Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️‍?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Degişmeler älemi

Ependi degişmeleri 3
 Betinden
 Sebap [off]
 30.03.2025 / 21:16
 Lekum dinukum we liýe din

Erte kyýamat gopýan bolsa…

Ependiniň bir guzusy bar eken. Dostlary degşip, ol guzyny iýmek isläpdirler. On¬soň aralaryndan birini Ependiniň ýanyna iberipdirler. Ol baryp:
– Ependi, bu guzyny näme edersiň? Erte kyýamat gopýarmyş, derrew guzyny soýup, kebap edip iýeli – diýipdir.
Ependi ol adama asla ýüz bermändir-de:
–Gaýtadan baryp ýene oýlan – diýipdir.
Ol adam «Oýlandym» diýip, ýene-de barypdyr, Ependi ahyry razy bolup:
– Onda geliň, bir sähralyga gideliň. Guzyny soýup, kebap edip iýeliň – diýipdir. Olar bir sähralyga barypdyrlar.
Ependi olara garap:
– Siz dem-dynjyňyzy alyberiň. Men kebap bişirerin – diýipdir.
Ol janlyny soýup, tagam taýýarlaýança, dostlary eşiklerini çykaryp: «Biz egin-eşiklerimizi seniň ýanyňda goýjak» diýip, suwa düşmäge gidipdirler.
Ependi oturlyşygyň eýesi hökmünde ot ýakypdyr we olaryň egin-eşiklerini oda oklapdyr.
Bir zamandan soňra dostlary: «Kebap bişendir, iýeliň» diýip, gelip görseler, ählisiniň egin-eşikleri otda ýanypdyr. Olar bu ahwaly görüp:
– Biziň egin-eşiklerimizi näme üçin ýakdyň? Biz indi näme geýeli? – diýipdirler.
Ependi ýalaňaç galyp, busulyşyp duran dostlaryna bakyp:
– Ertir kyýamat gopýan bolsa, size egin-eşik nämä gerek? – diýipdir.

Taýýarlan: Amangül DURDYÝEWA


98

8

1

0

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Bayradot [off]
  ÝÜREK OWAZYM
 30.03.2025 / 21:20

+0


Betinden
Sebap  (30.03.2025 / 21:25) 

Bayradot, hem gülüp hem aglamak o nähili bolýa?


Özümiziňki
Fantom  (31.03.2025 / 00:40) 

Sebap, Gülip gülip gözüm ýaşardy diýändirdä, ýa?


Betinden
Sebap  (31.03.2025 / 03:43) 

Fantom, mümkin şeýle bolmaly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Gyzykly soraglar


Hanoi Men icimdaki janym Men adym Chagalyk yyllaryma bagtly gunler eken sho yyllar hemme zadyn bar yekeje arzuwynam ulalmak bolyan eken a hazir b...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzykly soraglar
Senagul (Şugün, 01:48)

Gynanýan


Şuñ goşgylar-a gowy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gynanýan
Kerim-98 (Şugün, 01:20)

Gyzykly soraglar


1) Hanoý 2) Nätanyş 3) Pul 4) 2022 5) - 6) Gury 7) Bilmedim 8) (Gyzykly sorag)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzykly soraglar
State (Şugün, 00:50)

Gyzykly soraglar


vietnamynky vietnammyka diyyan doly bilemjuh saytda gowy mowzuk acyan gyz adym öňe gidip bolsa giderdim geçmişi tazden bashdan geçirip bashyma ya...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzykly soraglar
Diamante (Şugün, 00:01)

Gyzykly soraglar


2) nätanyş 3) pullarym 4) 2012 5) - 6) - 7) gury daş 8) aýtjakgäl 9) aýtjakgäl...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzykly soraglar
Khanture00 (Düýn, 23:34)

Gyzykly soraglar


Hanoý oýup bilseň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gyzykly soraglar
Khanture00 (Düýn, 23:32)

Yşk setirleri


Soygi bu birek birek bilen aldasmak ekenilay...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yşk setirleri
Akademik3 (Düýn, 22:42)

Yşk setirleri


N 1 men birinji...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yşk setirleri
BAYOGUL (Düýn, 22:37)

Garynjalar


Tapyanay senem...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garynjalar
BAYOGUL (Düýn, 22:35)

Garynjalar


Garynhalary nirden tapdyñ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Garynjalar
Queen (Düýn, 22:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика