Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : Sen bir öksüz ben bir garip alayım seni #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Öz wagtyňdan nädip dogry peýdalanmaly?
 Täzeje
 State [off]
 23.03.2025 / 17:11

Wagty dogry sarp etmek ukyby diňe bir iş wagtyny däl, eýsem dynç wagtyny hem peýdaly ulanmaga kömek edýär. Taým-menejment, ýagny wagty peýdaly ulanmak ukyby, durmuşda size köp işe ýetişmäge, gowy netijelere ýetmäge we başlan işlerňizi tamamlamaga kömek eder.

Biz “wagtyň geçäýşini” diýip kä wagt haýran galýarys, emma wagty dogry peýdalanmagyň öz elimizdeligini ýatdan çykarmalyň. Geliň bu sapakda wagtymyzy oýlanşykly peýdalanmagyň iň ýönekeý we şol bir wagtyň özünde esasy usullaryny özleşdireliň.

Edilmeli işleriň sanawyny düzmek

Meýilnamalaşdyrmak islendik wagt dolandyryşynyň (тайм-менеджмент) esasyny düzýär. Kellede düzülen meýilnamalar adatça netijesiz hem bolýar. Ynsan beýnisi suratlandyrmagy, ýagny ýazgyny ýa-da suraty has gowy kabul edýär we ýatda saklaýar.

Elmydama gije ýatmazdan ozal ertir üçin edilmeli işleriň sanawyny düzüň we ertirki günüňizi meýilleşdiriň. “Tikinçä jaň edip, toý üçin köýnegi ýetişdirer ýaly gyssamaly, suw sargyt etmeli ýa-da internet üçin pul tölemeli” ýaly pikirler bilen beýniňize agram salmaň. Bularyň hemmesini kagyz ýüzüne ýa-da telefonyňyza ýazyň we ähli zatlary kelläňizde saklamaň. Ýerine ýetirilenden soň, her edilen işiň üstüni çyzyň. Şeýle etmek bilen, ýerine ýetirilen işiň lezzetini duýarsyňyz.

Maksatlary kesgitlemek

Ýene-de bir möhüm ädim-maksatlary kesgitlemekdir. Mysal üçin, iňlis dilini
öwrenmegi maksat edinýän bolsaňyz, "2025-nji ýyldaky giriş synaglaryna iňlis dilini orta derejä çenli öwrenmeli" ýaly maksat aýdyň bolmaly.

Aýdaly, siziň taýýynlanmaga 7 aý wagtyňyz bar. Indi siz gowy netije gazanmak üçin wagtyňyzy dogry peýdalanmaly. Ilki bilen etmeli işleriň meýilnamasyny düzüň:
1. Özüňiz üçin iň amatly bilim merkezini ýa-da mugallymy saýlaň;
2. Okuw kursuna ýazylyň;
3. Iňlis dilini bilşiňiziň derejesini we islenýän derejä ýetmek üçin näçeräk öwrenmelidigiňizi anyklaň hem-de etmeli işleri galan 7 aýa bölüň;
4. Her aý degişli synagdan geçiň;
5. 7 aýdan soň giriş synagyndan geçiň.

Edilmeli işleri ýönekeý meseleler görnüşinde bellenip hem-de olaryň tamamlanmaly wagty kesgitlenip bilner. Siz maksadyňyza has-da netijeli ýetmek üçin ähli edilmeli işleri jikme-jik ýazyp goýuň. Meselem, okuw kitabyny saýlamak, doganyňyza öwrenenleriňizi öwretmek bilen geçilen zatlary gaýtalamak, özbaşdak öwrenmegi meýilleşdirmek.

Guramaçylyk ähli zatda ähmiýetlidir

Hemme adamlar, üçin goý ol talyp bolsun, telekeçi bolsun ýa-da öý hojalykçy bolsun, gündelik işi ýa-da islendik iş prosesini meýilleşdirmek möhümdir. Mysal üçin, siz maşgalaňyz üçin agşamlyk nahara palaw bişirmek isleýärsiňiz. Şunlukda, siziň maşgalaňyzyň agşam 7-de nahara üýşen wagty süýji palaw taýýarlamagy maksat edinýärsiňiz. Maksada görä siz etmeli işleri we wagtyny kesgitläp palaw bişirmäge başlamaly. Palow bişirip başlamazdan ozal, onuň üçin gerek boljak ähli zatlary satyn alandygyňyzy barlaň. Soň bolsa ähli zerur iýmitleri holodilnikden çykaryň. Eti, sogany, käşiri, gezekli-gezegine gowuryň, suw guýanyňyzdan we duz goşanyňyzdan soňra tüwini salyň. Ahyrynda islege görä kişmiş we sarymsak goşuň. Egerde, siz palawy giç bişirmäge başlasaňyz ýa-da ädimleriň yzygiderliligini çalyşsaňyz, garaşan netijäňiz ýagny süýji palaw bolmaz.

Guramaçylyk ähli zatda, ýagny şahsy meýilnamalaryňyzdan başlap, şkafyňyzdaky ýa-da iş ýeriňizdäki zatlaryň tertibinde hem öz beýanyny tapýar. Stoluňyzda, otagyňyzda ýa-da pikirleriňizde bulaşyklyk bolanda haýsydyr bir zady etmek has kyn bolýar.

