Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
PeRMaN : Gawanmana diňe wepalylar haklydyr...!

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Duýguçyl gyz
 Gytyndan
 Sebap [off]
 09.04.2025 / 18:12
 Lekum dinukum we liýe din

Dünýäň bir künjünde kalbynda seni,

Ezizläp oturan duýguçyl gyz bar.

Bu goşgy setirleri göýä maňa bagyşlap ýazylan ýalydy . Henizem saňa ýüregimi açyp bilmän ýörşümi diýsene?!

Men Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika, Ahmet bolsa Dil we edebiýat bölüminiň talybydy. Hünärlerimiziň aýrylygyna garamazdan, men Ahmedi elmydama okuwymyzyň medeni köpçülik çärelerinde görýärdim. Ähli geçirilýän çärelerde Ahmet alypbaryjy bolýardy. Mylaýym sesi, boýy, syraty tüýs alypbaryjy ýigit diýilýänlerdendi. Ahmedi tanap göwün berip ýörşüme eýýäm 1 ýyl geçip gidäýipdir. Şu wagtda çenli onuň bilen bir gezek gürrüňdeş bolubam göremok. Ahmet baradaky duýguçyl pikirlerimi joralarym hem bilýär. Olar elmydama meni Ahmet bilen gabatlaşdyrmagyň küýündediler. Men bolsa ilki bilen onuň maňa söz gatanyny isleýärdim. Hemme zat isleýşiň ýaly boluberýärmi diýsene ?!

Ine, bir günem gabatlaşmarynmy Ahmet bilen duralgada. Durun-a dilimi ýuwdan ýaly bolup. Ýeri, bir bahanajyklar tapda birzatjyklar soran bolaýda diýsene?! Bu ýagdaýyň soň gaýtalanmajagyny bilip, joram Göwher pursatdan peýdalandy. Maňa derrew telefonymyň sesini öçürip goýmagymy aýtdy, men eýýäm Göwheriň näme etjek bolýanyna düşünip, ony saklajak bolýançam ol eýýäm Ahmediň ýanyna tarap ýöredi:

— Salam, bagyşlaweriň, telefonym öçüp galypdyr, joramam telefonuny şu günki gün ýadyndan çykarypdyr, eger mümkin bolsa telefonyňyzdan öýdäkilere jaň edäýin.

— Salam, alyň, alyň! — diýip, telefonuny Göwhere uzatdy.

Göwher telefony alyp , meniň belgime jaň edip başlapdyr. Soňam

— Jaň eden belgim almady, eger yzyna aýlasa, Göwher jaň etdi diýip aýdaýyň — diýdi-de, telefony Ahmede uzatdy.

— Bolýar, hökman aýdaryn.

Şol günden soň Göwher günüme goýmady.

— Men saňa gowy mümkinçilik döretdim. Telefonyňda Ahmediň belgisi bar. 1 ýyl bäri, «Ine, aýtjak, bu gün aýtjak, ertir aýtjak» diýip ýörsüň. Aýtda indi.

— Ýokla, Göwher, sen oňa öýdäkilere jaň etjek diýip aýtdyň-a, häzir men oňa jaň etsem nähili pikir eder, öýündäkilere jaň etjek diýip, ýanyndaky jorasyna jaň edipdir diýerd-ä.

— Ýeri, diýende näme, bu saňa ýürek syryňy açmaga mümkinçilikd-ä, düşünär-ä şo ýigidem näme üçin seň belgiňe jaň edilenni, özüni gowy görülýänini duýar-a.

— Ýöne men beýle duýdurmak islämok ahyry.

— Ahmyrly bolda gez onda, sen ýüregiňi açýançaň, ol eýýäm başga birine göwün berer.

«Sen ýüregiňi açýançaň, ol eýýäm başga birine göwün berer». Göwheriň bu aýdanlary gulagymda ýaňlanyp durdy. Hamala ony elimden alyp barýan ýalydylar. Şu pikirler bilenem men Ahmede tiz wagtda özüne bolan duýgularymy aýtmaly diýen netijä geldim.

