Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : 23 - ne cekseň zahmet 8-ne ýagar rahmet

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

In gowy gosgumdanam öň bir wagtlar yazan gosgum
 Täzeje
 Alienus [off]
 12.04.2025 / 14:12

Wiy gosgy diyipdirin gosgy dal bu...

Men ony ilki göremde "Aý, o däldirle" diyip, kän bir gözlerme ynanmadym, soňra gözümiň gytagy bilen oňatja synladym, ynanmarsyňyz edil özi... Men ony mundan iki hepde ozal telewizorda gördüm. Hawa, ol, çyndanam owadan eken. Hat-da telewizorda görenimde men onuň beýle owadanlygyna onçakly ünsem bermändirin, ony ýakyndan öz gözleriň bilen görseň dagy şeýle bir göze ýakymly, ýüzi ýagty, şeýle bir gowja, oňaýlyja, göwresem inçejik, nirä gideniňde-de ýanyňa alyp gitseň artykmaçlyk berjek gümany ýok-da. Bäh, ony nädip beýle owadan edip bildilerkän-äý? Öz-özüni mahabatlandyryp dur-da.
Häzir, ol, meniň edil gapdaljygymda dur. Men oň bilen awtobusda bile gidip barýan. Ol meni özüne şeýle bir bendi etdi welin ony barha içgin synlasym gelýär. Ähä, oňa jaň gelýär, beý-bä-ä, jaňyna gelýän sazy dagy şeýle bir üýtgeşik, beýlekileriňkä hiç meňzänok-da. Wah-h, sered-ä onuň arkasyna, heý-ý, jan-n, ed-dil meň arzuwumdaky ýaly-da... Wah, beýtme-dä-how öçürme-dä-how jaňyny gepleşiber-dä... Ony, sered-ä, gürleşmesini goýaýdy, ne gözel synlap durdum-la arkasyny...
Ýuwaş, how, agam, itelemeseňem sygýaň şu awtobusa, şofýor seni goýup gidesi ýok, olam "bir manat-bir manat" diýip gezip yör-ä. Wä-äk aýagymy ýençdiň-how, bulam adam aýagydyr-a. Pyçakdan gaçýan öküzçe ýaly... Aýagyma tep-tekiz etdi öýdýän... Aý-how, indi bir sygyşdyň-a, basman duraý-da... Aý, bula aýagymy eýerläp münäýdi-le... Onsoňam saňa şu göwräň bilen awtobusa münmek ne azaryňa diýsene, puluňa dözäge-de ýeňil maşynlaň birine münäýmeli-dä, öýüňe şemallapjyk derrew barardyň..
Heh, şu, zeýrenmeli diýse men ökde-dä, han-ha, ynsaplyň biri ýerini berdi, oturdy, azary ýok bendäň, adamçylykdyr-da, her kimem teňňejigini manat edesi gelýä-dä, herkimiňem öyi bar öwzary bar-da, "kakam gelerine" diýip çagajyklary gör nähili hokga çykaryp goýandyr kim bilýä, olaryňam çykdajysy az däldir-le, bir ýanyndanam heleýi çekelär "Hany aýlyk?" diýip. Eý, näme bu bende semizligi diläp alandyr öýdýäňmi diýsene?..
Bäh, bulam eýläk bir jiňkildedi, beýläk bir jiňkildedi, halys, seretmesin diýip edýärmikän-äy. Aý, yok-laý, men-ä seretmän durup biljek däl-ow. Wah-h arkasyny ýene bir aýlaýsa-da, ýene bir gezejik göräýsem... Wah, şul meňki bolan bolaýsady-da... Işden boş wagtlarym dagy mellege ýanym bilen alyp gidip, oňa aýdym aýtdyrdyp goýup, özümem aýdymyndan güýç alyp, galkynyp, sesine özümem goşup hiňlenip keýpine ýer depilmezmi diýsene... Wah-h, gijelerine-de ukuny unudyp her dürli oýunlaryna güýmenip daňy atyrsaň-da... Şu iýjegime-geýjegime-de harçlaman tapan pulumy şoňa sowrup oglanlaryň aralarynda aýdyşýan ýerlerine, äý, şu, girilýän ýeri bolsa, bir ýerinde girilýän zady bolsa girip günümiň bar sagadyny sarp etmezdimmi diýsene... Yzyndan sokulýan ýerine sokulýan zady sokup dagy sesini has gatydan eşitseň-dä, gulagyňam, göwnüňem heziller edäýse. Wah-h, dünýä täzeden gelerin-le men dagy...
Ýene-de oň ýanyna has-da golaýlaşdym. Indi-hä, oňa abanyp seredip başladym... Eý-waý, sen nämä yyljaraklan bolyaň-aý? Näme-ow, saňa seredýänmi men?..
Men-ä indi durup biljek däl. Ýa oýnaklap eýlesin-beýlesin elleşdirip ýyljyraklap duran eýesinden soraysammykam: "Sen şunuňy näçe diýseň diý ýöne maňa sat!" diýip?..
