Ýürekdeş sözler!
ÝÜREK
Aypipijik [off]
03.02.2024 / 19:52
Жизнь шутит а мне не смешно
Ýüregiňizi diňläň!
Baryň huzuryna päklenip kemsiz.
Uzyn gijelerde galyň ikiçäk.
Darkaşyndan başly – barat duýgulaň
Ýürek – size sypalgadyr ýeke-täk.
Ähli hossarlardan, dosty-ýarlardan
Golaýdyr ol, iňňän golaýdyr size.
Öwrüm-öwrüm, aýlaw-aýlaw ýollaryň
Haýsynyň nireden çykarjagyny
Şol aýdar size.
Şol aýdar müşgilleň asan çözgüdin,
Şol aýdar –
Şoňkudan özge ýalandyr.
Alla owal-başda ynsan ogluny
Ýere gönderende nurundan ýasap,
Dolap ýürek atly düwünçejige
Özündenem birje bölek salandyr –
Ýürekde bolýandyr iň uly hasap.
Iň owadan ýazlar ýürege gelýär,
Iň ýowuz kyýamat gopýar ýürekde.
Ol ymgyr ummanda ýalňyz gämidir –
Jan-jedel bol – yhlas bilen kürekle!
Ýürek tämiz bolsa, ýollar tämizdir.
Ol çäji harpykdan saýlap durandyr.
Diňe gül bedeniň gülgün ganyn däl,
Ykballaryň kültem-kültem ýollaryn
Öz-özünde sazlap, aýlap durandyr.
Ýüregňizi diňläň!
Ýürek – öz dünýäňe ýalňyz gapyňdyr!
Ýüregiňizi diňläň! Syrdaşdyr size,
Size sizden ýakyndyr!
88 |
3 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...