«Jaň etsemmikäm ýa sms ýazsammykam, ýa birinden hat ugratsammykam, ýok, gel, gowusy, men oňa bagyşlap oýlanma ýazaýyn, onam gazeda tabşyraýyn, çapdan çykanda gazedi Ahmede gowşuryp, özi üçin ýazanymy aýdaýyn». Şu pikirler bilen uzakly gün ýazuw-pozuw bilen meşgullandym, hem-de Ahmede bagyşlap “Ynam” diýip oýlanmamy ýazyp tamamladym. Ertesi gün redaksiýa gidip ýazan oýlanmamy tabşyrdym.

Bir hepdäň dowamynda ýazan oýlanmam «Nesil» gazetinde çapdan çykdy. Begenjimiň çägi ýok. Ýöne şonda-da gazedi Ahmede bermäge gurbatym çatmady. Günler geçip durdy. Okuwymyzda döredijilik duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň belli ýazyjydyr şahyrlary bilen geçirilen çärede ýene Ahmet alypbaryjy boldy. Çäreden soň sapaklara taýýarlanaly diýip, Göwher bilen kitaphana bardyk, barsam Ahmedem bir-iki sany dosty bilen oturan eken. Isleseň-islemeseň, olaryň gürrüňleri gulagyma gelip durdy:

— Dost, öýlenýän diýsene. Onda-da entek görmedik, söýmedik gyzyňa, göwün berip dagy söýmediňmi sen?

— Hawa, dost, meniň üçin gelinligi ejemjan saýlady, ertir gudaçylyga gidýärler, ejem söýen bolsa menem söýerin, bilýäň-ä okuwym bilen başagaý bolup söýgi meselelerinden çeträk durdum.

— Onyňam dogry welin öz söýüp alanyň bilen durmuş gursaň has başgaça bolýamyka diýýän.

Men bu sözleri eşidip, gözüme ýaş aýlap çykyp gaýtdym. Göwher bolşuma gynandy, hemem şo pursat Ahmediň ýanyna baryp, bar zady bolşy ýaly aýdypdyr. Şol gazedam Ahmede gowşurypdyr.

Öýe gelip, Ahmedi unutmaly diýen netijä geldim. Ünsümi başga pikirlere sowjak bolup kitap okamaga başladym. Birdenkä elime sms geldi: «Meni ýüregi bilen söýýän, ençeme wagtlap duýgusyny açyp bilmän ýören bu gyz bilen görşüp bolmazmyka?!».

Telefon belgisine seretsem, Ahmediň belgisi. Gözlerime ynanmadym. Bu zatlary Göwheriň aýdanyny aňdym. Öz ýanymdan begensemem kitaphanadaky gürrüňler ýadyma düşdi . Hiç hili jogap ýazmadym.

Ertesi gün okuwa barsam, Ahmet dur öňümde, utanjymdan näme etjegimi bilmedim.

— Salam, Çynar!
— Salam.
— Düýn sms ýazdym, jogap ýazmadyň, jaň etsemem almadyň. Şu gün öýümizdäkiler size sawçylyga barýarlar diýip aýdaýjakdym.

— Näme?! O nähili?! Nämäň sawçylygy?! Näme diýýäň? — diýip, aljyrap gürledim.
— Çynar, men bar ünsümi okuwa berip, daş-töweregimdäkilere ünsem bermändirin. Maňa Göwher bar zady aýtdy. Hatda maňa ýazan oýlanmaňam okadym. Men nähili bagtly ýigit?!