Ünsüňi bölmezlik

Islendik bir zady öz wagtynda we netijeli ýerine ýetirmek üçin bir mesele boýunça ünsüňi jemlemeli. Bir iş bilen meşgullanýan wagtyňyz başga meselelere ünsüňizi sowsaňyz, onda ol edýän işiňiziň netijesine özüniň ýaramaz täsirini ýetirer.

Gereksiz ownuk zatlary etmek üçin näçe wagtyň sarp edilýändigine üns berip gördüňizmi? Gymmatly wagtyňyzyň ep-esli böleginiň bu ownuk, gereksiz zatlar üçin sarp edilmezligine synanşyň. Bu kyn, ýöne bir meselä ünsi jemlemäge synanyşmaly.

Hemme zady birbada çözmäge synanyşmaň. Mysal üçin, günüň dowamynda her minutda gyssagly bolmadyk jaňlara, hatlara ünsüňizi sowmaň – hut şu zatlar siziň wagtyňyzyň köp bölegini alýandyr. Wagtyňyzy peýdaly sarp etmegi özüňiz üçin düzgün edinmäge synanşyň. Meselem, zerur bolmadyk meselelere jogap bermek üçin irden, günortanlyk ýa-da agşam belli bir wagt goýuň we bu çäkden çykmazlyga çalyşyň.

«Ýok» diýmek ukyby

Kimdir biriniň haýyşyny haçan inkär etmelidigiňizi pikir ediň. Belki-de dostuňyzyň ýa-da joraňyzyň haýyşy, ýerine ýetirmeli belli bir işi tamamlamagyňyza size päsgel berýändir?

Eger-de siz ähli haýyşlary ýerine ýetirjek bolsaňyz, öz işleriňizi we maksatlaryňyzy soňa goýmaly bolarsyňyz. Işleriňizi, wezipeleriňizi we borçlaryňyzy ýerine ýetirmäge wagtyňyz bolmaz. Şeýle-de, dynç almaga hem wagtyňyz bolmaz.

Ýok diýmek ukyby, hemmelere “ýok” diýmeli ýa-da hiç kime kömek etmeli däl diýmekligi aňlatmaýar. Biz size deňagramlylygy tapmaga synanyşmagyňyzy maslahat berýäris. Biz näme sebäplerden “ýok” diýýäniňizi düşündirmegi maslahat berýäris. Şeýle edeniňizde adamlar size düşünerler we öz diýenlerini tutup durmazlar.

Öz ýagdaýyňyzy sypaýyçylyk bilen düşündirmegi synanşyň. Siz öz işleriňiz we borçlarňyz üçin jogapkärsiňiz.

Dynç almak möhümdir

Edip bolmajak işi etmek we dyngysyz işlemek mümkin däl. Işi netijeli ýerine ýetirmek üçin we siziň sagdyn bolmagyňyz üçin fiziki we emosional dynç almak zerurdyr. Eger siz mydama ýadaw bolsaňyz, onda siz saglygyňyza, töweregiňizdäki adamlara we edýän işiňiziň netijeliligine zyýan ýetirersiňiz. Şonuň üçin dynç alyşy meýilleşdirilmeli we gurnamaly. Mysal üçin, siz bir işiň başynda uzak oturýan bolsaňyz "45/15" usulyny ulanyp bilersiňiz, ýagny ekzamenlere taýýarlanmak üçin 45 minut, dynç almak üçin (maşk etmek, naharlanmak, iş stoluny arassalamak, gözüňizi ýumup ýatmak we ş.m.) 15 minut sarp etmeli.

Höweslendirmek möhümdir

Howesiňiz bolmadyk wagtynda özüňizi islendik zady etmäge mejbur etmek kyn. Öz özüňi höweslendirmek wagtyňyzy peýdaly ulanmakda hem möhüm orny eýeleýär. Ylham çeşmelerini özüňizden gözläň, höweslendiriji maksatlar goýuň. Mysal üçin, bir sahypa ýazanyňyzdan soň, bir bölejik şokolad iýiň, şorta sözleri okaň we ş.m.

"Kiçijik şatlyklar" uly maksatlardan has täsirli bolýar. Olar iň kyn işi hem ýakymly işe öwürýär we ony gysga wagtda tamamlamaga ýardam edýär.

Wagtyňyzy pikirlenip meýilleşdirmegi endik ediniň! Şeýle etmek bilen üstünlige ýetersiňiz!

Gutlaýarys! Indi siz wagtyňyzy nädip peýdaly ulanmalydygyňyzy bilýärsiňiz.


93

15

4

7

0

0

1
Teswirler:
 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 23.03.2025 / 17:27

+1

Gowy eken ýetirip dur

 Gytyndan
 Sebap [off]
  Lekum dinukum we liýe din
 23.03.2025 / 17:28

+0

«Ýok» diýmegi birzat ediba öwrenmeli

 Täzeje
 Garrybay [50s]
 23.03.2025 / 18:38

+0

Kelle boş däl bolsa tok gerek ilki bilen soňam güýçli dawleniýa pulyň ysyny alyp ugrasaň 24 sagadam azlyk edýär.

 Täzeje
 Eyjejik [off]
  Her şeý, neye laýiksa ona dönüşür
 23.03.2025 / 18:53

+1

Gaty gowy ýeni ýetirip duruň!

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)

Катюша


Lya lya lya...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
rexha (Düýn, 10:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика