar. Zaratuştra
şeýle jemgyýetiň esasy ýörelgelerini işläp düzüpdir.
Pygamber 20 ýaşyna ýetende öz dogduk mekanyny taşlap, çet ýurtlara
taglymatyny wagyz-nesihat etmäge gidipdir. Şondan 10 ýyl geçensoň, ýokardan
aýdyňlyk gelipdir. Ir säher çagy Hudaýa çokunmak üçin derýanyň kenaryna gelen
Zaratuştranyň öňünde birden Wohi Mana (Bahman) atly perişde peýda bolupdyr we
ony Ahura Mazdanyň ýanyna alyp barypdyr. Zaratuştra şu ýerde älemde ýeke-täk
Hudaýyň bardygyna, onuň hem Ahura Mazdadygyna göz ýetiripdir. Zaratuştra
aýdyňlyk alansoň, onuň wezipesi hem anyklaşypdyr. Ol indi öz taglymatyny dürli
halklaryň arasynda ýaýratmaga çalşypdyr. Rowaýatlarda beýan edilişine görä. Şeýle
maksat bilen Zaratuştra Orta Aziýanyň we Eýranyň dürli künjeklerine, Ýakyn
Gündogar ýurtlaryna we Hindistana wagyz-nesihat etmäge gidipdir. Bu ýurtlarda ol
köp kynçylyklary başdan geçiripdir. Ahyry onuň taglymatyny Orta Aziýanyň we
Eýranyň gadymy mifik patyşalarynyň biri Wistaspa kabul edipdir. Şoň bu hökümdar
Zaratuştranyň penakäri bolupdyr we onuň taglymatyny ýaýratmaga uly kömek
edipdir. Zaratuştra 77 ýaşynda dünýäden ötüpdir. Ony Tura Bratarwahş öldüripdir.
Zaratuştranyň ölüminden soňra üç sany ogly dünýä inýär.
“Awesta” kitabynyň möçberi barada şeýle maglumatlar bar. Asyrlaryň
dowamynda nesilden-nesle dil üsti bilen geçip gelen “Awesta” ahemenitler döwründe
(m.ö.V as.) hökümdar Artakserks I –iň (m.ö. 465-424) buýrugyna görä çekimli
harplary bolmadyk arameý elipbiýinde ýazuwa geçirilipdir. “Awestanyň” bu nusgasy
„Uly ahemenit Awestasy“ adyny alýar. Ol 21 kitaby öz içine alypdyr. Kitap 2
nusgada altyn suw çaýylan syýa bilen käbir maglumatlara görä 12 müň, käbirine görä
bolsa 30 müň öküziň hamyndan ýasalan pergamentiň ýüzüne ýazylypdyr. Bu 2 kitap
m.ö.IV asyryň II ýarymynda Eýrany we Orta Aziýany Aleksandr Makedonskiniň
basyp almagy bilen, onuň buýrugyna görä biri ýakylypdyr, beýlekisi bolsa grek diline
terjime etmek üçin Müsüre Aleksandriýa kitaphanasyna iberilipdir. Häzirki wagtda
kitabyň 1324-nji ýylda Nusaýda göçürilen ujypsyzja bölegi Daniýa döwletiniň
Kopengagen şäherindäki muzeýde saklanylýar.
Biziň döwrümize gelip ýeten “Awesta” kitaby ençeme özbaşdak kitaplardan
ybarat. Şol kitaplaryň mazmuny bütewi halda zorastrizmiň taglymatlaryny öz içine
alsa-da, olaryň her birinde aýry-aýry mazmun bar.
1. Wendidat. Bu kitap 22 bapdan ybarat bolup, onda Ahura Mazda we
Zaratuştranyň aýdyşygy arkaly her hili ýaman ruhlar, döwler, olary
ýeňmek, günä etmezlik ýaly dini zatlar barada gürrüň edilýär.
2. Wisparad. Bu söz „Hudaýyň nazar salan zatlarynyň iň mukaddesi“ diýlip
terjime edilýär. Bu kitap 24 bapdan ybarat. Onda ybadat edilýän pursatdaky
aýdylýan dini aýatlar we dogalar ýazylypdyr.
3. Ýasna. Nu kitap “Awestanyň” iň uly we has gadymy nusgasy hasaplanýar.
Onda dini baýramlary geçirmek, dini goşgular, din bilen baglanyşykly dürli
däp-dessurlar, zorastrizmiň hudaýlaryna degişli zatlar barada gürrüň
edilýär.
4. Ýaşt. Bu söz öwgi, dini aýdymlar diýen manyny berýär. Bu ýerde 22 sany
şygyr berlipdir. Şol şygyrlar mifologik alamatlar arkaly zorastrizmiň
hudaýlaryny taryp edyär. Mysal üçin, 5-nji ýaştda Ardwisura Anahita, 10-
njy ýaştda Mitra, 13-nji ýaştda frawisiler (perişdeler) barada gürrüň edilýär.
5. Kiçi “Awesta”. Munda Gün, Aý, Ardwusura, Warhran we başga-da birnäçe
hudaýlar hakdaky ybadat ýazgylary bar.
“Awesta” dualistik taglymaty öňe sürýär. Älemiň gurluşy we onda adamzat
durmuşynyň ýüze çykyşy bilen bagly iki sany mizemez başlangyç onuň esasyny
tutýar. Muňa laýyklykda adamlaryň durmuşynda emele gelen jemgyýetçilik
gatnaşyklary biri-birine gapma-garşylykda bolan iki sany ruhy güýjüň özara
gatnaşygyndan başlanýar. Olaryň birinjisi ýagtylygyň, adalatlylygyň, asyllylygyň,
ähli päk we nepis zatlaryň ruhudyr. Onuň başynda ýokary taňry Ahura Mazda durýar.
Ol beýik ýaradyjy edilip görkezilýär. Ol özüne alty sany ruh-kömekçi ýaradypdyr. Bu
ruhlar adama hersi bir tarapdan kömek edýär. „Awestada“ ýüzlerçe, müňlerçe ruhlar
bolup, olar howada doludyr diýlip bellenilýär. Ahyra Mazdanyň ogly Aşur otdur. Ol
bäş sany asman ody, adamyň tenindäki ýaşaýyş-ýylylygyň, agaçada gizlenen ot,
ýalyn, ýyldyrym, asmandaky ýagtylyk görnüşde ýüze çykýar.
Ikinjisi nejisligiň, betpälligiň, kezzaplygyň, ölümiň we beýleki erbetlikleriň
ruhudyr. Onuň başynda hem melgun Ahriman durýar. Ol älemdäki iň ýaman zatlary,
arwahlary, jynlary, döwleri, erbet janly-jandarlary ýaradyp, ýere adamlara ýamanlyk
etmek üçin iberýär.
„Awesta“ kitabynda aýdylyşyna görä, Ahura Mazda Ýerdäki ýaşaýşyň
möhletini 12 sany üç müň ýyllyk diýip kesgitläpdir. Birinji üç müňýyllykda Ahura
Mazda diňe ruhlaryň dünýasini ýaradanmyş. Soňra Ahura Mazdanyň garşydaşy
Ahriman peýda bolýar. „Awestada“ olaryň ekizdiginiň hem ýatlanýan ýeri bar. Ahura
Mazda Ahrimana parahatçylyk teklip edýär. Emma ol bu teklibi kabul etmeýär.
Şonuň üçin Ahura Mazda oňa garşy dokuz müň ýyllyk göreş yglan edýär.
Ikinji üç müň ýylda Ahura Mazda ýer ýaşaýşyny ýaradypdyr. Ilki asmany,
soňra suwy, ýeri, ösümlikleri we janly-jandarlary hem adamy gezekli-gezegine
döredýär. Bu döwürde Ahriman ýagşylyga garşy göreşde özüne kömek etjek ýaman
ruhlary döredipdir.
Üçünji üç müň ýyllykda Ahriman özüniň ýaradan ýaramaz güýçleri bilen
Ahura Mazdanyň ýagşylyk dünýäsine dökülýär. Onuň iberen Ajusy - ýylany ilkinji
ýaradylan adam Gaýomarty we onuň wepaly hemrasy, ýoldaşy öküzi öldürýär.
Gaýomartyň maşgalasyndan ýerdäki adamlar köpelipdir. Ýagtylyk dünýäsine birehim
söweş arkaly ýamanlyk güýçleri ýeriň aşagyna dykmak başardypdyr.
Dördünji üç müň ýyllykda Zaratuştranyň dogluşy we onuň dini wagyz edişi
bilen başlanýar.
On iki üç müňýyllyk geçenden soň, ýagşylyk bilen ýamanlyk güýçleriňruhlaryň soňky çaknyşygy bolmaly. Ýagşylyk ýeňmeli. Soňra baky durmuş başlanar
diýlip „Awestada“ bellenilip geçilýär.


98

4

0

1

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Gerceknazar (Şugün, 17:56)

Konfrensiya gijesi 6


Maňa özüňiz jaň etseňiz diňläp oturjak sizi...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Agzamen (Şugün, 16:45)

Konfrensiya gijesi 6


Men dinleyji hokmunde gosulayyn ...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
BAYOGUL (Şugün, 16:14)

Konfrensiya gijesi 6


Konferensiýaňyz gowy. Ýöne geplemän, daže salam bermän-alman oturýanlary näme üçin goşýaňyz?...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Baron (Şugün, 13:48)

Konfrensiya gijesi 6


Şu şahyrçylyk elimden gelýän bolsa bizem goşulardyk belki...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Adalat (Şugün, 13:44)

Konfrensiya gijesi 6


Meň adymdanam köp salam!!!!...dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Bayradot (Şugün, 12:34)

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика