Ýürekdeş sözler!
Nika
Aypipijik [off]
03.02.2024 / 20:23
Жизнь шутит а мне не смешно
Asman ýaly agrasdyñ sen,Çeşme ýaly arassadyñ,Mukkadesdiñ,beýikdiñ sen,Çaga ýaly neressediñ.Kanun ýaly möhümdiñ sen,Suw,howa deý gereklidiñ.Halallyga ýolduñ baky,Bagt,nygmatly tarapyñdy.Ýekesözlük, wepalylyk,Üzülmejek tanapyñdy.Bu gün bolsa ownadyñ sen,Üzüldimi tanaplaryñ?Agyr düşüp ugradyla,Adamzada talaplaryñ...Ynha indi bakylyk däl,Bezeg bolduñ toý gününe.Ondan soñra mähriñ undup,Goýberýänler köp gümüñe.Öñ ýekediñ,ömürlikdiñ,Bu gün arzanlady nyrhyñ.Hat-da käbir ýaş-juwana,Duýulanok, bar,ýok parhyñ.Ejizleme türkmen üçin,Möhümleriñ,möhümisiñ!Bagta gadam basanlaryñ,Bakylygy möhürisiñ! Şan-şöhratyñ gaýdyp alyp,Ojaklara ber mährini.Ynsanlaryñ ýadyna sal,Hudaýa beren ähdini.
102 |
8 |
1 |
3 |
0 |
0 |
0 |
Teswirler:
BAY-HAN [off]
Ýüregi ýüregime syrdaş...
04.02.2024 / 03:29
+0
Awtory kimem bolsa gowja yazypdyr.
Soňky teswirler
Gyzyklanýanlaryň dykgatyna!!!
Islenen.ru da guralÿan edebiÿat agsamy konferensinde bir gezek sesiňizi eşidipdim, häsiýetiňize garamazdan owadan sesiňiz bar) hany şol sagada de...dowamy...
Ykbal Sazagy
Sen su adamlara samsykdyr oydyanmi? Emeli ana yazdyran bolgusyz gosgularyndan doldurylyan yer dal barsi. Indi seytsen pozjakdyryn....dowamy...