Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Karanliktan korkardim ama siz beni geceýe aşik etdiniz

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýüregiň emri (Tibet tymsaly)
 Gytyndan
 Sebap [off]
 13.04.2025 / 19:21
 Lekum dinukum we liýe din

Öňde-de bir garry kempir syrkawlap, uzak wagtlap düşekde ýatypdyr. Onuň halyny soramaga dogan-garyndaşlary yzly-yzyna gelipdirler, uzak ýerlerde ýaşaýan ogly welin gara bermändir.

— Ol nädip gelsin, töwerek-daşy gar basyp ýatyr ahyryn — diýip, kempir ogluny aklapdyr. — Ine, gyş geçip, daglaryň gary erär welin, oguljygym hökman geler. Onuň meniň halymyň teňdiginden habaram ýokdur, görseňiz.

Hakykatdanam, gyşyň şeýle aýazly günlerinde ýurt aşyp gelmeg-ä däl, sähel aralyga-da çykar ýaly däldigine obadaşlarydyr garyndaşlary düşünseler-de, oglana ejesindenem beter garaşypdyrlar.

Aradan birnäçe wagt geçýär. Howanyň maýlamagy bilen garrynyň haly-da kem-kem gowulaşýar. Soňlugy bilen-ä aýaga-da galyp gidýär. Ine, şol günlerde onuň alys ýerlerde ýaşaýan ogly bir ýerlerden çykýar.

— Seniň ýagdaýyň barada eşitdim, ýöne dag ýodalaryny gar basyp, aýazdan ýaňa ýola çykar ýaly bolmady. Şonuň üçinem bahara çenli garaşmaly boldum — diýip, ogly ýagdaýy düşündiripdir. Ejesi bolsa oglunyň gelenine begenjinden ýaňa, ýeke agyz söz sözlemän, balasyny bagryna basyp oturypdyr.

Şol gün kempir oglunyň gelmeginiň şanyna sadaka beripdir. Üýşmeleňde obadaşlary oglanyň, hakykatdan-da, gelmäge ýagdaýynyň bolmandygy barada gürrüň edipdirler. Şonda ýaşulularyň biri şeýle wakany gürrüň beripdir:

— Ýaş wagtlarym, gyşyň aňzagynda obamyzyň çetinde, dagyň eteginde mal bakyp ýördüm. Birdenem belentdäki dag ýodasyndan aşaklygyna düşüp gelýän gojany görüp, gözlerime ynanmadym. Bu jelegaýlara nädip gelip bilendigini soranymda, surnukdyryjy ýol zerarly halys ysgyndan gaçan goja: «Şu obada ýalňyz aýal doganym ýaşaýar, şony görmäge dagyň aňyrsyndan geldim» diýip jogap berdi. «Şu ýaşda, şu howada töwekgelçilik edip, beýle uzak, kötel ýola nädip çykyp bildiňiz?» diýip soranymda goja: «Bu ýere ilki bilen ýüregim geldi. Maňa bolsa uýajygymyň obasyna bu garry göwrämi aşyraýmak galdy» diýdi-de, ýoluny dowam etdirdi.

Garrynyň ogly bu gürrüňi bir gyrada diňläp oturyşyna, ejesidir obadaşlarynyň ýanynda aýaz, ýoluň kynçylygy barada aýdanlary üçin diýseň utanyp, ýüzüni aşak salaýypdyr.

Tymsalyň manysy: Hemişe ýüregiňi diňläp, töweregiňdäkilere üns-aladaňy gysganmasaň, hiç haçan ädilen ädim, geçilen ýol üçin ýüzüňi gyzartmaly bolmarsyň. Ýüregiň emri bolsa ynsana islendik kötelliklerden aşmaga-da güýç tapyp berýär.

Rus dilinden terjime eden Bagtyýar ÇARYÝEW,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky şahamça müdiri.


29

11

2

1

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 14.04.2025 / 08:37

+0

Gyzykly eken


Gytyndan
Sebap  (14.04.2025 / 13:17) 

BAYOGUL, aha

 Täzeje
 SeVgiLiM [off]
 14.04.2025 / 10:39

+0

Niýetinde ýok adama bahana köp


Gytyndan
Sebap  (14.04.2025 / 13:17) 

SeVgiLiM, hakyky isleseň hemme zat edip bolýar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).


Baha nc...dowamy...
Söwda - satyk | TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).
Bezzat (Şugün, 20:59)

TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).


Toza...dowamy...
Söwda - satyk | TikTok akkaunt satlyk (monetizatsiýaly).
Domen (Şugün, 20:39)

Lukman Hekimin maslahatlary


- Şugundyryň sykylyp alnan şiresi siňňili aýyrýar. - Yşgyny sirkä garyp çalsaň, ýüzüňdäki menekleri we deriniň tegmillerini aýyrýar. - Böwürsleni...dowamy...
Saglyk | Lukman Hekimin maslahatlary
Vera_ (Şugün, 19:31)

Jayy jennetde bolsun


Qiwi dine Russiyada yapyldy, i to sentrbank litsenziyasyny aldy, galan yerde ishlap dur...dowamy...
Söwda - satyk | Jayy jennetde bolsun
AnSeBox (Şugün, 18:31)

Akylly Ýanýoldaş


netije berenoga herhili edip aýdyp görýän...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
gizem-avjisi (Düýn, 18:53)

Adyny siz tapyñ


83lik Änewiň awtobusy...dowamy...
Degişmeler älemi | Adyny siz tapyñ
Soho (Düýn, 18:41)

Akylly Ýanýoldaş


Gapdalynda "senem şu öýde ýaşaýaň ezizim" diýip ýazmandyrmy, arassaçylyk diňe zenana baglymyka!?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Soho (Düýn, 18:40)

KONFERENSIYA


Konf gurnaly gowy pikir kop wagt bari gurnalanok...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
BAYOGUL (Düýn, 17:53)

KONFERENSIYA


Iñ soñuny boş geçirmek diyip okapdyryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | KONFERENSIYA
Kerim-98 (Düýn, 17:51)

Akylly Ýanýoldaş


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Akylly Ýanýoldaş
Sebap (Düýn, 17:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика