Gyzgynjak goşgy. Eliňizi ýakaýmaň ?


17.02.2025 / 17:20
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Söz
Men seni şeýle küýsedim,
Küýsedim öýdýän, mähriban!
Bir owurt söze suwsadym
Bir döwüm mähre hyrydar.
Gyssaýaryn setirlerim
Şu gün ýazany-ýazany.
Özüm aglamajak bolup,
Agladyp ýörün galamy.
Indi göwün ýok döwere,
Indi degere degna ýok!
Biderek garaşdym (mümkin),
Aý, ýok, sen yşka meňzäňok!
Müdimi bagt kime ýetdi?!
Hiç bolmanda karzyna ber!
Ýa-da pikriň edip geçen
Sagatlarmy yzyna ber.
Men nädeýin, sensizlikde
Sabyr käsäm bolsa daşgyn.
Çölde her ygan "Kaýysa"
Syry aýan däldir yşkyň.
Nä saňa hökmanmy bilmek?
Ýerliksiz umyt baglanym.
Üýşmeleňde galyp tenha
Adyň pyşyrdap aglanym.
Çekenimi sessiz çeksem...
Men --- mertlige hökm edilen.
Ýylgyryş az-kem ýasama
Alna ýygyrt çökmedikde.
Ýöne...
Ahyrsoňy adam ahyr
(Käşgä, beýik dag bolsadym).
Men şeýle bir teşne, janym
Bir owurt söze suwsadym...
17.02.2025.
![]() 155 |
![]() 26 |
![]() 7 |
![]() 10 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |
Teswirler:

Bagul [off]
Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
17.02.2025 / 22:37
+1
Gowy ekena gosgy
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)