Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
paradox : Bir gün menden zeýrenýän zatlaryñ ählisini küýsärsiñ!

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Men seni ýitirip, özümi tapdym
Premium
 Sebap [off]
 23.03.2025 / 16:40
 Lekum dinukum we liýe din

«Men seni ýitirip, özümi tapdym».
Ýogsa, çümüp gidipdirin hyýala.
Indi ýuwaş-ýuwaş sowaşýan göwün,
Meñzäp barýa sowan çaýly pyýala.

Eger göwün meñzeş bolsa pyýala,
Hödürlenip teşne däle oñ çaýy.
Lezzeti duýulman yşk nabadynyñ,
Dökülenem bolsa, binesip paýy.

Duşarsyñ çyn teşnä, günleñ bir güni,
Eý, meniñ yşk doly pyýala göwnüm.
Aýnasyñ, döwülmek ähtimallysyñ,
Aldanma, aldawly hyýala göwnüm.

Ykbalymdan öz erkine gitýäne,
Ýol bolsun!
Oñ üçin ýanmak nä derdim.
Albaýa al bolup, salgyma çapyp,
Öz-özümden ýitip gitsem näderdim?

Gyzylgül ANNAGYLYJOWA.


116

12

2

4

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Power [off]
  Şörtjigedemä bir zat ýazmaly özä
 23.03.2025 / 18:14

+0

Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!

 Gytyndan
 Pegas [off]
  “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”
 23.03.2025 / 22:28

+0

Goşguda Atamyrat Atabaýewden epigraf alnan bolmaly. Şony goýmansyň, mowzugyň awtory!


Premium
Sebap  (24.03.2025 / 04:16) 

Pegas, meň goşguny alan ýerimde epigraf ýokda bar bolsa goýardym


Gytyndan
Pegas  (24.03.2025 / 05:31) 

Sebap, nireden aldyň?


Premium
Sebap  (24.03.2025 / 08:06) 

Pegas, kitapçy.su-dan


Özümiziňki
Gulmahrem  (24.03.2025 / 15:29) 

Pegas, Öňki kitapcy.ru. kitapcy.su boldumy?


Gytyndan
Pegas  (24.03.2025 / 16:03) 

Gulmahrem, bilmedim. Giremok indi.


Özümiziňki
Fantom  (24.03.2025 / 21:03) 

Pegas, Äý, otaýyk gireniň bilen, komentlap, hiçzat ýazyp bolanok, diňe olaryň goýanyny okap bolýalaý... Onä beýitýälerkä?

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ertir.ru çat barada pikirler


Yaziyor......dowamy...
Erkin mowzuklar | Ertir.ru çat barada pikirler
Bezzat (Şugün, 12:55)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Bulam doredijilik barada sonky gelen netijaniz oydyan. Onler dogrudanam stiller hakda kan yanjayadynyz ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:31)

Ýazmak hakda durmuşy wakajyk


Serdar agam, salam! Seni bu saytda gorenime juda-juda begendim. Hoş geldiň! Ýazyşyňa özun bilyan, "Ýaşaýyş yşkyndan" bäri muşdak. Ilkinji like-yň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ýazmak hakda durmuşy wakajyk
Belki (Şugün, 12:28)

MUGALLYM !!!


Men oz mugallymy gowy goryan yokarky yaly samsyk dal men...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Watjik (Şugün, 12:27)

MUGALLYM !!!


Gowsak gosgy. 4-nji klaskam yazypdym suna menzes 😆😆😆...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | MUGALLYM !!!
Belki (Şugün, 12:20)

Göwni tapjak bolalyň (goşgy)


Tüweleme yetirp dur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Göwni tapjak bolalyň (goşgy)
Kerim-98 (Şugün, 12:14)

Hakyky mugallym!


Şeýle terjimelerden ýetirip dur, çagalarada okap berse boljak ekeni muny...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hakyky mugallym!
Boniya (Şugün, 12:10)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Ogulsenem Taňňyýewa awtory 8 ýyl mundan öň okapdym, yöne awtor ýeňiljek ýazýar bir demde okasaň bolýar eserlerini...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Boniya (Şugün, 12:00)

Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm


Gary gowy dowamy gelsin gyzykly eken joram...dowamy...
Erkin mowzuklar | Arwahyň ar alýan gijesi 1-nji bolüm
Bravee (Şugün, 11:28)

Owadan yazuw basleșik


Kitayca yazsanam bolyamy ya lukmanlaryn yazuwynda...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Owadan yazuw basleșik
Sayman (Şugün, 10:52)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика