Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Gymmat zatlary halaýan elýetmez gyzyñ ýekejesi bolmak ýaly ?❤️?
Söýgüli goşgularymdan
Premium
Belki [off] 31.03.2025 / 09:33 Festival gibisin, katılmak istiyorum!
Bir bakyşda meni ýesir alan ýar
Ýesiriñ men näme diýseñ bereýin
Bu jahana söýgi bolup gelen ýar
Ýesiriñ men näme diýseñ bereýin
Elenýär jigerim bagrym elenýär
Men saña alawly aýdym bereýin
Bereýin men ýanyp duran beýdimi
Gije gündiz ýolyñ alyp duraýyn
Tagapyl et jemalyñy göreýin
Yşkyñ sadyk guly söýgiñ bendisi
Men daglaryñ çeşmesinde saz çalyp
Ýelleriñ natuwan sazyn bereýin
Señ dünýäňe kükräp gelen ýaz bolup
Men saña behişdiñ ýazyn bereýin
Gündizler ýoluña bikarar bakyp
Gijelermiñ gylla ýaryn bereýin
Arşyñ kürşüñ degresinde saz çalyp
Çakaýyn ýakaýyn ýyldyrym kimin
Yşkyñ dünýä gelenini jar edip
Çabgada deprek deý ses etsin zemin
Bir bakyşda meni ýesir alan ýar
Bu jahana söýgi bolup gelen ýar
Sen ýylgyrsañ para para jigerim
Jümle jahan mukam çalyp elenýär
Saparmyrat sen hiç zatdan nalama
Ýaşlyk birçak ara açyp gidipdir
Öýlänçi deý şowhun salyp äleme
Söýgi ykbalymdan geçip gidipdir
Saparmyrat
Türkmenbaşy
Teswirler:
Täzeje Domen [off] 31.03.2025 / 12:46+0
Soňky teswirler
Baky dünýe!
Hakyky ölen adam yzyndan 3 gün aglanýar olam ýanýoldaşy bolsa, ýogsam aglamak bolonok çyndanam ölen adamlary ýürek küýseýär...
dowamy...
Ýokaryk