Eý, akmak, seň muňa ýarym ýyllyk aýlygyňam ýetesi ýok-la. Al, birden, ýetdi diýeli-dä, onsoň, ýarym ýyllyk aylygyň muňa berip ýarym ýyllabam kesek gemirmekçimi? Aý, ýok, bula bolmaýa. Men iň gowusy seretmäýin-le. Düşmeli duralgama-da ýakynlap gelýän. Hawa, iň gowusy şoňa seretmezlik...
Muňa seretsene içiň ýansyn diýen ýaly eýesi ony güjeňläp maňa gülýär-ä... A gyz gülmän dursana. Utanaňokmy maňa seredip gülmäge... Men saňa seredemok! Men o-ol eliňdäkä seredýän häliden bäri... Aý, ýok, bu gyza men almytyn bermesem bolanok. Halys ýanyma dykylyp gelip yyljyraklap ugrady. Eý, men iň gowusy şuny masgara edeýin-le...
Çydaman içimden gürlemämi goýdum-da, uly goh edip gygyryp başladym: "A gyz utanaňogam-aý, häliden bäri gürlemäýin-gürlemäýin diýýän welin bolanok! Näme şu eliňdäki telefona seredip içimden birki hyýal eden bolsam, näme sen şeýdip meň üstüme gelibermelimi, hä? Nämäňe gülýäň, samsykmyň? Ýöne ýüzüme seredip gülüp dursuň?! Herkimem alyp bilýä şu eliňdäki telefondan, menem alyp bilýän. Ýöne ýaňy birden gözüm kaklyşyp seredip duraýypdyryn. Şol telefonuň illeriňkiden näme artyk ýeri bar, hä? Asyl seň şol telefonuň gerek däl maňa, mugt berjek diyseňem! Islesem dükandan täzejesini alyp gaýdyp bilýän. Şu awtobusa münenimden bäri eliňden aýyrman gelýäň-äý! Menem seredäýipdirin, onam aňyp belli beter güjeňlejek bolup bir jaňda gürleşen bolduň, bir arkasyny aýladyň, bir eýlesin ellediň, bir beýlesin ellediň, ýanyma dagy dykylyp gelip jiňkildäp yyljyraklabam dursuň-aý... Hawa, seň şol telefonuň owadan eken-dä, göze yakymly eken-dä, göwresi inçe oňaýlyja, gowja eken-dä, bolanda näme, — jübimden öz el telefonymy çykardym-da — seret, ynha, şu telefonam wagtynda bütin dünýäni aňk eden telefon! Muňa "Nokia" diýýärler! Wagtynda bu telefona herkim-herkim ýetip bilenokdy muny kakam maňa 9-njy synpy gutarmankam alyp berdi. Baý-baý-ow, şol döwürler dagy bular ýaly telefonuň bolsa armanyň näme?! Ynha, muny bara şeýdip bar güýjüň bilen diwara ýelmäýseňem her dikgesi bir ýana pytrap gidýä ýöne baryp hemmesin ýerbe-ýer goýýaňam welin edil firmadan ýaňy çykan ýaly işläp durandyr! Ol seň eliňden düşürmän gelýän telefonuň yaly däldir. Seň bi telefonuňy diwara zyňmaga beýlede dursun eliň bilen çalaja pitikleseňem ekrany pytrap gidýär. Hawa, meň uly aýal doganymyň ortanjy oglam aldy, şu, seňki ýaly eliňe sygmaýan bir telefon. Alan gününiň ertesi günem ussa alyp gidipdirler. "Näme boldy?" diýseňem, şol aýal doganymyň ortanjy oglundan alty ýaş kiçi dört ýaşyndaky ogly agasynyň elinden telefony alyp gyzgyn çaýa batyrypdyr. Ol bir käse çaýyň dagy näme, men şu telefonum obaň ilersindäki ýabyň boýy bilen goýunlary sürüp gelýärkäm ýaba gaçdy, on-on bäş minutdan soň tapyp çykardym. Ojuk-bujuguny şo ýerde Güne serip guratdym. Gül ýaly işläp gitdi. Bu aýdyp duran zatlaryma-da köp ýyl boldy. Men o wagtlar yaňy 10-y gutaran ýyllamdy ondan soňam näme men gulluga gitdim. Gullukdakam kakam eýelik etdi bu telefona. Gelemsoň ýene maňa gaýtaryp berdi. Gullugy gutaryp gellenime-de ençe ýyl boldy-how. Şonda-da gül ýaly işläp dur häzirem, ine, görýäňmi, hä? Şeýdip haýran galyp agzyň açyp, gözüňi toý gazanynyň gapagy ýaly edip seredip galyberersiň! Bu meňki ýaly telefonlara geljek telefon barmy diýsene..!" diyip, içimi sowadyp awtobusdan düşüp galdym...
Ýöne men bir zada gaty geň galdym awtobusdan düşemsoň oň içindäkilerem, şofýorom hemmesi maňa täsin-täsin seredişip bir zaman heýkele dönüp durdular. Meñ "Nokiama" gözi giden bolaýmasa olaryň mümkin...

Alienus


75

19

3

4

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Fantom [off]
  Терпение — это ресурс исчерпаемый.
 12.04.2025 / 18:51

+0

"men şu telefonum obaň ilersindäki ýabyň boýy bilen goýunlary sürüp gelýärkäm ýaba gaçdy, on-on bäş minutdan soň tapyp çykardym. Ojuk-bujuguny şo ýerde Güne serip guratdym".

Nemedä, Obanyň ilerisi bolsa, haýsy tarapy bolýar?
Telefonyňy gaçyran badyňa almadyk bolsaň, sen bilmezlikde gaçran bolmaly. Sorag: Nädip tapdyň ony, ýabyň içinde akaryň tersine sermeläp ýörediňmi?
Telefonyň ojyk bujygy diňe şo batareýasy dämi, ýa başga ýerinem söküp bolýamydy?

"Yzyndan sokulýan ýerine sokulýan zady sokup dagy sesini has gatydan eşitseň-dä, gulagyňam, göwnüňem heziller edäýse. Wah-h, dünýä täzeden gelerin-le men dagy...".

Mbäh, _Inha fantaziýa!!! )
Menä zarýatnik sokanyň bilen telefonyň sesi gatalýar diýip sizden eşitdim!
wyý bu nauşnikdyrow, men ýalňyşypdyryn! ) )


Täzeje
Alienus  (12.04.2025 / 20:02) 

Fantom, nemeda obanyn ilersi obanyn gayrasynyn paraleli bolya bizde howwa bilman gacyrypdyr solam wiy wobsheta bu bolan zatmy senince mana sorag beryan ? ojuk bujugy bolsa hava batareyasy bolya yenede beyleki ojuk bujuk zatlary bolya


Hava nausnik yone zaryadniginede sokup bilersiniz isleseniz nausnigi gulagynyz zaryad alar belki


Özümiziňki
Fantom  (12.04.2025 / 23:58) 

Alienus, Meň soragy size berýänimiň sebäbi: "In gowy gosgumdanam _öň bir wagtlar yazan gosgum".
Men kemçilik tapçak bolup ýazammok, şo ýazylan zatlaryň ne derejede nemä sygýanyny biljek boldym.
Ileri gaýra, gün dogar gün batarmy ýa?
Siz ýazan bolsaňyz näme okaýjyňyza jogap bermäni kyn görmeli däl ahwetin!
Wakanyň bolany bolmany parhy ýok, bir zat ýazanyňda şunuň ýaly soraglar berilende jogap bermesi aňsat bolmalymyka diýýän menä...
Gaty görmäň ýöne!
Şo özüm ýazdym diýmedik bolsaňyz


Täzeje
Alienus  (13.04.2025 / 10:31) 

Fantom, "şo ýazylan zatlaryň ne derejede nemä sygýanyny biljek boldym" sol "nemanin" namedigini aydynrak edip bilermin

Ileri, gayra - gundogar gunbatar hava seylerak asyl nemesi sol hava seylerak garaz

Jogap bermegi kyn gormekden dal yone beren soragyn "nemeda" seninem "Sorag: Nädip tapdyň ony, ýabyň içinde akaryň tersine sermeläp ýörediňmi?" Okap gor ozunem neme dalmi ya senin ucin

Yok gaty gormedim bir zat yazsam gaty gormek ucin yazamok owrenmek ucin yazyan

 Betinden
 rexha [off]
  Elını ver bana bu son dansımıZ
 13.04.2025 / 01:56

+0

bashda nameka didima


Täzeje
Alienus  (13.04.2025 / 10:32) 

rexha, nameka didin

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 14.04.2025 / 08:38

+0

Indi


Täzeje
Alienus  (14.04.2025 / 13:53) 

BAYOGUL, indi gezek seninki Gurbanyn ogluna onrak yatyrypdyk sunnede


Premium
BAYOGUL [1s] (14.04.2025 / 15:19) 

Alienus, ozune menzetyanmi sunetsizdir oydup wagtynda bolduk musulman elhemdulala

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).


Baha nc...dowamy...
Söwda - satyk | TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).
Bezzat (Şugün, 20:59)

TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).


Toza...dowamy...
Söwda - satyk | TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).
Domen (Şugün, 20:39)

Lukman Hekimin maslahatlary


- Şugundyryň sykylyp alnan şiresi siňňili aýyrýar. - Yşgyny sirkä garyp çalsaň, ýüzüňdäki menekleri we deriniň tegmillerini aýyrýar. - Böwürsleni...dowamy...
Saglyk | Lukman Hekimin maslahatlary
Vera_ (Şugün, 19:31)

Jayy jennetde bolsun


Qiwi dine Russiyada yapyldy, i to sentrbank litsenziyasyny aldy, galan yerde ishlap dur...dowamy...
Söwda - satyk | Jayy jennetde bolsun
AnSeBox (Şugün, 18:31)

Akylly Ýanýoldaş


netije berenoga herhili edip aýdyp görýän...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
gizem-avjisi (Düýn, 18:53)

Adyny siz tapyñ


83lik Änewiň awtobusy...dowamy...
Degişmeler älemi | Adyny siz tapyñ
Soho (Düýn, 18:41)

Akylly Ýanýoldaş


Gapdalynda "senem şu öýde ýaşaýaň ezizim" diýip ýazmandyrmy, arassaçylyk diňe zenana baglymyka!?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Soho (Düýn, 18:40)

KONFERENSIYA


Konf gurnaly gowy pikir kop wagt bari gurnalanok...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
BAYOGUL (Düýn, 17:53)

KONFERENSIYA


Iñ soñuny boş geçirmek diyip okapdyryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Kerim-98 (Düýn, 17:51)

Akylly Ýanýoldaş


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Sebap (Düýn, 17:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика