Enelermiziň her bir dilegi Allahyň dergähinde kabul bolýandyr

SeVgiLiM [off]
04.04.2025 / 11:25
Bir gün Musa pygamber Alla tagalladan sorapdyr: -Meniň bilen jennetde bile boljak adam kimdir?-diyip,Alla tagalada hem aýdypdyr -Plan yurdyn plan şäherinde bir gassap adam bar,ana şol seň bilen jennetde bile boljaksyň.Musa pygamber şol şähere baryp,diýilýän gassaby tapypdyr.Musa pygamber bir gyrada durup ol adama syn edipdir.Gasaapçy müşderilerini närza etmän söwdalaşýan ekeni.Wagt ikindi bolup geçenden soň gassapçy esbaplaryny ýygnap.torbasyna bir bölek eti atyp,öýüne gaýtmak bilen bolupdyr.Musa pygamber gassapçyň yzyna düşüp gidipdir.Gassapçy öýne girenden biraz wagtdan soň,gassapçyň gapysyny kakypdyr.Ol adam baryp gapysyny açandan,Musa pygamber saglyk-amanlyk soraşyp,ondan iki günligine myhman almaklaryny haýyş edipdir.Gassapçy uly hormat bilen öýne kabul edipdir.Musa pygamberi öýüň töründe otyrdypdyr,çaý-suw beripdir.Nahar taýýarlapdyr.Taýýarlan naharyndan myhmana hödür edipdir birinji,soň bolsa aňyrrakda otyran bir daýzany gujagynda göterip gelip,saçagyň başynda otyrdyp,zenany iýmitlendiripdir.Musa pygamber gassapçyň hereketlerini höwes bilen synlapdyr.Gassapçy zenany iýmitlendirip bolandan soň, ol aýal zordan dodagyny gymyldadyp bir zatlat samyrdapdyr.Gassapçy zenanyň diýen sözlerini eşdip Ämin diyip jogap beripdir.Soň zenany ýene göterip äkidip,elini ýüzüni ýuwuşdyryp ýene öňki ýerinde otyrdypdyr.Soň özi iýwiçmäne otyrypdyr.Musa pygamber gassapçydan zenanyň kimdigini sorapdyr.gassapçy ol aýalyň ejesidigini günde işden gelende seýdip nahar berip,timarlap seredýändigini aýdypdyr.Ýene sorapdyr ejeňiz dodagyny gymyldadyp bir zatlar diýendigini ýöne oňa düsünmändigini sorapdyr.öýň eýesi jogap beripdir her gezek ejemiň garnyny doýurup timarlamda Musa pygamber jennetde ýoldaşyň bolsyn diýip dileýär -diýip jpgap beripdir.Menem Ämin diyip jogapp berýän diýipdir.
![]() 168 |
![]() 17 |
![]() 4 |
![]() 4 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
05.04.2025 / 10:38
+0
Gassapçy dip soz barmyka sozlukde?
Rowayat gaty gowy!

SeVgiLiM (06.04.2025 / 03:21)
Belki, gassapcy et satyan mal oldiryan adama diyilya


SeVgiLiM, ona gassap diyilye
Täzeje
(06.04.2025 / 11:25)
SeVgiLiM, boşver duşinjek adam duşinya kellañi agyrtma
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)