Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Jimin : Entak yasymyz kici yone yureklerde dunyalere sygmayan dertler bar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Rubagylar.
 Öwreniji
 Fantom [off]
 11.03.2025 / 19:08
 Терпение — это ресурс исчерпаемый.

Diýdiler kyn zatmy rubagy ýazmak
Diýdim köki bilen bir bagy ýazmak
Diýjek zadyň dört setire sygdyryp
Ýagşy-ýaman, gara hem agy ýazmak.

Diýdiler eý pälwan sen nädip ýazýaň
Süýjüden ajyny köp dadyp ýazýan
Hakykaty ýazýan urup onluga
Çekinmän, ýüz görmän göni ädip ýazýan.

Gije ýatman bir eseri döretseň
Daňa çenli eýlä-beýlä ýöretseň
Gün dogup naýzaboý arşa galanda
Bir ýetmezi bardyr baryp seretseň.

Ýazaňda esasy deňle dört ýany
Gadymy sözleriň köp bolsun sany
Ana şonda şowly çykar eseriň,
Armanda goýmarsyň diňlän ynsany.

Kesgir sözüň bolsun göýäki päki,
Höwesjeň şahyra haramdyr uky,
Maslahatly bolsaň halypaň bilen,
Ýazan eserleriň bakydyr-baky.

Uly baýlyk bolýan bolsa saglygyň,
Onda ony dikeltmäge howlugyň,
Gereginden artykmaç pul ne derkar,
Uzak ýaşap görjek bolsaň çowlugyň.

Eliňi gyýar gowşak tutan gamyşlaň,
Dert getirer artyk iýen symyşlaň,
Lukmandan-lukmana ylganyň galar,
Hiç peýdasy degmez altyn-kümüşleň.

Ummasyz baýlygy tapdy bir ynsan,
Haýyr-sahabat ýok etmedi ygsan,
Ýetdimmikäm diýip gopbaran wagty,
Alla ony etdi ýer bilen ýegsan.

Aşa jomartlara samsyk diýdiler
Syr saklaýan bendä kümsük diýdiler
Ikisi hem çägeden ýasalan bir zat
Tanaman jäjege taňsyk diýdiler.

Ynsanyň duşmany ikidir biliň,
Birisi jisminde dahanda diliň
Ikinji duşmanyň eger bar bolsa,
Ol hem geýmiňde jübiňde puluň.

Sen bir zady ekme, ekgin köp zady
Il halka peýdasy degjek nep zady
Mugt berselerem almagyn hergiz
Yzy galmagally boljak gep zady

Ýürekde besläniň durmuşda syna,
Amal etjek bolgun janyňy gyna,
Egerde paşmasa bähbit bolsun diý,
Ýöne hiç birinden etmegin kine.

Nämäni söýseňde ýürekden söýgün,
Ýalandan bolmasyn, bolmasyn ýoýgun,
Ýenede bir zady aýdaýyn saňa,
Şol zady özüňden belentde goýgun.

Oňmadyk işleňi edinseň sapak,
Soňky niýetlerňe galkandyr-gapak
Ähli işler bolup gider ýerbe-ýer
Sen özüň bolmasaň däli bir depek.

Aldaýanyn bilselerde dymdylar,
Edýän bet işine gözün ýumdular
Bu dünýäni sürüp ölen wagtynda
Gabrystanda derejeläp gömdüler.

Göwräň ýerden üzme Aý boljak diýip,
Kürrä öwrüläýme taý boljak diýip,
Her kimiň kesgitli rysgaly bardyr,
Hudaýdan daş düşme baý boljak diýip.

Güýjüňe buýsanyp etmegin zorluk.
Wezipä daýanyp görkezme horluk.
Dowzahda gaý diýen bir guýy bardyr,
Sen oňa düşersiň etseň ogurlyk.

Bu dünýede geň görmäliň hiç zady,
Hemde ynsanlara dakmalyň ady,
Birden başymyza gelmegi mümkin.
Şony ýatda saklaň adam zürýady.

