Ýürekdeş sözler!
Teňňeleriň şyňňyrdysy
Aypipijik [off]
03.02.2024 / 19:48
Жизнь шутит а мне не смешно
Ymam Muhammet Hasanyň okuwçylarynyň biri Müsüre barypdyr. Şol ýeriň halky gysgançlykda ýakasyny tanadan eken. Ol bir dükanyň öňünde oturyp, horjunyndan çykaran gury çöregini iýip başlapdyr. Ol çöregini iýip bolup, ýerinden turanda dükançy ony saklap:
— Bahasyny töle – diýipdir.
— Nämäniň bahasyny?
— Çöregiňi iýip otyrkaň, meniň peýnirimiň ysyny aldyň. Şonuň bahasyny soraýan.
— Elbetde, baş üstüne!
Ýaňky myhman horjunyndan gapjygyny çykaryp, ikiýana silkeläp, teňňeleri şyňňyrdadyp, ýene horjunjygyň jübüsine salypdyr. Yzyndanam dükança:
─ Ynha, şu sesler seniň peýniriň ysynyň bahasy – diýipdir.
Dükançy myhmanyň ugurtapyjylygyna haýran galyp, oňa hödür-kerem edipdir.
98 |
3 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...