Ýürekdeş sözler!
Pähimli halypa
Aypipijik [off]
03.02.2024 / 20:06
Жизнь шутит а мне не смешно
Şeýh Hamdulla hatdatlykdan başga-da ençeme hünäri kemsiz özleşdiren ezber adamdy. Edil hatdatlykda bolşy ýaly, ýaýdan ok atmakda hem tanymaldy. Ol 1505-nji ýylda okuny 730 metr aralyga atyp, rekord goýmagy başarýar. Ok atylýan meydançada onyň rekordyny tassyklaýan daş goýýarlar. Bu daşyň ýüzüne-de «El-menzili Hamdullah Ibnuş-Şeýh Reisul-Hattatin, Şeýhur-Rahman» (Hatdatlaryň ýolbaşçysy we okçylaryň şeýhiniň menzili) diýip ýazylýar. Şeýh Hamdulladan soňky gelen hatdatlaryň ýaý atmaga höwesjeň bolmaklary hem, belki, şu sebäpdendir.
Soltan Beýazit II ruhy we beden taýdan kämil ussadynyň ýaý atmakdaky ezberligini görenden soň, ony Ýaýçylar jemgyýetiniň şeyhligine, häzirki döwrüň dili bilen aýtsak, Ýaýçylar federasiýasynyň başlyklygyna belleýär.
Şeýh Hamdulla ýüzmekde hem öňüne adam geçirmändir. Ol Stambulyň Üsküdar mähellesinden Saraýburny mähellesine çenli ýüzüp gidip biljek derejede ökde bolupdyr. Ussat aram-aram egin-eşiklerini başyna orap, hat-petegini hem agzyna gysdyryp, Üsküdardan suwa girýän eken-de, edil suwuň üstüne aýbogdaşyny guran ýaly, akyma göra hereket bilen ýüzüp gidişine Sarayburnundan çykyp, şol ýerde hem geýnäge-de Topkapy köşgüne sapak bermäge gider eken.
Ussadyň ukyplary munuň bilen hem gutaryberenok. Ol bürgüt awlamakda, possun tikmekde hem ökde bolupdyr. Soltan Beýazit II-niň geýen possunlarynyň tikininiň nirededigini hiç kim bilip bilmändir.
Segsen ýaşynda-da titremän galam tutan el
Beden bilen ruhuň arasyndaky deňagramlylygy saklamagy başaran şeýh Hamdulla käte adamlardan çetleşip, özüni tagat-ybadata berer eken. Aýratynam, soltan Beýazit II aradan çykandan soň, Älemdagynyň Sarykazy diýen obasynda ýalňyzlyga çekilip, dünýeden halys eli sowaýar. Bu mübärek ynsan garrap, kellesi saňňyldasa-da eli hiç wagt saňňyldamandyr. Ol segsen ýaşyndaka ýazan Kurany-Kerimiň nusgasynda: «Soltan Beýazidiň kätibi bolan hatdat saçlary agaryp, segseni arka atsa-da muny nädip ýazyp bilýär?! Ynsap we iman bilen nazar kyl!» diýen bellik goýupdyr.
1520-nji ýylyň dekabr aýynda segsen alty ýaşynda dünýesini täzelän «Kutbul-Küttab» Üsküdar-Garajahmet töwereklerinde Şeýh Sofasy ady bilen tanalýan mazarystana jaýlanylýar. Şeýh Hamdulla şeýle bir pespäldi, hatda guburyna goýlan daşyň ýüzüne öz adynyň ýazylmagyna hem rugsat bermändir. Tanymal hatdat Hafyz Osman iň bolmanda ruhuna «Fatyha» okalsyn diýip, onuň guburyna adyny hernäçe ýazasy gelse-de, ussadynyň wesýeti bolany üçin iki göwünli bolýar. Müstakimzadanyň ýazmagyna göra, gubura at ýazmaga meşhur hatdatlardan Şahin Aga ýürek edýär we: «Reisül-hattatin Hamdullah el-Maruf bi Ibniş-Şeýh rahmetullahi aleýh» diýip ýazdyrýar. Bu wakanyň geň tarapy bolsa, Şahin Aga şol ýazgyny ýazdyrandan soň bir hepde geçip-geçmänkä amanadyny tabşyryp, Allanyň huzuryna rowana bolýar.
Il arasynda şeýh Hamdullanyň hormaty şeýle bir uly bolupdyr, käbir hatdatlar dünýeden ötenlerinde, ussadyň ýanynda jaýlanmagyny özlerine abraý bilipdirler. Ýaňy hatdatlyga başlan öwrenjeler hem galamlaryny şeýhiň guburynyň gumuna bir hepde gömüp goýup, ondan soň şol galam bilen ýazsalar, bereketli bolar diýip halypalaryndan teperrik umyt edipdirler.
Ýol dowam edýär
Aradan bäş asyr geçse-de, ylym-bilim, sungat älemine, aýratynam alty görnüşli ýazgyda ajaýyp eserler döredip, ýönekeý çyzyklary şygyr bilen wasp edibermeli nepis sungat halyna getiren şeýh Hamdulla uly sarpa goýup, ýagşylykda ýatlaýarys. Biz bu hat ussadynyň özünde hem-de sünnäläp ýazan ajaýyp ýazgylarynda milletimiziň dünýägaraýşyny, ägirtligini, agraslygyny, erjelligini, imanyny, Haka bolan söýgüsini aý-aýdyň görse bolýar.
Biz bu ýazgymyzda yslam hatdatlyk sungatyna degişli, hem okap ybrat alynýan hem-de abstrakt surat ýaly diwara asylyp pikirlendirjek, döwrebap suratyň öňdebaryjylaryndan Pikasso suratkeşe: «Meniň surat bilen barmak isleýän iň soňky sepgidime yslam hatdatlygy bireýýäm barypdyr» diýdiren hatdatlyk sungatymyzy täzeden öňki durkuna getirilip, kämmilleşdirilmegi üçin ýaşlarymyzda gyzyklanma döretmegi hem-de bu hatdatlygyň nejeme ägirtlerinden ozan, hakyky sungat adamlaryny ýetişdirip, dabarasy dag aşan şeýh Hamdulla ruhuny şat etmegi niýet edindik.
Pikasso ýaly suratkeşe: «Meniň surat bilen barmak isleýän iň soňky sepgidime yslam hatdatlygy bireýýäm barypdyr» diýdiren hatdatlyk sungaty.
66 |
3 |
0 |
1 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
ЭФФЕКТ БАБОЧКИ
Hawa kiçijek bir ünüssizlik bilen edilen garaýyş, hereket hem uly üýtgeşmelere sebäp bolup bilýär. Emma käbir ynsanlar düşünmeýär. Asyl elementi...dowamy...
Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!
Gyz we oglan dostlugy – mümkinmi ýa-da bir duzak? Siziň belleýşiňiz ýaly, tebigy we biologiki taýdan seredilende, erkek bilen aýalyň aragatnaşygy...dowamy...
8-nji Martyňyz bilen!!!
Ömrümde hiç kimem gutlamady shu ýylky baýramçylyklary gutlaýylshy ýaly.. gaty gyzykly ýyl boly shu ýyl Allajan inniki ýylabir Hudaý ýetirmäwersi...dowamy...
8-nji Martyňyz bilen!!!
Sagboluň siziňem maşgalaňyzdaky zenanlaryň baýramlary mübärek bolsun🙂...dowamy...
8-nji Martyňyz bilen!!!
Kop sag bol. Gutlamaga ir basladym dip oylanma. Hokumetem su gun gutlady ). Baslygymy, usulcymy su gun gutladym menem. Ozume bolsa duynden sowgat...dowamy...
Siziň bahaňyz näçe? Adamyň bahasyň hasaplmasy
Emma erteki gun name etsede 100 mun tapmajagy anyk Emma adam ertesinin gymmatyny olcanokmyka diyan ol sol 100 mun manady galdyrsam menden sonky m...dowamy...
ЭФФЕКТ БАБОЧКИ
Bu hakykat Bir soz bilen ursy basladypda ony yatyrypda bolya diyilen yerini okapdym...dowamy...