Ýürekdeş sözler!
Belki : Bagtly bolmak üçin hiç kime mätäç dälsiñ. Özüñi söý, ýeterlik. #Belki
Söýginiň dartyş güýji
Gytyndan Sebap [off] 15.03.2025 / 22:08 Lekum dinukum we liýe din
SÖÝGINIÑ DARTYŞ GÜÝJI
Seni gözlemedik ýerim galmady,
Maşrykdan agtaryp, magrypdan çykdym.
Hyýalymda elwan yaglyk galgady,
Käkilli gözeliň göwnini ýykdym.
Çagalykdan maňa höwrügen gyzyň,
Owadan ýüregniň yhlasy bardy.
Oň ýanyndan terse öwürlen yzym,
Sergezdan durmuşa alyp barýardy.
At çapdyryp geçdim içinden düzleň,
Köse deýin köweklendim, köwlendim.
Soňam agraslanyp, sen hakda düzlen,
Dessanlary bölek-bölek öwrendim.
Serim duman içre oýa batyrdym,
Ýagty umyt bilen daňy atyrdym.
Seniň yşgyň pikirini kän eden,
Şu kelläm ýarylyp barýar nämeden?
Sen—gijeler düýşlerimden idelen,
Gündizler güneşden soradym seni.
Didaryňy gormese-de didelem,
Göwni sowuklardan goradym seni.
Sen taýy ýeldirgäp ýüwüren,
öwsen—Şemalyň yzyna düşüp geldim men.
Söýgimiň päkligi—jadyly göwher,
Yhlasym boyunça gara ýeldim men.
Ýüregim aýamda, kalbym tas aýna,
Söze şöhle saçar döwüler sözden.
Meni bir öňýeten jalatay saýma,
Maksadym belentdir, matlabym çözlen.
Ýakma meni, gümmezleriň güjeňläp,
Ysgynym ýok, huzuryňa barmaga.
Sözlem agzasy dal sözleri jemläp,
Merdiwan ýasaýyn göge galmaga.
Çünki, başarmadym men sensiz ýaşap,
Natuwanym, nowjuwanym, ezizim.
Perileň soltany, düşsene aşak!
Ýa ýanyňa alyp barsyn keniziň.
Ýa kermi sen, ilmez gulagňa zaňlar,
Ýa arkaňda howandaryň—döw barmy?!
Söýgi sözlerine bal gatyp zaňňar,
Tarypyňy menden artyk öwýärmi?!
Sensiz kim bolaýyn, nirä gideýin,
Çekseň, süýnüp ýatan sozma dälmi men?!
Gargasaň, gataryn gara daş deýin,
Soňam pytrap gitjek tozga dälmi men?!
Ilmet Gurban
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Hemme agzalara degisli
Duyn gelip barik hojayyn boljak bolma başarmayañ! Biri sowuşse nm bolya dp soralya diyan, ynanay sen gyrlyşyp yatsanam gram bildirenok...
dowamy...Hemme agzalara degisli
Geleniň duyn wn naman gurrunini etyan İlki ozini onarmaly onson at dak eylekilere ozin hamana soyuşmeyan yaly, manyly mowzuklar acyan yaly. Boş m...
dowamy...Hemme agzalara degisli
Seň özüň onda näme üçin şahsyda edilmeli gürrüňleriňi pikirlerde edýäň? Merdan Geldiýewmi, nämemi, şoň bilen gürrüňleriňi? Bolmajyn bolýaňyz-a ik...
dowamy...
Ýokaryk