Her zadyň guýrugy, pürçügi bardyr,
Hemmäň ýakasynda kirçigi bardyr,
Nämä gerek birek-biregi ynjytmak,
Seretseň yzynda palçygy bardyr.

Gerekmeze gözüňi ýum, geregiňe aç,
Geregiňi garbap al, gerekmezden gaç.
Bolma ikisinem ýygnaýanlardan.
Il-halka söýerli ynsan bolup geç.

Eý gözel gyz buýsanýaňmy görküňe,
Buýsanşyň dek gaýym bolgun erkiňe,
Egerde erkiňi berseň eliňden,
Soň özüňi güjeňlärsiň her kime.

Bir juwan gyz kämillige ýetişdi,
Köp sawçyny gaýtardy ýaşy ötüşdi,
Soň olaň gapysyn kakmady hiç kim,
Gözel görki toprak bilen gatyşdy.

Şeýdip kä gözeller ömrün köýdürdi,
Käbiri hem özün ona söýdürdi,
Ykballarna şarpyk urdy özleri,
Özlerine nämemikäm diýdirdi.

Gözellik däl peri-peýker bolanyň,
Peýdasy ýok näzli bakyp güleniň,
Türkmen gözeline mahsusdyr edep,
Ahlagyň bolmsa ýegdir öleniň.

Diňle janam baky däldir gözellik,
Şahyrlara wagtlaýyn gazallyk,
Wagty geler garrap kempir bolarsyň,
Ne gözellik galar, ne-de hezillik.

Diýýäler iýeniň, geýeniň galar,
Yzyňda hormatlap söýeniň galar,
Köňlüňe gelenini ýaýgyn Nurtagan,
Ýalançyda senden diýeniň galar.

Şükür diýip ýaşadym men galkyna,
On bäş ýyldyr gözüm düşmez ýalkyma,
Yhlasym siňdirip ýazan zatlarym,
Ýadygärlik galsyn türkmen halkyma.

Awtor: Nurtagan Pälwan, Balkan, Garadepe.


38

7

1

2

0

0

0
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [42s]
  Lekum dinukum we liýe din
 11.03.2025 / 20:12

+1

Ýetirip dur gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

gaýrat edip kömek edäýiñdä


Komentaryany okamana gelenler bardemi siz...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
BAYOGUL (Şugün, 04:02)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


Ikilik edesin gelenokmy ace-iňe ya birinden yadygarlikmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Saryyevv (Şugün, 01:19)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


Yok sana imo...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Domen (Düýn, 22:47)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


trahbox imo llite diyip yaz alp bolyar ol mn ulanan telim...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Aydymcy_Jemile (Düýn, 22:28)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


imony gecrip almak ucin elme 5tmt okla ugradayyn shasyna...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
MEGAFON (Düýn, 21:59)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


mende bar kone imo gara ak prastoy j2de dur sony gecrip bereyin size gunnde 15mb dan kop iyenok gunizin...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
MEGAFON (Düýn, 21:59)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


Inha bulam ýaňky link: https://programmy-na-android.r ... sions Ýugaş ýugaş ýokardan aşaklaýar. Ýäni meniň birinji goýanym, iň täzesi. Ýene b...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Fantom (Düýn, 17:23)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


J1 ace-da imo islanokdy.Birbada islan yaly etse-de bildiris gelmegi galyady. Men onki telim. Hazirem ejem ulanya. Dine sayt chat we s.m yerlere g...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Belki (Düýn, 17:22)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


android wersiýaňyz 4 4-den ýokary bolsa inha: https://programmy-na-android.r ... ion=6 bu göni linky. programmany göni t...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Fantom (Düýn, 17:16)

gaýrat edip kömek edäýiñdä


Play märkwtden almaly imo programmany. Her telefon öz wersiýasyna sazlap alýa şondan...dowamy...
Erkin mowzuklar | gaýrat edip kömek edäýiñdä
Orazjan (Düýn, 17:10)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика