Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : İsle baý bol isle garyp senem bir gün daşyñ ýüzüne 2 setir bolup ýazylarsyñ ?
Paýlaşmak-bu söýgi
Gytyndan Sebap [off] 09.04.2025 / 18:04 Lekum dinukum we liýe din
Oýlanma
Her adamyň ykbalynyň dürli bolşy ýaly, adamyň hem ýatlamalary hem dürli-dürli bolýar. Emma biz olaryň içinden süýji ýatlamalary ýüregimiziň töründe söýgi bilen ýygşyryp goýýarys we ýygy-ýygydan şol ýatlamalara dolanýarys.
Ynha-da, men öz telärimiziň aşagynda garry erik agajynyň ösen ýerine seredip otyryn. Bu erik agajy enemiň aýtmagyna görä atam pahyryň söýgi bilen ýetişdiren agajy bolmaly.Ol agaç hamala iki agzybir doganlara meňzeýärdi.Onuň gür ýerleşen şahalaryndaky ýapraklar güýz we ýaz pasyllarynda göwnüňi galkyndyrýardy. Onuň aşagynda saýalap otursaň edil ýaz günleriniň gijesi ýaly salkyn bolardy. Onda ýetişen erik miweleri bolsa tagamy boýunça nabatdan kem däldi. Aý, garaz, agajyň waspyny ýetirmäge köp söz gerek. Emma ol adam ömrüniň ahyrky günlerini ýatladyp gurapdy. Onuň ýerine gapdalynda täze bir şoňa meňzeş agajy nahaly dikildi.
Mundan alty-ýedi ýyl öň men, enem, jigim bolup mellegimiziň hasyly bolan Güne serlen günebakar çigit däneleriniň ýanynda oturdyk. Şonda günebakarlardan alnan we çöp-çalamlary sowrulan, garaz, gowruma taýýar çigitleri haltajyklara salýardyk. Birdenkä jigim:
— Ene, ene, bu çigit dänelerini biz näme üçin kiçijik haltalara salýarys? Bu haltalaryň sany hem ona dagy ýetiberýär. Ony siziň diken ullakan bir haltaňyza salsak bolmaýarmy? — diýip, çaga bilesigelijiligi bilen sowal berdi.
Enem hem garşymyzda duran arzylanýan garry erik agajymyza garap:
— Oglum, sen şu ullakan erik agajyny görýäňmi? Ine, şu agaç ähli miwelerini şahalaryna paýlapdyr. Biz hem şu agaja meňzejek bolmaly. Ynha, şahalar hem bize süýji eriklerini eçilýär ahyryn — diýdi-de çalaja ýylgyrdy. Şonda enem öz ýylgyrşy bilen ullakan söýgüsini ýene bir gezek görkezdi.
Enem ol çigit dänelerini hem umumy bir halta hem salyp bilerdi, emma ol ony beýtmedi. Ol haltajyklar bolsa, her kim bilen söýgüsini paýlaşmak isleýänliginiň alamatydy. Enem mydama herki zadyny paýlaşmakdan lezzet alardy. Aslynda onuň bu hereketini köpler sahylyk diýip pikir edýärdiler. Ýöne meniň pikirimçe bu sahylyk diýlip atlandyrylan hereket söýgüdi. Sebäbi ol öz söýgüsini başgalar bilen paýlaşmagyň özboluşly ýoluny tapypdy. Ol «paýlaşmak» sözüni özüne şygar edinipdi. Sebäbi söýgi paýlaşylsa, onuň durmuşyňy gözelleşdirýändigini paýlaşylmadyk ýagdaýynda bolsa onuň kalbyna çökündi mysaly çöküp agram berýänligine ynanýardy. Onuň bu şygary bizler üçin hem ýörelge. Enem hiç wagt agtyklaryna söýgi dessanlaryny ýa söýgi şygyrlaryny okap bermezdi. Emma ol söýgi diýen zady bize öz göreldesi bilen düşündirdi. Ol paýlanan söýgi ählimize deň ýeterdi. Aslynda paýlaşmagyň özi söýgi. Söýgini ýygşyryp goýanyň bilen hiç hili özgerýän zat ýok. Emma ony paýlaşaňda söýgi artýar. Hamala, kitap okan adamyň gözýetiminiň artyşy ýaly, ol hem öz-özünden köpelýän gymmatly hazyna meňzeýär. Hälki gürrüň berşim ýaly, ol bar zada söýgi bilen garamagy başardy.
Onuň tebigaty söýşi has üýtgeşikdi. Her ýyl birentek agaç ekerdi we ol agaçlara yhlas bilen mähir bilen ideg ederdi. Ynha, men muňa söýgi diýip düşünýärin. Tebigatyň durşy bilen gudratdygyna ony söýüp ýaşamagyň ynsana ruhy lezzet berýändigine ynanardy. Onuň pikiriçe, adam häsiýetleri hem owadan güllere, parasatly daglara arzyly baglara, ýagty saçýan Güne, Aý-ýyldyzlara meňzemelidi.
Enem bu giňişlikdäki her bir zada söýgi bilen garansoň, olaryň hersinde bir aýratynlyk duýýardy we öwüt-nesihat almagymyzy islärdi. Men hem soňabaka tebigata enemiň gözi bilen garamaga başladym. Bu garaýyş bolsa mende tebigaty goramaly diýen pikiri kemala getirdi.
«Genji-mal eýesine meňzärmiş» diýen nakyly enem ýöne ýerden aýtmazdy. Eger biziň ýüreklerimiz söýgi, mähir bilen doly bolsa, biz daş-töweregimizdäki ähli zatlara düşünip bileris. Ajaýyp türkmen tebigatymyzy söýgi bilen gözelleşdirip biljegimiz hem ikuçsyzdyr.
Abadan Gurbangeldiýewa,
Aşgabat şäheriniň 32-nji orta mekdebiniň
11-nji synp okuwçysy
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
GELNEJEM
Gowy gosgy eken,yetirip dur👏
Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...
dowamy...GELNEJEM
Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....
dowamy...GELNEJEM
“Bir täsin aýdym aýdardyň
Aga çalymdaş heň bilen.”
Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......
dowamy...
Ýokaryk