Rabyýa Adewiýýe
Gytyndan Aypipijik [off] 03.02.2024 / 19:45 Durmuş doly yenil kelleden#
Aýratyn bir gorag perdesi astynda saklanylan, yhlas örtüginiň aňyrsynda gizlenen, yşk we wysala gowuşmak islegi bilen tutaşan, Allaha ýakyn bolmaga we onuň yşkynda ýanyp-köýmäge islegli bolan, Merýem Safyýýanyň ýoluny dowam etdiren, erenler tarapyndan sylanýan Rabyýa Adewiýýe bir gezek şeýle diýipdir:
— Biri garşyma çykyp, menden: «Näme üçin erkekleriň hatarynda olar bilen deň zikir etdiň?» diýip sorasa, oňa: «Pygamber alaýhyssalamyň: «Allah siziň daş keşbiňize bakmaz» diýen bir sözi bar diýerin».
Rabyýanyň dünýä inen gijesi olaryň öýlerinde ony dolar ýaly bir bölek biz, göbegine çalar ýaly bir damja ýag we öýi ýagtyldar ýaly çyra tapylmandyr. Bu maşgalanyň ondan öňem üç gyzy bardy. Şonuň üçin hem oňa Rabyýa adyny beripdiler. Bu söz «dördünji» diýmegi aňladýardy.
Ýap-ýaňy ýeňlän ene ärine ýüzlenip:
— Pylan goňşymyzyňka baryp, çyra: guýar ýaly ýag dilesene — diýip haýyş edipdir. Ýöne Rabyýanyň kakasy ýaradylanlaryň hiç birinden zat dilemejekdigini aýdyp, öň ant içen ekeni. Muňa garamazdan, ol aýalynyň göwnüni ýykmajak bolup, goňşularynyň öýüne çenli gidip gelipdir-de:
— Goňşular ýatypdyr — diýipdir.
Bu ýagdaý Rabyýanyň kakasyna agyr degipdir. Ol şol gije düýşünde hezreti Pygamber alaýhyssalamy görüpdir. Hezreti Pygamber oňa garap:
— Gynanma! Şu gün dünýä inen gyzyň şeýle bir hanym bolar, ýetmiş müň kişi ondan şepagat etmegini dilär — diýipdir. Soňra sözüni dowam edipdir:
— Bursanyň emiri Isa Radanyň ýanyna bar we meniň oňa: «Sen her gije maňa ýüz gezek, juma gijesi bolsa dört ýüz gezek salawat getirýärsiň. Geçen şenbe gijesinde maňa salawat aýtmagy unutdyň. Şonuň günäsini ýuwmak üçin şu habary saňa ýetirene dört ýüz altyn ber» diýmegi tabşyrandygymy habar ber» — diýipdir.
Rabyýanyň kakasy ukudan oýanyp, ir bilen Pygamber alaýhyssalamyň düýşünde aýdan sözlerini kagyza ýazyp, ony alypdyr-da, Isa Radanyň öýüniň öňüne baryp, şol ýazgyny emire gowşurmagyny haýyş edipdir.
Isa Radan ýazgynyň mazmuny bilen tanyş bolanyndan soň, hezreti Pygamber alaýhyssalamyň özüni ýatlanyna şükür edip, munuň şanyna on müň dirhemi sadaka paýlamagy, Rabyýanyň kakasyna bolsa dört ýüz altyn pul bermegi emr edipdir. Soňra bolsa özi onuň ýanyna çykyp: «Men seniň içeri girmegiňi näler islärdim. Emma muny göwnüme jaý görmedim. Çünki sen hezreti Pygamber alaýhyssalamyň habaryny maňa ýetirmek mertebesine — bu artykmaçlyga eýesiň. Şol sebäpli özüm öňüňden çykmagy, aýagyň tozuny sakalyma sürmegi makul bildim. Indiden beýläk bir zada mätäçlik çeken mahalyň maňa ýüz tutsaň, saňa kömek etjegime Allatagaladan ant içýärin» diýipdir.
Rabyýanyň kakasy emiriň beren altynlaryny gerek-ýarak zatlaryna harçlapdyr.
Rabyýa ese-boýa galanda, kakasydyr ejesi aradan çykypdyr. Şol döwürde-de Basrada aýylganç bir açlyk bolupdyr. Bu apat zerarly Rabyýanyň aýal doganlarynyň hersi bir ýere düşüpdir. Onuň özüni bolsa ejizliginden peýdalanan bir zalym kişi sähelçe pula satyp goýberipdir.
Rabyýany satyn alan kişi oňa kyn, agyr işleri buýrupdyr. Naçar gyz bir gezek ýol bilen gelýärkä, özüne gyýa göz bilen bakan bir keseki kişiden gaçyp barşyna ýykylyp, elini döwdüripdir we mynajat etmäge başlapdyr:
— Allajan! Ýeke-ýalňyzam, enem-de ýok, atam-da ýok. Ýesir düşdüm, elim döwüldi. Ýöne bu zatlar piňime-de däl. Maňa diňe Seniň razylygyň gerek. Menden razydygyňy ýa-da razy däldigiňi bilip biläýsedim!
Şol wagt gaýypdan bir owaz gelipdir:
— Gam çekme! Geljekde sen şeýle bir mertebä eýe bolarsyň welin, asmandaky perişdeler seni tanaýandygyny aýdyp öwünerler, ýanyňda bolmaga çalyşarlar.
Şol günden soň Rabyýa mydama agzy bekli gezmäge, gijelerini namaz okap geçirmäge başlapdyr.
Rabyýanyň hojaýyny bir gije ukudan oýananda, gulagyna bir ses eşidilipdir. Ol sesiň Rabyýa degişlidigini bilipdir. Gyz mynajat edýär ekeni:
— Allajan! Seniň permanyňa uýmagyň köňlümiň arzuwydygyny bilýärsiň. Huzuryňda hyzmat emek bolsa gözümiň nurudyr. Eger elimde bolsady, onda her bir pursatymy Saňa hyzmat edip geçirerdim, dynç almazdan, Saňa tagatda bolardym. Emma Sen meni bir bendäňiň emrine berdiň. Şol sebäpli hem Saňa isleýşimçe hyzmat edip bilemok!
Hojaýyny görse, Rabyýanyň başujynda bir çyra asylgymyş. Özem hiç bir zada bagly bolmasa-da, howada butnaman durmuş. Otagyň içi bolsa nurdan dolumyş. Bu keramaty gören hojaýyn öz-özüne: «Mundan beýläk ony gul ornunda tutup bolmaz» diýipdir.
Ertesi Rabyýa ýüzlenip:
— Seni azat etdim. Isleseň bu ýerde gal — barymyz hyzmatyňda bolaly. Bolmasa-da, islän ýeriňe gidip bilersiň — diýipdir.
Şonda Rabyýa rugsat sorap, ol öýi terk edipdir we özüni ybadata bagyş edipdir. Aýdyşlaryna görä, ol gije-gündiziň dowamynda müň rekat namaz okaýar eken. Käte bolsa gidip, Hasan Basrynyň wagyzlaryny diňläpdir.
— Allajan! Seniň permanyňa uýmagyň köňlümiň arzuwydygyny bilýärsiň. Huzuryňda hyzmat emek bolsa gözümiň nurudyr.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...