Ýürekdeş sözler!
yurekdes : Лучше быть на руках у любящего, чем у ног любимого# yurekdes
Güneş
Gytyndan Sebap [off] 15.03.2025 / 22:04 Lekum dinukum we liýe din
Meniň söýgim aýdym ýaly aýdyňdy,
Nädip oňa düşünmediň Dagdanym?!
Ýa-da meni bir keseki saýdyňmy,
Tylla gaşym, mähek daşym, magdanym?!
Menem seni ýatdan çykarjak bolup,
Kenaryma sygman çyrpynyp gezdim.
Päkisi awuly, nurbaty ýoluk,
Arman gaýçysynda gyrkylyp gezdim.
Agtaryp tapmadyk tärim galmady,
Sataşjakdym saňa meňzeş güneşe.
Gözýetimde gyzyl yaglyk galgady,
Gök meýdanda gabat geldim Eneşe.
Ýene ýüregime düşüpdir dowul,
Ony saklan beýawana döneýin.
Yssylasa-saýa,üşese-howur,
Ýagyş ýagsa, saýawana döneýin.
Öýleneýin, öý bolaýyn oň bilen,
Bag ekeýin özi deýin jennetiň.
Perişdeler aýlananda daň bilen,
Ikimiziň rysgymyzy kemmesin.
Dogrusy, kämahal tolgunup ýürek,
Agyr oýa batmagymam ähtimal.
Sen şonda çydarsyň, çydarsyň gerek,
Hiç zat hakda soramazdan mähriban?!
Söz berýän, şol pursat ýalňyz bolaryn,
Ýa giderin aňyrsyna meýdanyň.
Islendik günäni boýun alaryn,
Öwezine seniň üçin peýdanyň.
Seniň düşünmeýän zatlaryň hakda,
Gürrüň bermezlige çäre tapylar.
Iki sany sygyr saklarys, hatda,
Atymyzam kişňäp durar gapyda.
Öýümiziň gapdalyndan ýol geçer,
Ýolagçylar gawun iýer, çal içer.
Çagalar keýpden çykarlar ösgün,
Ösümlikleň çeýnäp terje kösügin.
Ýaşap ýadamarsyň, söýüp irmersiň,
Gidersiň toý bolsa, ýa bolsa geňeş.
Şonda nädip gözlerime ilmersiň,
Gözel gelinlerden saýlanyp, Eneş?!
"Senden gaýry del gözlerde bolmaryn"
Muny seniň şirin dilleriň aýtdy.
Diýdim menem: "Ýaprak ýaly solmaryn"
Ýaňagymdan gözýaş syrygyp gaýtdy.
Ilmet Gurban
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Ýokaryk