— Ýöne sen başga birine öýlenýän, gelinligimi ejem saýlaýar diýpdiň ahyry.
— Hawa, ýöne men ertir öýlenýän diýmedim, ejem sawçylyga gidýär diýdim. Şol gün Göwheriň bar zady aýdany gowy bolaýdy. Men öýe baryp, ejeme bar zady aýtdym. Hatda ýazan oýlanmaňy hem ejem okap halady. Örän çeperçilik bilen beýan edilipdir. Görmesemem ýazan gyz akylly başly, görmegeý gyzdygy göz öňüme geldi. Ejem «Durmuşda söýmek üçin söýülmek gerek. Seni ýüregi bilen söýýän gyz biziň maşgalamyzda söýginiň binýadyny gurjakdygyna ynanýan» diýdi. Ýogsa-da Çynar sen maňa durmuşa çykmaga razymy?!

Men ýuwaşlyk bilen başymy atdym.
Ýüregimde gizläp ýören söýgüme gowuşanyma biçak begendim. Durmuşyň özeni söýgi bilen ýetilen sepgitler bolsa biziň bagtly günlerimiziň şaýady boldy .


Dürli Kakaýewa,
“Watan” radioýaýlymynyň işgäri.


55

18

3

3

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Festival gibisin, katılmak istiyorum!
 09.04.2025 / 19:09

+1

Nirde bar beyle owlon )


Premium
Power  (09.04.2025 / 19:40) 

Belki, sen daşdan gözleýän bolaýma )


Täzeje
Kerim-98  (10.04.2025 / 08:39) 

Power,

 Premium
 Belki [off]
  Festival gibisin, katılmak istiyorum!
 09.04.2025 / 19:10

+0

Hazirkiler oylanmany okap dine aylanmana cagyryalar. "O zatlar menlik dal" diysenem derrew basgan gozlegine )


Gytyndan
Sebap  (09.04.2025 / 19:41) 

Belki, köpsi şeýle hemmesi däl

 Täzeje
 SeVgiLiM [off]
 10.04.2025 / 08:07

+0

oglanyn hereketine hayran galdym realda hiç kim etmeya gaytam oylenmakam sunam bir oynap galayn diyerdi kopusi


Täzeje
Kerim-98  (10.04.2025 / 08:41) 

SeVgiLiM, hawa, soygi yok diyyaler indi


Premium
Power  (10.04.2025 / 09:41) 

SeVgiLiM,
realda hiç kim etmeya gaytam oylenmakam (çykmankam) sunam bir oynap aldap galayn diyerdi kopusi


Gytyndan
Sebap  (10.04.2025 / 13:34) 

SeVgiLiM, dogry köpsi şeýle

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)


Awtory kim? Haysy kitapdan, ya nirden alnan bu maglumatlar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilkinji musulmanlar.(6-njy bölim)
Asman_ (Şugün, 00:53)

Aýallar!


ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aýallar!
Melisa (Düýn, 22:17)

GELNEJEM


Gowy gosgy eken,yetirip dur👏 Biza genje mahrini görmedik dine son gepini cekyas ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Aixcam_nx (Düýn, 21:32)

GELNEJEM


Gowy goşgy eken ýetirip duruň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Sebap (Düýn, 19:47)

GELNEJEM


Şu "Gara kelleler" diýip radio oýun bar, şonam bir diňleseňizä...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Fantom (Düýn, 19:29)

GELNEJEM


Iň soňky bendi, hakyky erved degyaray...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
rexha (Düýn, 13:05)

GELNEJEM


Şol döwüriň gelnejelerem gowy bolandyr. Alla saklasyn, uruş bir bolmasyn....dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Baharyaz (Düýn, 12:55)

GELNEJEM


“Bir täsin aýdym aýdardyň Aga çalymdaş heň bilen.” Gaty agyr goşgy. Urşuň yzýanyndaky epizodlar......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | GELNEJEM
Pegas (Düýn, 12:15)

Катюша


Dan bn pastrenya aydyk suny...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Aydymcy_Jemile (Düýn, 11:30)

Катюша


Atamy ýatlatdyňyz. Sag boluň. ...dowamy...
Gutlaglar we arzuwlar | Катюша
Gulmahrem (Düýn, 10:57)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика